Merw daýhan birleşigi: tigir talaňçylygy oba ýaşaýjylaryny köseýär

Illýustrasiýa suraty

Baýramaly etrabynyň Merw daýhan birleşiginde welosiped ogurlygy we talaňçylyk hadysalary artýar. Talanmak gorkusy ýerli ýaşaýjylarda alada döredýär. Kä halatlarda ekerançylyk meýdanlaryna ideg etmek üçin gijäniň garaňkysynda ‘potrada’ gatnamaly bolýan käbir daýhanlar gije köçä çykmakdan howatyr edýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysy 23-nji fewralda habar berdi.

Daýhan birleşigiň ýaşaýjylary şu günler tigir talaňçylarynyň salýan wehiminden gorkup, gije suw tutmak üçin ‘potrada’ gitmekden çekinýär.

Degişli maglumat Maryda talaňçylyk wakalary köpelýär, ilatyň işigindäki goşlary ogurlanýar

“Obada gün ýaşandan soňra köçä çykmak gorkunç boldy. Soňky birnäçe günüň içinde 7-8 adamyň welosipedi talanyp, ellerinden alyndy. Olar öz kärende ýerlerinden öýlerine gaýdyp gelýärkäler, obanyň çetinde 2-3 sany nätanyş adam tarapyndan talanypdyr” diýip, bir oba ýaşaýjysy Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

Onuň sözlerine görä, tigirlerini ellerinden aldyran adamlaryň ählisiniň ýaşy 40-dan geçen adamlar. Ýerli ýaşaýjylar tigir talaňçylarynyň göz-görtele adamlaryň üstüne topulyp, sürüjileriň tigirlerini zor bilen alýandyklaryny aýdýarlar.

Bir ýerli ýaşaýjynyň sözlerine görä, oba polisiýasy ýa-da ‘uçastkowoý’ tigir talaňçylygyna dur diýip bilmeýär.

Habarçymyz bilen söhbetdeş bolan bir daýhan adam garaňky gatlyşandan soňra duçar bolan talaňçylygyny gürrüň berdi. Daýhanyň sözleri tigir talaňçylygynyň gerimini we bu meselede ilatyň çäresizligini açyp görkezdi.

Kärende ýerinde bugdaýa suw tutup, çala garaňky gatlyşandan soňra, garbak-gurbak edinmek üçin öýüne dolanan daýhan ýol üstünde üç sany nätanyş tarapyndan talanýar.

“Men çala garaňky gatlyşandan soňra, garbanmak üçin gumly ýoldan öýe barýarkam üç sany oglan meni ýolda saklady. Olar meni itekläp, ýykyp welosipedimi elimden aldylar. Men olara hiç hili garşylyk görkezip bilmedim. Meniň elimden pil bardy, ýöne men ol pil bilen olaryň birine şikes ýetirmekden gorkdum. Sebäbi olaryň birine şikes ýetirsem, hökümet meni günäkärläp basardy” diýip, 40 ýaşlaryndaky oba ýaşaýjysy gürrüň berdi.

Geň ýeri, maglumatdan çen tutulsa, Merw daýhan birleşiginde tigir talaňçylary däl, tigirleri talanýan adamlar jenaýat jogapkärçiligine çekilmekden gorkýar.

Degişli maglumat Aşgabatda ogurlyk we adamlaryň öldürilmegi bilen bagly hadysalar köpelýär

“Meni itekläp ýykanlarynda gumuň üstüne togalandym. Tenime şikes ýetmedi. Ýöne egnim agyrdy. Öýe baryp inilerime aýtdym, olar köçelere aýlanyp, tigir talaňçylaryny gözlediler, ýöne tapyp bilmediler. Oba polisiýasyna jaň etdik. Ol hem ertir habarlaşaryn diýdi. Ýöne soňra habarlaşmady” diýip, oba ýaşaýjysy gürrüň berdi.

“Welosiped ogurlygy beterleşdi” diýip, 40 ýaşlaryndaky daýhan aýtdy.

“Uçastkowoý yzyna aýlamady. Şeýdip hem men tigirsiz galdym” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Ýerli ýaşaýjylar ogurlyk hadysalarynyň köpelmegini işsizlik we azyk ýetmezçiligi bilen düşündirýärler.

“Maşgalasyny eklemek üçin her hili ýoly saýlap almaly bolýan adamlar bar” diýip, beýleki bir ejir çeken habarçymyza gürrüň berdi.

Merw daýhan birleşiginde ýaşy 40-dan geçen adamlar tigirlerini taladyp, ogurlykdan kösenýän mahaly, şu günler ýurtda prezidentlik saýlaw möwsümi dowam edýär. Ýokary döwlet wezipesine dalaşgär ýaşy 40-dan geçen dokuz resmi şu günler ýurtda saýlaw kampaniýalaryny alyp barýarlar. Ýöne olaryň hiç haýsy özleriniň saýlaw wadalarynda ýurtda ogurlyk hadysalarynyň soňuna çykmagy, sosial problemalary çözmegi wada bermeýär. Dalaşgärler ilata berýän wadalarynda ogurlyk hadysalarynyň, sosial meseleleriň çözgüdini agzamaýarlar.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary ýurtda ýaramazlaşan durmuş-ykdysady kynçylyklaryň arasynda ýurduň dürli sebitlerinde ýokarlanýan ogurlyk we jenaýat hadysalary barada yzygiderli habar berýärler. Döwlet media serişdeleri ýokarlanýan jenaýat hadysalary barada habar bermeýär. Ýurduň Içeri işler ministrligi jenaýat hadysalary boýunça statistiki maglumatlary köpçülige mälim etmeýär.

Baýramalynyň Merw daýhan birleşigi ÝUNESKO-nyň sanawyna girizilen taryhy galalaryň goalýynda ýerleşýär. Gäwürgala, Erkgala, Soltangala, Şahriýar gala, Şaýym gala we Hoja Ýusup Hemedanynyň aramgähi ýaly ýadygärlikleriň tas ählisi häzirki Merw daýhan birleşiginiň töwereklerinde ýerleşýär. Seljuk türkmen döwletiniň iň soňky hökümdary Soltan Sanjaryň mawzoleýi hem bu daýhan birleşigiň golaýynda ýerleşýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.