Nesilden nesle geçýän dissidentler ýurdy. SSSR dargamazynyň öňüsyrasynda, respublikalardaky milli hereketler. Türkmenistan

Türkmenistan dünýäniň iň ýapyk ýurtlaryndan biri hasaplanýar. Häzirki wagtda respublikada birinji we ikinji prezidentleriň şahsyýet kulty döredildi, hiç hili syýasy oppozisiýa we garaşsyz metbugat ýok. Az sanly hökümeti tankytlaýanlaryň köpüsi türmede ýa-da ýurtdan daşarda ýaşaýar. Ýöne mydama beýle bolmandy. Perestroýka döwründe, gysga wagt içinde Türkmenistanda birnäçe resmi däl hereketler ýüze çykdy, respublikanyň ýaşaýjylary hökümet binalarynyň öňünde ýygnanyşyk geçirýärdiler, demokratiýalaşmagy talap edip, açlyk yglan edýänler bardy we jemgyýetçilik pudagynda tankydy pikir alyşmaga mümkinçilik tapýardylar. Esasy zatlardan biri, dissidentler kitaplary we makalalary senzurasyz neşir etmek mümkin bolandygyny ýatlaýarlar.

Häzirki zaman telekanaly SSSR-iň dargamagynyň 30 ýyllygy mynasybetli öňki Sowet respublikalarynda milli hereketler, olaryň öz ýurduň taryhyna ýetiren täsiri barada, ýörite proýekt taýýarlady, olaryň ýüze çykmagy perestroýka başlandan soň mümkin bolupdy.

"Biz bir ýyla golaý senzurasyz ýaşadyk"

1980-nji ýyllaryň ortalarynda Mihail Gorbaçýowyň Sowet Soýuzynda yglan eden perestroýka we aýdyňlyk döwrüniň başlanmagy bilen SSSR-iň köp respublikalarynda, garaşsyzlyk ugrundaky hereketler ýüze çykdy. Döwlet işgärlerini aç-açan tankytlamaga mümkinçilik döredi. Türkmenistanyň ýolbaşçylary Moskwanyň täze syýasatyna uzak wagtlap garşy çykan hem bolsalar, respublikanyň ýaşaýjylary öz erkinliginiň käbir böleklerini ele alyp bildiler.

Halmyrat Söýünow Türkmenistanyň Ýokary Sowetiniň öňki deputaty hem-de Türkmenistanyň internasional-esgerleriniň ýolbaşçysy. Häzirki wagtda Şwesiýada ýaşaýar. Gorbaçýowyň häkimiýet başyna geçmegi bilen köp adama ýurtda oňyn özgerişlere umyt oýandy diýip, ol aýdýar:

“Bu uzak ýyllaryň dowamynda Syýasy býuroda oturan garrylaryň durguşan batgalygyndan soň, tutuş Sowet halky üçin täzelik boldy. Perestroýka başlandy. Her kim özünde bar bolan gul duýgusyny damja-damja gysyp çykarmalydy. Munuň özi adamlary, aýratyn-da ýaşlary ruhlandyrdy. Biz ol üýtgeşmelere ynanýardyk, şol sanda Türkmenistan hem. Ýöne biz Moskwadan aýdylýan çagyryşlardan, gaty haýal barýardyk”.

Ýurtdaky ilkinji jemgyýetçilik hereketlerinden biri Türkmenistanyň internasional-esgerleriniň Geňeşi boldy. TSSR-iň birnäçe müň ýaşaýjysy owgan söweşini başdan geçirdi. Söýünowyň aýtmagyna görä, owgan söweşine gatnaşanlara ýeňillikleriň tölenmeginde uly kynçylyklar döräpdir. Kimleri rus dilini gowy bilmeýärdi, kimdir öz maýyplygy sebäpli býurokratiýa bökdençliginden geçip bilmeýärdi. Söýünow ilki başda ýoldaşlaryna kagyz işlerinde kömek etdi, soň bolsa kömege mätäç adamlar köpelip başladylar.

“O wagtlar men rus dilini gowy bilýärdim, arzalary nädip ýazmalydygyny, dokumentleri taýýarlamagy bilýärdim. Adamlar töweregime jemlenip başladylar. Men ýekelikde zat çözüp bolmajagyna düşündim. Adamlar biziň bir zatlar edýändigimizi gördüler. Biz Gyzylarbadyň köçelerine uruşda wepat bolanlaryň atlaryny dakyp başladyk. 13 adamyň hemmesine köçeleriň we mekdepleriň ady bilen hormat goýuldy. Soňra bu tejribe tutuş respublika-da ýaýrady” diýip, Söýünow gürrüň berýär.

“Internasional-esgerleriň Geňeş bölümleri Türkmenistanyň dürli şäherlerinde açylyp başlandy. Bu iş meni syýasata gelmäge mejbur etdi – diýip, Söýünow aýdýar: – Men hiç haçan ol ýerde öz meýlime bolmazdym. Ýöne şeýle boldy. Oglanlaryň hukuklaryny goramalydy”. Şeýlelikde, ol Türkmenistan SSR-iň Ýokary Sowetine deputatlyga öz kandidaturasyny hödürlemek kararyna gelýär.

Türkmen ýazyjysy, žurnalist hem dissident Ak Welsapar perestroýkadan ozal öz materiallaryny çap etdirip bilmändir. Ol çaga ölümi, ýurtdaky açlygyň derejesi we Türkmenistanyň ekologiýa meseleleri barada ýazdy. Onuň goşgularyny hem hekaýalaryny çap etmekden ýüz öwürdiler. Perestroýka başlanmagy bilen Welsaparyň materiallary respublikan we Bütinsoýuz gazetlerinde peýda bolup başlaýar.

Ak Welsapar

"Meniň üçin o döwür ajaýyp pursat boldy. Men ýazyjy hem žurnalist hökmünde bagtlydym. Söz azatlygy bolmasa ýurtda tertip-düzgün bolmaz. Perestroýkanyň başlanmagy bilen biz ahyrsoňy durmuşymyzyň gündelik wawwaly hem derwaýys meseleleri hakda ýazmaga we gürleşmäge mümkinçilik tapdyk. Biz ahyrsoňy öň gadagan edilen temalar barada ýazyp bildik. Bu zatlar hakda men öňem ýazjak boldum, ýöne hiç bir gazet-žurnal ýa-da kanal beýle materiallaryň geçmegine ýol bermedi" diýip, Welsapar aýdýar.

