Türkmenistanda turýan güýçli ýelleriň fonunda, USAID türkmen meteorologlary bilen okuw türgenleşiklerini geçirýär

Illýustrasiýa suraty

Birleşen Ştatlaryň Halkara ösüş agentligi (USAID) klimatyň üýtgemegine garşy çydamlylygy ýokarlandyrmak üçin Türkmenistanyň meteorologlaryna goldaw berip, olar bilen okuw türgenleşiklerini geçirýär. Bu barada "Trend" habar agentligi 18-nji fewralda habar berdi.

Bu habar, Türkmenistanda güýçli tozanly ýelleriň turýan we howa maglumatlaryny çap edýän “Meteožurnal” neşiriniň Türkmenistanyň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň çaklamalarynyň takyklygyna yzly-yzyna ýaramaz baha beren mahalyna gabat geldi.

"Aşgabatda we Lebap sebitinde howa maglumatyny çaklaýanlar üçin ösen awtomatlaşdyrylan meteorologiki hasaplama we maglumat ulgamlary boýunça ikinji seminar guraldy" diýip, "Trend" bu seminaryň şu hepde türkmen paýtagtynda geçirilendigini belleýär.

Degişli maglumat Türkmenistanyň günorta-gündogar sebitlerinde tozanly ýel turdy

Bu çäre, Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugy we halkara bilermenler bilen hyzmatdaşlykda, ABŞ-nyň Halkara ösüş agentligi (USAID) tarapyndan gurnaldy.

"Trend" habar agentliginiň maglumatyna görä, seminarda türkmen meteorologlary iň täze maglumatlary ýygnamak we seljermek usullaryny öwrenýär.

Şeýle-de, bu olaryň howa maglumaty baradaky çaklamalary gowulandyrmagyna, taýýarlygy ýokarlandyrmagyna we netijede howanyň üýtgemegine garşy çydamlylygy güýçlendirmegine kömek eder.

Bu habar barada ABŞ-nyň Halkara ösüş agentliginiň (USAID) resmi websaýtynyň Türkmenistan bölüminde haýsydyr bir maglumat göze ilmeýär.

Bu habar, soňky iki ýyla golaý wagtyň dowamynda ýurduň dürli künjeginde güýçli tozanly ýelleriň turýan, sil suwlarynyň wagtal-wagtal joşýan we ilatyň bular barada öňünden aç-açan habarly edilmeýän mahalyna gabat geldi. Bu barada Azatlyk Radiosy ençeme gezek habar berdi.

Degişli maglumat Maryda we Balkanda tozanly ýel turdy

Şeýle ýelleriň biri soňky gezek 5-nji fewralda Mary welaýatynda turdy. Şonda habarçymyz uzakly gün dowam eden şemalyň howanyň düzüminde tozan emele getirendigini we ýaşaýjylaryň ýakyn aralygy görmekde kynçylyk çekendigini habar beripdi. Şeýle-de, habarçymyz, adatça boly ýaly, bu howa hadysasy barada ilatyň öňünden habarly edilmändigini hem aýdypdy.

Galyberse-de, ABŞ-nyň Halkara ösüş agentliginiň türkmen meteorologlaryna berýän okuw türgenleşigi, howa maglumatlaryny çap edýän “Meteožurnal” neşiriniň Türkmenistanyň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň çaklamalarynyň takyklygyna yzly-yzyna ýaramaz baha beren mahalyna gabat geldi.

Neşir 6-njy fewralda çap eden makalasynda Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýanwar aýy boýunça çaklamalarynyň takyklygynyň noýabr-dekabr aýlaryndan-da has erbet bolandygyny habar berdi.

"Ýanwar aýynda Aşgabatda öňümizdäki gün üçin berlen howanyň temperaturasy baradaky çaklamalaryň takyklygy 71%-e deň boldy. Bu görkezijiler dekabrda 81%, noýabrda 84%-e barabardy" diýip, neşir ýanwar aýynda gün üçin berlen 31 sany temperatura çaklamasyndan 11 sanysynyň amala aşmandygyny we bu säwliklere tejribeli işgärleriň ýetmezçiliginiň sebäp bolýandygyny belledi.

Türkmen häkimiýetleri we media serişdeleri ýurtda turýan güýçli şemal, tupan ýa-da sil suwlarynyň joşmagy ýaly tebigy hadysalar barada ne öňünden, ne-de yz ýanyndan aç-açan beýanat bilen çykyş edýärler. Şeýle-de, ýurtda tebigy hadysalaryň netijeleri, ilata ýetiren täsirleri barada hem hiç hili mesele gozgalmaýar.

Degişli maglumat USAID-iň goldawy Türkmenistana göni daşary ýurt maýa goýumlaryny artdyryp biler

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.