Lebap S.Berdimuhamedowyň saparyna 'prezident gelýän ýaly' taýýarlanýar

Türkmenistanyň "Altyn Aysr" telekanalyndan alanan surat.

Türkmenistanda 12-nji martda geçiriljek irki prezident saýlawlaryna dalaşgärleri bellige almak çäresi tamamlanan wagty, kandidatlaryň saýlawçylar bilen duşuşyklary dowam edýär. Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçylary prezidentlige dalaş edýän Serdar Berdimuhamedowyň saýlawçylar bilen duşuşmak üçin sebitlere edýän saparlaryna, hamana, döwlet baştutany gelýän ýaly taýýarlyk görülýändigini habar berýärler.

22-nji fewralda Aşgabatda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň nobatdaky mejlisi geçirilip, onda dalaşgärleri hödürlemek hem-de bellige almak çäresiniň tamamlanandygy yglan edildi.

TDH-nyň habaryna görä, Türkmenistanyň prezidenti wezipesine bellige alnan ýedi dalaşgäriň üstüne 22-nji fewralda ýene iki sanysy goşuldy.

Aşgabat şäherinden we Daşoguz welaýatyndan raýatlaryň teklipçi toparlary tarapyndan hödürlenen bu dalaşgärleriň biri Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň ylmy işler boýunça prorektory, pedagogika ylymlarynyň kandidaty Hydyr Nunnaýew, beýlekisi Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky etrap komitetiniň başlygy Maksat Ödeşowdyr.

Degişli maglumat Irki prezident saýlawlaryny geçirýän Aşgabat Moskwa bilen howpsuzlygy maslahatlaşdy

Ýurtda dalaşgärleri bellige almak çäresi jemi dokuz kandidat bilen tamamlanan wagty, şu günler käbir dalaşgärleriň saýlawçylar bilen duşuşyklary dowam edýär.

Azatlyk Radiosynyň Lebap welaýatynyň dolandyryş merkezi Türkmenabat şäherindäki habarçysy prezidentlige dalaş edýän, häzirki döwlet baştutanynyň ogly Serdar Berdimuhamedowyň saýlawçylar bilen duşuşmak üçin sebite etjek saparyna güýçli depginde taýýarlyk görülýändigini habar berdi.

"Serdar Berdimuhamedowyň 23-nji fewralda sebite etmegine garaşylýan saparyna dalaşgär däl-de, prezident gelýän ýaly taýýarlyk görülýär. Aeroportdan Türkmenabat şäherine gelýän ýoluň ugrunda ýowarlar geçirilýär. Bu ýowara 100 çemesi adam gatnaşyp, olar ýoluň ugrundaky ekin meýdanlaryny, şol sanda haşal otlary arassalaýarlar. Bu ýoluň ugrunda täze arçalar ekilýär" diýip, ýagdaýdan habarly çeşmämiz 22-nji fewralda beren maglumatynda gürrüň berdi.

Şeýle-de, şäheriň Bitarap Türkmenistan köçesi we onuň ýanýodalary ýörite ulaglar bilen ýuwulýar. Köçäniň ugrunda ýol hereketiniň düzgünlerini yşarat edýän çyzyklar täzeden ak reňke boýalýar. 21-nji fewraldan bäri köçe bölekleýin ýapyk bolmagynda galýar. Bu bolsa, şäheriň beýleki köçelerinde ulag dyknyşyklaryny emele getirýär.

"Şäheriň Nyýazow köçesinde sürüjiler ulagyna erk etmekde we ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý etmekde kynçylyk çekýärler. Sebäbi her çatrykda ýüzlerçe ulag dyknyşygy emele gelýär. Umuman, Serdar Berdimuhamedowyň saparyna onuň hut kakasy gelýän ýaly taýýarlyk görülýär" diýip, çeşmämiz belledi.

Degişli maglumat Merkezi Aziýa synçylary türkmen saýlawlary barada näme diýýär?

Mundan başga-da, 22-23-nji fewralda şäherde hususy awtobuslaryň gatnawyna gadagançylyk girizildi. Bu bolsa, şäher ýaşaýjylarynyň bir ýerden başga ýere sapar etmeginde bökdençlikleri döretdi.