Ak Welsapar perestroýkadan öň proza eserlerini senzuraçylaryň mydama gysgaltmaga synanyşandygyny, özüne ‘Sowetlere garşy’ diýlendigini ýatlaýar. Welsapar öz eserleriniň biri "Gawunkellede", düme goraýan ýetginjek Annaly hakda gürrüň berýär. Kolhozyň başlygy başganyň zähmetine ýetişen gawun-garpyzlary satmak üçin almaga geleninde, ýetginjek onuň döşüne goşa nili diräp, ony ogurlykda aýyplaýar.

“Maňa ol sowet ýetginjegi däl, bu sowet hakykaty däl, eýsem kolhoz başlygy ogurlyk edermi diýdiler. Menem olara, hawa, ogurlaýar, onda-da nähili ogurlamak diýdim. Şonda senzura bar zady kesdi” diýip, ol aýdýar. Soň bu romana baýrak berildi, ýazyjy eserini neşir edilmek üçin göreşdi.

Nähili-de bolsa, 1980-nji ýyllaryň ahyrynda senzuranyň gowşandygyna garamazdan, Türkmenistanda perestroýka we aýdyňlyk doly ösüp bilmedi. "Hut şonuň üçinem Türkmenistanda perestroýka döwri diýseň gysga boldy. Gorbaçýow 1990-njy ýylda sowet senzurasyny düýbünden ýatyrdy. Biz bir ýyla golaý senzurasyz ýaşadyk. Žurnalistler hem ýazyjylar gaty gysga wagtlap erkin dem alyp bildiler. Nyýazow ýurduň özygtyýarlylygyny diňe yza gaýtmak üçin ulandy" diýip, Welsapar aýdýar. 1991-nji ýylyň fewral aýynda häkimiýetler senzurany resmi taýdan yzyna getirdiler.

"Dükana girseňrus dilinde gürlemeli” Dil hem din

Sowet Türkmenistanynda mekdepde türkmen dilinde okamak mümkindi, oba ýerlerinde köpler türkmen dilinde gürleýärdiler. Ýöne milli diliň durumy hem derejesi respublikada köp äsgermezçilige duş gelýärdi diýip, ýazyjy hem žurnalist Hudaýberdi Hally aýdýar.

“Türkmenleriň aglaba köpüsi oba ýerlerinde, şäherlerde esasan rus dilliler ýaşaýardy. Ähli döwlet we durmuş aragatnaşygy rus dilinde alnyp barylýardy. Magazine girseň – rus dilinde gürlemeli. Awtobus duralgasy – barysy rus dilinde. Iň kyn ýeri poliklinikalar bilen baglanyşykly. Milletiň esasy bölegi rus dilini bilmeýär ahyryn. Meniň aýal doganym çagalary ýarawsyz bolanda, öz ýany bilen doktora barmagymy özelenip haýyş ederdi, sebäbi ol rus dilinde gürläp bilmeýärdi. Garyp millet mydama utulýardy” diýip, Hallyýew gürrüň berýär.

SSSR-iň, şol sanda TSSR-iň bilim ulgamy, umuman, sosial deňsizligi saklamak we ýerli ilatyň mümkinçiliklerini çäklendirmek üçin gurlandy. Ýokary okuw jaýlaryna girmegi, medisina kömegini almagy we ýokary hünärli iş orunlaryna ýerleşmegi diňe rus dilini bilýänler başarýardy. Käbir türkmen dilçileri şeýle çäreler sebäpli türkmen diliniň ýakyn wagtda bütinleý ýok bolup gitmeginden alada galýardylar.

Türkmen döwlet uniwersitetiniň matematika fakultetiniň 2-nji kursunyň studentleri leksiýa mahalynda. 1977-nji ýylyň iýuny.

“Men Maryda okadym. Her etrapda bir ýa-da iki rus dilindäki mekdep bardy, galanlary türkmen mekdepleridi. Ýöne kynçylyk başga zatda. Mekdebi gutaran badyňa türkmen dili hem gutarýar. Ähli ýokary okuw jaýlary eýýäm rus dilinde barýar. Bu bilim ulgamynyň nädogry gurluşydy. Düýnki obaly ýetginjegi materiallaryň ählisini özleşdirer ýaly, sähel salymda nädip rus dilini ýokary derejede bilýäne öwrüp boljak? Eger käbir respublikalarda ýokary okuw jaýynda haýsy dilde okamalydygyny saýlamak mümkin bolsa, Türkmenistanda saýlamaga zat ýokdy" diýip, Ak Welsapar aýdýar.

Gazetlerdäki we telewideniýedäki materiallaryň köpüsi rus dilindedi: filmler, konsertler, dokumental filmler, ideologiýa programmalary we habarlar rusçady. Ak Welsapar birnäçe ýyl türkmen telewideniýesinde işlänsoň, milli dilde esasan oba hojalygy, ýagny "türkmen pagtaçylarynyň leninçilik baýdak astynda gahrymançylykly çekýän zähmeti" hakda gepleşik berilýändigini ýatlaýar.

Tagtabazar raýonynyň Kirow adyndaky kolhozynyň pagta taýýarlaýyş bazasy. 1986-njy ýyl.

Şol bir wagtyň özünde türkmen ýazyjylarynyň we medeniýet işgärleriniň eserleri çap edilýärdi hem ýaýradylýardy. Dükanlarda meşhur türkmen filosofy we şahyry Magtymgulynyň, Seýdiniň, Keminäniň, Abdysetdar Kazynyň we beýlekileriň kitaplaryny satyn almak ýa-da okalgalardan almak mümkindi. Şol serişdeleriň kömegi bilen Hudaýberdi Hally ýazyjy bolandygyny aýdýar.

"Uniwersitete gidýänçäm, kolhozda işledim. Ol ýerde sen diňe gul ýaly işlemeli. Kitapdan başga güýmenje ýokdy. Başga etjek zadyň ýok, seni hiç kim aýnatmaýar, men esasan türkmen dilinde okaýardym. Mende ýazmak arzuwy – ýazyjy bolmak höwesi döredi. Men özümi şol işlän günlerimiň, şol duşan adamlarymyň şaýady saýýan. Olar sada adamlardy, örän mähirlidi, ruhlary arassady. Meniň muny aýdasym geldi" diýip, Hallyýew aýdýar.

