ABŞ çozuşyň 'örän basym' bolup biljekdigini aýdýar, Baýden Putin bilen sammite ýaýdançly razylyk berdi

Baýden we Putin iýun aýynda Ženewada öz ýurtlarynyň baştutany hökmünde ilkinji gezek duşuşdy.

ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden, kreml lideriniň Ukraina hüjüm etmeginiň öňüni almak tagallalarynyň çäginde, ýakyn günlerde Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin bilen geçiriljek sammite ýaýdançly razylyk berdi.

Ak tamyň metbugat sekretary Jen Psaki Baýden döwlet sekretary Entoni Blinken bilen Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň arasynda 24-nji fewralda geçirilen gepleşikden soň, “eger-de hiç bir çoşuş edilmese’, Putin bilen duşuşar diýip, 20-nji fewralda eden beýanatynda aýtdy.

Ikitaraplaýyn duşuşyk ideýasyny Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron teklip etdi, ol öň iki lider bilen hem aýratynlykda gürleşdi. Sammitiň anyk senesi ýa-da ýeri belli edilmedi. Baýden we Putin iýun aýynda Ženewada öz ýurtlarynyň baştutany hökmünde ilkinji gezek duşuşdy.

Bu sammite ýazda Ukrainanyň golaýynda toplanan has az rus goşunlary sebäp boldy. Sammitden öň Baýden 24-nji fewralda, Ýedilik toparyndaky (G7) kärdeşleri bilen wirtual duşuşyga gatnaşar we rus goşunlarynyň serhet ýakasynda toplanmagy netijesinde dörän krizisi ara alyp maslahatlaşar.

G7 ýa-da Ýediler toparyna ABŞ, Britaniýa, Fransiýa, Germaniýa, Kanada, Italiýa we Ýaponiýa girýär. "Interfaks" habar gullugynyň maglumatyna görä, Kreml 21-nji fewralda Putin bilen Makronyň iki hepde ahyrynda geçiren telefon gepleşiklerinde Ukraina üstündäki dialogy dowam etdirmek ylalaşygyna gelendigini aýtdy.