"Döwlet awtobuslarynyň içi ýolagçydan doly bolup, köp adam olara sygmaýar. Şäherde transport serişdeleriniň ýetmezçiligi emele geldi" diýip, efirde atlandyrylmasyzlygyny soran ýerli ýaşaýjy aýtdy.

23-nji fewralda Bitarap Türkmenistan we S.A. Nyýazow köçeleriniň ugrunda awtoulaglary goýmak hem gadagan edildi. Şeýle-de, bu köçeleriň ugrundaky dükanlaryň ýapyk bolmalydygy barada hem buýruk berildi.

Bellesek, şuňa meňzeş taýýarlyk çäreleri adatça prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň welaýatlara edýän saparlarynyň öň ýanynda bolup geçýär.

Resmi metbugata görä, Serdar Berdimuhamedow 21-nji fewralda Daşoguzda saýlawçylar bilen duşuşdy. Şeýle-de, 22-nji fewralda Daşoguzda başga-da iki dalaşgäriň saýlawçylar bilen duşuşygy boldy.

TDH ähli dalaşgärlere saýlawlaryň öň ýanyndaky wagyz işlerini geçirmek üçin deň mümkinçilikleriň kepillendirilýändigini habar berýär. Ýöne habarçylarymyz beýleki dalaşgärleriň saparlary we saýlawçylar bilen duşuşyklary barada tas hiç kimiň bilmeýändigini aýdýarlar.

Bellesek, Serdar Berdimuhamedowdan beýleki dalaşgärleriň atlary ýurduň syýasy durmuşynda häzire çenli tas eşidilmändi. Şeýle-de, resmi we ýarym-resmi medianyň maglumatlaryny nazara alanymyzda, olaryň saýlaw kampaniýasy babatynda alyp barýan işleri ýa-da işjeň çykyşlary hem göze ilmeýär.

Degişli maglumat Balkanda we Lebapda Serdar Berdimuhamedowyň wagzy başlandy

Azatlyk bilen söhbetdeş bolan “Türkmenistanyň demokratiki saýlawy” (DWT) oppozisiýa toparynyň lideri Myrat Gurbanow bu dalaşgärleriň bir aýdan hem az wagtyň dowamynda ýurduň, ilatyň kynçylyklaryny öwrenip, maksatnama taýýarlamagynyň we bular barada ilatyň öňünde çykyş etmeginiň mümkin däldigini aýdýar.

Şeýle-de, ol bu dalaşgärleri saýlawlaryň demokratik ýagdaýda geçirilýändigini görkezmek üçin saýlanyp alnan "aktýorlar" diýip atlandyrýar.

"Olar ýöne bir ýerde işlän adamlar. "Sen häzir dalaşgär bolmaly. Gahryman Arkadagyň buýrugy bar" diýlip bellenen adamlar. Olar görgüliler diýýän zadynam bilenoklar. [Olar] ýöne prosedura boýunça saýlawlary demokratiýa etmek üçin [bellenen] aktýorlar. Şonuň üçin olar hiç kimi diňlänok, olary halk hem tananok. Atasy ogluny prezident edip goýanda, olary halka tanatmak mejburylygy hem ýok" diýip, Gurbanow aýtdy.

Türkmenistanda şu wagta çenli geçirilen hiç bir saýlaw abraýly halkara synçylar tarapyndan “erkin we adalatly” hasaplanmady. Synçylar duýdansyz yglan edilen irki prezident saýlawlaryny Türkmenistanda häkimiýeti atadan ogla geçirmek synanyşygy häsiýetlendirýärler.

Bu aralykda, Aşgabatdaky habarçymyz raýatlaryň saýlawlar barada pikir etmeýändigini, olaryň esasy aladasynyň saýlawlardan soňky durmuşdygyny habar berýär.

"Adamlar umuman hiç zadyň üýtgemejekdigini bilýärler. Ýöne olar iň bolmanda, iki-üç aý azyk gytçylygynyň aradan aýryljakdygyna we bankomatlardan bökdençsiz pul nagtlaşdyryp biljekdiklerine umyt baglaýarlar" diýip, ýerli ýaşaýjy anonimlik şertinde 23-nji fewralda habarçymyza gürrüň berdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.