Mekdepde türkmen dilinde okap, dil öwrenmek mümkin bolsa, häkimiýetler respublikanyň ýaşaýjylarynyň dine ynanmagyna garşy göreşmäge synanyşdylar. Häzirki wagtda Türkmenistanda esasan yslam dinine uýýarlar. Sowet döwründe respublikada metjitleriň hemmesini diýen ýaly ýykdylar, diniň özüni bolsa köpçülik ýerlerinden aýyrmaga synanyşdylar. Gadaganlyklara garamazdan, adamlar Gurhany gizlin öwrenýärdiler hem Gurban baýramy, Oraza baýramy ýaly dini baýramlary belleýärdiler.

Oktýabr rewolýusiýasynyň baýramçylygynda, ýaş bagşylaryň bäsleşigi. Arkada hiňňildik görünýär.

"Adamlar öz öýünde – maşgalasynda musulman dini däp-dessurlaryna hormat goýýardylar. Munuň üçin adamlara metjit gerek däldi. 1980-nji ýyllarda Nyýazowyň özi däp-dessurlara garşy göreş alyp bardy. “Kommunistik partiýanyň ýolbaşçylary gelip, myhmanlar üçin atarylan uly gazanlary nädip agdarýandygyna özüm şaýat boldum. Şo wagtlar birnäçe maşgala birleşip, nahar taýýarlaýardylar. Ol naharyň guma garylanyny görmek gaty gynandyryjydy. Gurban baýramy döwründe beýik hiňňildikleri ýykýardylar" diýip, Ak Welsapar gürrüň berýär.

Halmyrat Söýünowyň maşgalasy hem dini gysylyşlara sezewar bolupdy. Onuň kakasy pars filosofy we alymy Ibn Sinanyň eserlerini, Gurhany asyl nusgasyndan okapdyr we tebipçilik bilen meşgullanypdyr. "Ol bütin ömrüni adamlara kömek etmäge bagyşlady" diýip, Söýünow aýdýar. Çagalykda Gurhany jemlenip okaýandyklaryny, ulularyň penjireleri nädip ýapýandyklaryny ýada salýar. Otagdaky ýeke-täk ýagtylyk kerosin çyrasydy.

"Kakam süreleri arap dilinde okaýardy. Beýlekiler bolsa şol aýatlary gaýtalap, Gurhany öwrenýärdiler. Muny kimdir biriniň görmeginden Hudaý saklasyn. Soň milisiýa adamlary alyp gidýärdi, onuň netijesi gaty erbet boldy" diýip, Söýünow ýatlaýar.

Ak Welsapar esasy dini baýramçylyklar ýakynlaşan badyna, partiýa dine garşy propagandanyň ýaýbaňlandyrylmagyny talap edendigini aýdýar.

"Dine garşy makalalar gazet-žurnallarda yzygiderli çykýardy. Biziň ýolbaşçylygymyz hemişe: şu-şu ýerlerde din wekilleriniň hereketi güýçlenýär, muňa üns beriň şekilli görkezmeler alýardy. Elbetde, olar ýaly ýere iň sesi gaty žurnalistleri iberýärdiler, olar bolsa şoňa degişli gepleşik guraýardy. Din wekilleri satiriki žurnallara düşýärdiler hem dürli tarapdan masgara edilýärdiler" diýip, ol aýdýar.

Her näme-de bolsa, musulmanlar merhumlaryny yslam däplerine görä jaýlamagy dowam etdiripdiler. "Her obada jynaza dessurlaryny ýerine ýetirip bilýän molla bardy. Adam jaýlamak berk dini dessur esasynda geçirilýärdi. Şol wagtyň özünde respublikada hristian we raýat ýas çäreleri-de geçirilerdi. Häkimiýetleriň doly boýun egdirip bilmeýän ýeke-täk zady – ölüm" diýip, Welsapar ýatlaýar.

"32-nji jemgyýetçilik guramasy”: ilkinji garaşsyz syýasy hereket

1989-njy ýylyň birinji sentýabry. "Bilim" jemgyýetiniň Aşgabatdaky zalynda, Kommunistik partiýanyň agzalary deputat Geldi Akmämmedowy öňe çykardylar. Ol mejlis zalynyň sahnasyndan, ýarym sagat gowrak wagtlap, türkmen intelligensiýasynyň onlarça soragyna jogap bermäge synanyşdy. Näme üçin ýurtda resmi däl guramalar ýok? Näme üçin perestroýka tutuş SSSR-de güýçli depgin bilen dowam edýär, ýöne Türkmenistanda däl? Näme üçin türkmen dili gysylýar? Näme üçin çaga ölümi ýokarlanýar? Näme üçin problemalary çözmeýärler? Näme üçin adalat ýok? Deputat bu soraglara jogap berip bilmedi. Zalda onlarça ýazyjy, žurnalist we medeniýet işgäri ýeke galdylar.

"Men ýerimden turup, şeýle diýdim: respublikada problema gaty köp. Biz ýöne şeýle dargap bilmeris. Geliň, prezidium saýlalyň diýip, bäş ýa-da ýedi at görkezdik. Deputatyň ýaňyja bolan sahnasynda ady tutulanlar peýda boldular, ýöne olar intelligensiýa wekilleridi. Munuň bary birden döredi” diýip, Ak Welsapar ýatlaýar.

Şeýlelikde, Türkmenistanda "Türkmen dilini goramak jemgyýeti" emele geldi. Soňlugy bilen ol respublikada we onuň çäklerinden daşarda "Agzybirlik" ady bilen tanalýar. Onuň düzümine ýazyjylar hem žurnalistler Ak Welsapar, Nurberdi Nurmämmedow, Hudaýberdi Hallyýew, Bapba Gökleň, Şiraly Nurmyradow we başgalar girdiler. Herekete gatnaşyjylar türkmen diliniň we medeniýetiniň gaýtadan dikeldilmegi, raýat jemgyýetiniň rolunyň ýokarlanmagy, respublikanyň özygtyýarlygynyň giňelmegi we stalinçilik syýasata garşy çykyş etdiler. Olar TSSR Kommunistik partiýasynyň Merkezi Komitetiniň şol wagtky birinji sekretary Saparmyrat Nyýazowyň hökümetiniň alyp barýan syýasatlaryna garşy miting guradylar.

Hereketi tankytlaýanlar oňa gatnaşyjylary milletçiler diýip atlandyrdylar. "Agzybirlige" goşulanlar KGB tarapyndan soraga çagyryldy.

“Agzybirlik” hereketiniň agzalary

Ýazyjy Hudaýberdi Hallyýew "Agzybirligiň" egindeş başlygy boldy. Ol gurama döräýen pursadynda, şeýle hereketi döretmek meselesiniň eýýäm hyýalda bolandygyny aýdýar: "Men halkymyzyň betbagtçylygyny görýärdim. Çaga ölüm derejesi SSSR-de bizde iň ýokarydy, göwreli aýallaryň ölüm derejesi-de ýokarydy, açlyk, türkmen diliniň gysylmagy – bulara jemgyýetçilik talapy bardy."

Hereketiň agzalary her hepdede duşuşmagy gepleşýärler. "Her gezek ol ýere baranymyzda: adamlar ýygnanarmy – ýygnanmazmy diýip, ýüregim syzlaýardy. Ýöne barýardylar. Biz azlykdyk, KGB öz wezipesini ýerine ýetirýärdi" diýip, Ak Welsapar aýdýar.

Aşgabat şäheriniň "Bilim" jemgyýeti ikinji ýygnanyşykda, "milletçileri" zal bilen üpjün etmekden ýüz öwürdi. Birnäçe ýygnanyşyk onuň gapysynda ýa howlusynda geçdi. Tizara bu herekete gatnaşyjylar Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen ylalaşyp bildiler. Olara ýygnanmaga ilki ýerzemin, soň bolsa ýygnak geçirer ýaly otag berildi. "Agzybirlik" gyzyklanyjylaryň toplumy hökmünde ýygnanýardy. Hasaba alyş kitabynda "Jemgyýet 32" hökmünde hasaba alyndy. Agzybirlik ýarym hukuk statusynda birnäçe ýyl hereket edip bildi.

Hereket tarapyndan gurnalan ilkinji köpçülikleýin çäreleriň biri, 1881-nji ýylyň 12-nji ýanwarynda, Russiýa imperiýasynyň goşunlary tarapyndan, Türkmenistanyň territoriýasyny basyp alanynda, gurban bolanlaryň ýas gününi hatyralamak boldy. Ýas çäresini söweşiň geçen ýerinde – Gökdepe galasynyň eteginde geçirmek karar edildi. Dürli çaklamalara görä, ol söweşde takmynan 10000 türkmen ölendir diýilýär. Sowet häkimiýetleri bu çäräniň öňüni almaga synanyşdylar.

“12-nji ýanwarda çagalaryň mekdeplerde, ýaşlaryň okuw jaýlarynda, işçileriň iş ýerlerinde saklanjakdygy barada maglumat aldyk. Şonuň üçin ýörişi 14-nji ýanwara – ýekşenbe gününe geçirdik. Ýörişden bir gün öň Içeri işler ministrliginiň wekilleri, KGB we käbir jemgyýetçilik işgärleri telewideniýede çykyş etdiler. Olar bize ekstremist diýdiler, biz, hamana, Gökdepe galasynda bidüzgünçilikler gurmaga synanyşýarmyşyk, biz kapitalizmiň agentleri bolanymyz üçin, SSSR-i ýykmak isleýärmişik. Şeýle hem çeşmeler biziň atyljakdygymyzy-da aýtdy. Agyr ýagdaý emele geldi. Emma biz, “Agzybirligiň” ýolbaşçylygynda, gitjekdigimize ant içdik, eger ölsek, öz ölümimiz bilen adamlaryň bu güni bellemegine ýol açarys diýen karara geldik” diýip, Ak Welsapar gürrüň berýär.

“Agzybirligiň” agzalary 1990-njy ýylyň 14-nji ýanwarynda Gökdepe galasynyň Hatyra gününe jemlendiler.

Welsapar ýöriş güni Gökdepä barýan ýollaryň ugrunda ähli ýerde Içeri işler ministrliginiň we KGB-niň işgärleriniň bolandygyny ýada salýar. Şol gazaply gözegçilik astynda-da, adamlar Gökdepe galasyny goramak ugrunda wepat bolanlary hatyralamak üçin gidipdiler. "Agzybirligiň” hasabyna görä, ýörişe birnäçe müň adam gatnaşypdyr, ýöne köpçülige aýan bolan resmi maglumat ýok. Soňky ýyllarda häkimiýetler bu hereketiň guramaçylygyny öz ellerine alyp, hatyra gününi özleri gurap başlarlar.

1991-nji ýylda bellenen Hatyra gününiň öň ýanynda

"Agzybirligiň” ýolbaşçy toparyndan ol ýörişe gatnaşmadyk ýeke adam Hudaýberdy Hallyýew boldy. Munuň üçin ýoldaşlary ony ýörite gulluklar bilen hyzmatdaşlykda şübhelenýärler. Hallyýewiň özi bu aýyplamalary düýbünden inkär edýär. Özüniň gatnaşmadygyny ol Türkmenistanyň tire-taýpa gurluşy bilen düşündirdi: “Men barada olar düýpden aýry taýpadandygymy gürrüň etdiler, men keseki biri bolup, indem Gökdepede ölenleriň hatyrasyna ýaş mitingini gurmagy teklip edýärmişim. Soňundan gep-gürrüň bolmaz ýaly, şol gün gatnaşmazlygy makul bildim. Ýöne galan çäreleriň ählisine gatnaşdym".

Soňky ýyllarda “Agzybirlik” Saparmyrat Nyýazowyň barha artýan kultuna garşy gürrüňdeşlikleri, diskussiýalary, ýörişleri we beýleki çäreleri gurady. Häkimiýetler tarapyndan jemgyýetçilik tankytlaryna rugsat berilmese-de, Hereketiň agzalary kitaplary we tankydy makalalary çap etdiler. Türkmenistanda aýratyn ýiti durýan meseleler boýunça materiallara senzura ýol bermänsoň, olar “Moskowskiýe nowosti” ýa-da “Literaturnaýa gazeta” ýaly, umumysoýuz neşirlerinde çap edildi. Respublikanyň özünde birnäçe garaşsyz neşir döredildi, mysal üçin, “Agzybirlik” hereketine atdaş we “Daýanç” žurnaly. Soňky neşir birnäçe aý dowam etdi.

“Agzybirligiň” agzalary heýkeltaraş Mommy Seýitmyradyň ussahanasynda. Ortada oturan Hudaýberdi Hallyýew.

"Agzybirlik" we demokratik oppozisiýanyň basyşy astynda, TSSR 1990-njy ýylda "Dil hakda" kanun kabul etdi, bu kanun türkmen dilini respublikada döwlet dili hökmünde kesgitledi, ýöne rus dili bilen deň derejede. 1991-nji ýylda Nyýazow patyşa Russiýasyna garşy söweşlerde ölenleriň ählisiniň Hatyra gününi bellemegi resmi taýdan yglan etdi. Ol 12-nji ýanwarda – Gökdepe galasynyň ýykylan güni bellenmeli edildi. Soň Nyýazow täze girizilen inisiatiwanyň abraýyny öz ady bilen baglanyşdyrdy.

1990-njy ýylda "Agzybirlik" hereketi syýasy partiýa öwrüldi we hatda TSSR Ýokary Sowetine geçiriljek saýlawlara gatnaşmaga synanyşdy, ýöne häkimiýetler muňa rugsat bermediler. Özlerini garaşsyz kandidat hökmünde görkezen birnäçe aktiwist parlamente saýlanyp bildi, ýöne içerki syýasata degerli derejede täsir edip bilmediler. 1992-nji ýylda Hereket düýbünden gadagan edildi we oňa gatnaşyjylara garşy giň gerimli repressiýalar başlandy. Olaryň köpüsi jenaýat jogapkärçiligine çekilmekden gorkup, haýbat atylmagy sebäpli ýurtdan çykmaly boldy. Käbirleri ABŞ we Ýewropa, beýlekileri öňki Sowet Soýuzynyň ýurtlaryna: Gruziýa, Ukraina we goňşy Özbegistana gitdiler.

Halkyň ogly nädip milletiň atasy bolýar: Saparmyrat Nyýazowyň kulty

Şol döwürde Türkmenistanda bolup geçen wakalar 30 ýyldan soň, esasan Saparmyrat Nyýazowyň şahsyýeti hem onuň hereketi bilen baglanyşdyrylýar. Halkyň perestroýka umytlarynyň tersine, häkimiýete baştutanlyk eden döwründe, ol ýurtda diktator režimi döretdi we töwereginde şahsyýet kultuny emele getirdi.

Saparmyrat Nyýazow SSKP-niň XXVII gurultaýynda Moskwada çykyş edýär. 1986-njy ýylyň fewraly.

Nyýazow Sowet sistemasynyň adamydy. Ol ýetimler öýünde ulaldy. Birnäçe ýyllap profsoýuz guramasynda (kärdeşler arkalaşygy) işledi, soňra partiýa hataryna girdi, Moskwada we Leningradda tehniki-inžener hünäri boýunça okady, okuw wagtynda Kirow zawodynda galypçy bolup işledi. Ýöne ömrüniň manyly bölegini Kommunistik partiýa bilen baglanyşdyrdy. Nyýazow 40 ýaşyndaka, Aşgabat şäher partiýa komitetiniň ýolbaşçysy boldy. Bäş ýyl soň, 1985-nji ýylda TSSR-iň Ministrler Kabinetiniň başlygy wezipesine ýetip bildi hem birnäçe aýdan respublikanyň Kompartiýasynyň Merkezi Komitetiniň ýolbaşçysy boldy. 1990-njy ýylda, bäsleşiksiz saýlawda Nyýazow TSSR-iň prezidenti boldy, hatda bu wezipe döredilmezden ozal.

"Hiç hili bäsdeşlik bolmady. Başga dalaşgär ýokdy. Ýöne ol örän dile çeperdi. Nyýazow: "Men siziň ogluňyz. Men ýetimler öýünde ulaldym. Kakam frontda öldi. Ejem ýer titremesinde ýogaldy, onda doganlarym hem öldi. Men diri galdym, indem size gowy durmuşy wada berýän. Biz bilelikde galkynarys" diýýärdi. Halk muňa ynandy. Respublikalar ynandylar. Her kim ol ýetimege mylaýym we hormatly garap başlady. Halk ony depesine göterdi. Ol ýokarlandy-da, köp zat wada berdi. Şol wagt biz hatda Soýuzyň geljegini-de bilmeýärdik. Halk haýsydyr bir lideriň töweregine jemlenmek isleýärdi: biz onuň yzynda, bize ýol görkezer, ýetimler öýünde ulalan, diýmek, bizi ynjytmaz diýýärdik. Iki ýyldan soň bolsa milletiň atasydygyny aýdyp başlady" diýip, Halmyrat Söýünow ýatlaýar.

Halmyrat Söýünow Türkmenistanyň Parlamentiniň diwarynyň alnynda, 1991-nji ýylda GKÇP döwlet agdarylyşygyna protest bildirip, açlyk yglan etdi.

Nyýazow berk syýasatyň tarapdarydy, ol özüne ýa-da Kremldäki merkezi hökümete garşy tankyda ýol bermezlige çalyşýardy. Ýazyjy hem žurnalist Hudaýberdi Hallyýew Nyýazowy "konserwatiw stalinçi" hökmünde häsiýetlendirýär. Ýurduň ykdysadyýetiniň pagta önümçiligine bagly bolmagyndan ýüz öwürmedi, taryhy täzeden ýazmaga işjeň daraşdy hem dini täzeden dikeltmäge synanyşdy, perestroýkanyň respublikada bolmagyna ahyryna çenli ýol bermedi, garşydaşlaryny yzarlamagy bes etmedi, SSSR-i saklap galmak üçin çalyşdy.

1991-nji ýylyň ýazynda geçen Bütinsoýuz ähliumumy referendumda, resmi maglumatlara görä, Türkmenistan SSR-i garaşsyzlyga biragyzdan diýen ýaly garşy çykdy. Häkimiýetleriň tassyklamagyna görä, Sowet Soýuzynyň saklanyp galmagy üçin, respublikanyň ilatynyň 97,9%-i ses berdi. Bu sanlary "Agzybirligiň” agzalary jedelli hasap edýär.

"Referendum geçen wagtynyň yz ýany ol türkmenleriň tas 99%-niň Sowet Soýuzynyň saklanyp galmagy isländigine raport berdi. Emma ol ýalan aýdýardy – diýip, Hereketi esaslandyryjylaryň biri Ak Welsapar tassyklaýar. – "Agzybirlik" öz barlaglaryny geçirdi, şonda ilatyň 40%-niň garaşsyzlygyň tarapdarydygyny hasapladyk. Takmynan 60% adamyň SSSR-i saklamak isleýändigini boýun almaly. Ýöne, meniň pikirimçe, Nyýazowyň ýurda perestroýkanyň girmegine rugsat bermändigi, şeýle hem Soýuzda nämeleriň bolup geçýändiginden habarsyz bolany üçin şeýle boldy.

Baş planda “Agzybirligiň” aktiwisti Nurberdi Nurmämmedow 1991-nji ýylyň awgustynda bolup geçen GKÇP döwlet agdarylyşygyna garşy çykyş edýär.

Ýarym ýyldan soň, 1991-nji ýylyň oktýabr aýynda, Türkmenistanyň garaşsyzlygy baradaky referendumda, resmi sanlar ýene rekord derejä ýetdi. Häkimiýetleriň maglumatyna görä, respublikanyň ilatynyň 94%-i garaşsyzlygyň tarapynda bolup ses berdi. Nyýazow prezidentlik wezipesini özünde saklap galdy. Türkmenistan SSSR-den bölünip aýrylan iň soňky ýurtlaryň biri boldy: ondan soňa diňe RSFSR we Gazagystan SSR-i galypdy. Häzirki zaman telekanalynyň söhbetdeşleri Nyýazow jenaýat jogapkärçiligine çekilmekden howatyr edip, garaşsyzlyk baradaky karary kabul etdi diýip hasaplaýarlar. Türkmenistan SSR-i 1991-nji ýylyň tomsunda bolup geçen döwlet agdarylyşygyny goldan az sanly respublikanyň biridi.

Ak Welsapar Saparmyrat Nyýazowyň GKÇP toparyny goldamagyna garşy açlyk yglan eden “Agzybirligiň” agzalarynyň ýanynda. Açlyk aksiýasy 1991-nji ýylyň 1 – 3-nji sentýabrynda, Aşgabatdaky Lenin bagynda geçdi.

Şol bir wagtyň özünde, syýasy taýdan işjeň intellektuallar ýurtda öz nägileliklerini aýdýardylar, garaşsyzlyga bolan isleg artýardy. Nyýazow häkimiýeti elde saklamak üçin, Sowetlere bolan goldawyny düýpgöter üýtgedip, milli meselelere ýüz öwürdi. "Agzybirligiň" programmasynyň bir bölegini özüne kabul etdi hem-de düýpli jemgyýetçilik we syýasy özgertmeleri amala aşyryp başlady. Bu işiň başlangyjynda, käbir adamlarda ýurduň demokratlaşmagyna umyt janlandy. Olardan biri deputat Halmyrat Söýünow boldy.

"Şol döwürde çekişmeler açyk geçýärdi. Bu öz miwesini-de berdi. Biz öz ýagdaýymyzy hem islegimizi açyk aýdýardyk, garşy çykýan zatlarymyz, okuw prosesindäki kemçilikler, jemgyýetçilik durmuşy, umuman düzetmeli zatlarymyz hakda gürleşdik. Biz açyk çykyş edýärdik, şonuň üçin häkimiýetleriň nyşana öwrüldik. Syýasat gaty hapa we çekip bolmajak ýük eken. Ol ýerde seniň ýüzüňe bir zat diýýärler, arkaňdan başga zat edýärler, üçünji bir zat barada-da pikir ýöredýärler. Bu meniň tebigatyma laýyk gelmedi. Ol ýalany men kabul edip bilmedim. Şonuň üçin men häkimiýetleriň garşysyna gitdim" diýip, Söýünow aýdýar.

Garaşsyzlyk yglan edilmegi bilen ýurduň Kommunistik partiýasy "Demokratik" adyny aldy. SSSR döwründäki ençeme partiýa işgärleri öz orunlaryny saklap galdylar. Nyýazow häkimiýeti diňe öz elinde jemlemek hem ruslaryň täsirini azaltmak isledi. Ýurduň içindäki rus mekdepleri ýapylýardy, türkmen däl habar serişdelerine mümkinçilik petiklendi, döwlet kitaphanalaryndan rus dilindäki neşirler aýryldy. Türkmen dilini bilmeýänler işinden çykarylyp başlandy, rus raýatlygy bolan adamlary bolsa, ondan ýüz öwürmäge mejbur edýärdiler.

"Biziň rus dilli dostlarymyzyň köpüsi ertirki gün Türkmenistanda öz geljegini görmänsoň, gitmeli boldular. Munuň özi betbagtçylykdy. Türkmenistan birden gowy hünärmenleri ýitirdi: inženerleri, mugallymlary, wraçlary, garaz, köp zady ýitirdi. Olar özleri üçin geljegi görüp bilmediler" diýip, Welsapar aýdýar.

Söýünow Türkmenistanyň Ýokary Sowetiniň deputaty hökmünde birnäçe ýyllap işläp bildi. Iş meselesinde Nyýazow bilen yzygiderli çaknyşmaly bolýardy. Ol prezidentiň stolunda fransuz sosiology Gustaw Lebonyň XIX asyrda syýasy tehnologlar tarapyndan meşhurlyk gazanan “Köpçüligiň psihologiýasy” atly kitabynyň bardygyny ýada salýar. Lebon köpçüligiň göwnünden turýan, hyjuwly we oýlanmagy talap etmeýän çykyşlary, köpçüligiň diňe güýje hormat goýup, ony sylaýandygy baradaky pikiri beýan edýär, lider hökman kesgitli hem duýguly bolmaly, akylly bolmak ýa-da geljegi oýlanmak hökman däl diýýär.

Saparmyrat Nyýazow 2004-nji ýylda bellenen Türkmenistanyň Baýdak gününde. Baryp 1994-nji ýylda Nyýazow bu baýramçylygy öz doglan gününde – 19-njy fewralda bellemegi karar edipdi.

Garaşsyzlygyň başky ýyllygynda Nyýazow töwereginde şahsyýet kultuny döredip başlady. Prezidentliginiň ikinji ýylynda, özüne "Türkmenbaşy" adyny aldy, soň bolsa onuň öňünden "Baky beýik" sözleri-de goşuldy. Köçeler, şäherçeler, ýollar, mekdepler Nyýazowyň adyny göterip başladylar, hatda aý atlar – ýanwar aýy "Türkmenbaşy" adyna öwrüldi. Nyýazowyň ýüzlerçe ýadygärligi guruldy, olaryň biri Aşgabadyň merkezinde altyndan ýasaldy. Onuň suraty puluň ýüzüne basyldy. Onuň üstünlikleri üçin, her ýyl dürli medallary döşünden asýardylar. Türkmen medeniýetini we dilini dikeltmekde gazanylan üstünlikleri bilen özüni tarypladýardy. Taryh, din we syýasata bolan garaýşy barada birnäçe kitap ýazdy. Onuň esasy kitaby “Ruhnama” bolup, muny ol "ahlak konstitusiýasy" diýip atlandyrdy. Mekdep okuwçylary bu kitaby aýratyn ders hökmünde öwrenmeli edildi.

Garaşsyzlyk yglan edilmegi bilen Nyýazow dine girizilen gadaganlygy ýatyrdy. Ýurduň hemme ýerinde metjitler gurlup, kiliseler täzeden açyldy, köp adam dini kitaplary öwrenmäge mümkinçilik tapdy. Türkmenistanda ilatyň aglaba köplügi yslam dinine uýýar, Nyýazow muny öz güýjüni berkitmek hem şahsyýet kultuny güýçlendirmek üçin ulandy.

"Ol dine bolan düşünjäni, adatlara we biziň däp-dessurlarymyza bolan garaýşymyzy ýoýdy. Ähli erbet ruhlary bir topa ýygnady-da, ony din hökmünde görkezdi. Her metjitde Nyýazowyň kgbçileriniň gulagy bardy. Sebäbi ol ýerdäki adamlar ony tankytlaýardylar. Muny bildigi, derrew metjitde öz adamyny goýýardy, olar bolsa ony hudaý diýip öwüp başladylar hem pygamber hatarynda goýýardylar. Metjidiň içine Gurhanyň aýatlarynyň ýerine Nyýazowyň sözlerini ýazyp başladylar – munuň özi dini äsgermezlik dälmidir?” diýip, Söýünow aýdýar.

"Türkmen aýdymlaryny diňläp bilmedimmydama aglaýardym”. Aýralykdaky durmuş

"Nyýazow ýurtdaky hökümdarlygyny güýçlendirmek bilen bir hatarda senzurany dikeltdi we tankytçylary ýok edip başlady diýip, Söýünow aýdýar: "Bu tükeniksiz yzarlamalaryň sanawyny emele getirdi. Ýuwaşlyk bilen garşydaşlaryny aýryp başlady". Türkmenistan garaşsyzlyk alandan soň, hökümetde galan hem-de ýurduň demokratlaşmagyny goldaýan az sanly adam syýasatdan çekilmäge mejbur boldy.

Awdy Kulyýew

Öňki Daşary işler ministri Awdy Kulyýew 1992-nji ýylda wezipesinden aýrylyp, Russiýa göçdi. Ol ýerde Nyýazow režiminden gaçyp çykanlaryň birleşen oppozisiýa merkezini döretdi hem olary goldar ýaly gazna açdy. Halmyrat Söýünow hem gitmeli boldy. Oppozisiýanyň käbir agzalary ýörite gulluklar tarapyndan alnyp gaçyldy hem Türkmenistanda sud edildi. 1994-nji ýylda Söýünowa, Kulyýewe we olaryň egindeşi Myrat Esenowa Türkmenistanda terrorçylyk hereketlerini taýýarlamakda we "döwletiň birinji adamyny ýok etmek" bilen häkimiýeti ele geçirmek synanyşygynda aýyplama bildirildi. Şeýle hem Söýünowa garşy Türkmenistandaky korrupsiýa hem-de öz kärdeşine jynsy zorluk bilen baglanyşykly goşmaça aýyplamalar öňe sürüldi.

"Nyýazow menden gorkýardy, sebäbi Türkmenistanyň internasional-esgerler bileleşigi diňe bir raýat guramasy däl, olar uruş dowzahyny başdan geçiren, elinde ýarag saklamagy başarýan adamlar, olar 22 müň adamdy. Türkmenistanyň her etrabynda 100-den 200-e çenli, Aşgabatda bolsa birnäçe müň adam bardy. Bu diktatora we onuň režimine garşy çykmak üçin, ägirt uly mümkinçilikdi. Ol ýigitleriň gazabyndan gorkýardylar, ikinjiden, olaryň ýygnanmagyndan howatyr edýärdiler. Üçünjiden, meniň ýurtdan çykarylmagym olar üçin amatlydy, sebäbi men entegem şol guramanyň başlygydym” diýip, Söýünow gürrüň berýär.

Şol ýylyň özünde ol Türkmenistanyň haýyşy boýunça Russiýanyň häkimiýetleri tarapyndan tussag edilýär. Söýünow Moskwada birnäçe aýlap gözenegiň aňyrsynda oturýar. Kazyýet işine başlanan mahaly ýurtlar ekstradisiýa şertnamasyny tassyklamandylar, şonuň üçin gözlenýänleri geçirmäge kanuny mehanizm ýokdy. Ýöne Söýünowda ekstradisiýa edilmeginden, köpçüligiň kömeginiň halas etjekdigine ynam bardy: “Men jemgyýetçilik wekili, men barada ynsan hukuklaryny goraýjylar hem dünýä belli ýazyjylar alada edýärdiler, metbugat men hakda ýazýardy. Men hiç ýere ýitirim edilip bilinmezdim" diýip, ol ýatlaýar. Wagtlaýyn tussaghanadan boşadylandan soň, ýedi ýurt Söýünowa gaçybatalga teklip edýär. Ol Şwesiýany saýlaýar.

Nyýazowyň beýleki bir nyşany “Agzybirlik” hereketi boldy. Hereketiň käbir agzalary türme tussaglygyna höküm edildi. Olardan biri Hereketiň egindeş başlygy Nurberdi Nurmämmedow boldy. 2000-nji ýylda "öldürmek howpy bilen haýbat atmak" we "huligançylyk" aýyplamalary bilen bäş ýyl azatlykdan mahrum edildi. Aslynda Nurmämmedow Azatlyk Radiosynda Türkmenistanda bolup geçýän wakalar barada çykyş etdi hem häkimiýetleri tankytlady. Dissidentiň uly ogly hem tussag edildi. Jeza çärelerinden gaçmak üçin, Nurmämmedow prezidentden açyk ýagdaýda günäsiniň geçilmegini soramaga we jenaýat işiniň syýasy däldigini yglan etmäge mejbur boldy. N. Nurmämmedow türmede gynamalaryň we ýenjilmeleriň bardygyny gürrüň berdi. Häzir ol Aşgabatda ýaşaýar.

Ak Welsapar häkimiýetleri tankytlandygy üçin, bir ýarym ýyl öý tussaglygynda saklandy. Ol "halkyň duşmany" hökmünde ykrar edildi, ýazyjylar bileleşiginden we žurnalistler bileleşiginden çykaryldy. Ogluny mekdepden kowdular, aýalyny işden boşatdylar. Welsapar Sowet döwründe KGB bilen hyzmatdaşlykda aýyplandy – ýazyjy bu aýyplamalary abraýdan düşürmek synanyşygy diýip atlandyrýar. Şonuň bilen birlikde, Welsaparyň kitaplary gadagan edildi, kitaphanalardan we dükanlardaky satuwdan aýryldy. Aşgabadyň käbir etraplarynda hatda olary ýakdylar.

"Ol kitaplar meniň hereketime eýerjek kärdeşlerime duýduryş hökmünde ýakyldy. Bu gaty erbet. Seniň kitaplaryň ýakylanda, ýürek gyýyjy ýagdaý emele gelýär. Men uzak wagtlap Türkmenistany terk etmek islemedim. Men ölerin, ýöne gitmerin diýdim. Ýöne onlarça ýyl bäri dost bolan ýoldaşlarym meni görenlerinde, diňe salamlaşmajak bolup, köçäniň beýle tarapyna ylgadylar. Bu gaty manysyz. Dogrusy, diktaturany diňe bir pida saklap bilmez. Ol has uzaga we çuňa gidýär" diýip, Welsapar aýdýar.

Ak Welsapar (gara switerli) Merkezi Aziýadan bolan ýazyjylaryň hem dissidentleriň arasynda. 2013-nji ýylyň fewraly.

Welsapara Şwesiýa syýasy gaçybatalga berdi. Bu ýerde ol türkmen, rus we şwed dillerinde kitap ýazmagyny dowam etdirýär. Şeýle hem, ol esasan türkmen awtorlarynyň kitaplaryny çap edýän neşirýat açdy. Meýletinçiler hem Welsaparyň tanyşlary olary gizlin ýagdaýda, Türkmenistana aşyrýarlar. Ol Watanyna dolanmak, egindeşleriniň hem öz hossarlarynyň ýasyna gatnaşmak üçin, birnäçe gezek synanyşdy: ýöne häkimiýetler mundan ýüz öwürdiler. “Meniň ejem bilen kakam 20 ýyl garaşdylar, ahyrynda meni görmän dünýäden ötdüler. Men bolsa ömrümde ruçkadan başga hiç zady elime almadym. Men diňe halkyň problemalary hakda ýazdym" diýýär. Welsapara, aýalyna hem ogluna henizem Türkmenistana barmak gadagan.

"Men haýran galmakdan şindizem saplanyp bilemok, perestroýka ýyllarynda biz köp erkinlige eýe bolan ekenik. Indi 30 ýyl bäri Nyýazow bilen Berdimuhamedow – eýýäm ikinji diktator – bize berlenleri alýarlar” diýip, Ak Welsapar aýdýar.

Akmuhammet Welsaparyň we Hudaýberdi Hallyýewiň kitaplaryny gadagan etmek baradaky karar

Hudaýberdi Hallyýewiň kitaplaryna hem Ak Welsapar bilen bir wagtda neşir etmek we ýaýratmak gadaganlygy girizilýär. Olary kitaphanalardan aýyrdylar, bu barada hatda Hallyýewe buýrugyň bir nusgasy hem berlipdir. Ol gadaganlyk henizem öz güýjünde saklanýar. Oppozisiýa hereketleri sebäpli Hallyýew ýazyjylar birleşiginden çykarylýar.

1995-nji ýylda Türkmenistanda Nyýazowyň syýasatlaryna garşy köpçülikleýin demonstrasiýa geçirildi. Hallyýew bu hereket hem-de onda tussag edilenler baradaky habarlary Azatlyk Radiosyna we beýleki habar beriş serişdelerine ýetirdi. Munuň üçin ol alnyp gidilip, Aşgabatdan çykarylýar we ýenjilýär, Hallyýew munuň ýörite gullugyň işgärleridigine ynanýar.

"Olar meni şäheriň daşyna alyp çykdylar hem sakladylar. Olar üç kişidi. Meni erbet ýençdiler, rehimsiz daraşdylar. Urup-urup, şol ýerde-de taşlap gaýtdylar. Meni dymmaga mejbur etdiler. Eger men ýene [žurnalistler bilen] gürleşsem, onda gyzlarymdan ar aljakdyklaryny aýtdylar. Bir ýyla ýakyn dymdym. Çagalaryma bir zat bolmagyndan gorkdum. Ony soň düzedip bolmaýar ahyryn" diýip, Hallyýew ýatlaýar.

Şol wakadan soň Hallyýew bir ýyl çemesi çykyş etmekden saklanypdyr. Soňra ýazyjy Pragadaky Azatlyk Radiosynyň Türkmen gullugyna iş hyzmatyny teklip edýär. Maşgalasy ýurtdan gitmek kararyna gelipdir.

"Meniň ykbalym şeýle bolar diýip oýlanmandym. Öz ýanym bilen türkmen aýdym-sazlarynyň köp ýazgysyny alypdym. Ilki wagtlarda hatda olary diňläbem bilmedim – mydama agladym. Elhenç ýalňyzlyk boldy. Meni hasratdan diňe iki zat: iman hem döredijilik halas etdi. Mümkinçiligimiň boldugyndan ýazmaga başlanymda ýa-da doga-dileg edenimde, Watanyma gaýdyp barýan ýaly duýgyny başdan geçirýän" diýip, ýazyjy aýdýar.

Ýurtdan çykyp gidenleriň arasynda, “Agzybirligiň” ýolbaşçy toparyndan, 2013-nji ýylda bir gezek Türkmenistana baryp görmegi ýeke-täk başaran Hallyýew boldy. Onuň sözlerine görä, Türkmenistanyň içindäki ýoldaşlary bilen arabaglanyşygy we kömegi arkaly oňa wiza berlipdir. Beýleki dissidentleriň hiç biri respublika gitmändir. 2007-nji ýylda Türkmenistanyň öňki Daşary işler ministri we oppozisiýaçy Awdy Kulyýew aradan çykýar, häkimiýetler onuň jesedini Türkmenistana getirmäge rugsat bermänsoň, ol Norwegiýada jaýlanýar. 2006-njy ýylda Saparmyrat Nyýazow ölenden soň, meýletin sürgüne gidenleriň köpüsi Watana dolanyp boljakdygyna umyt etdiler. Emma Nyýazowyň ornuna gelen Gurbanguly Berdimuhamedow öňki halypasynyň syýasatyny dowam etdirip, öz töwereginde şahsyýet kultuny döretmäge yhlas bilen girişdi.