Merkezi Aziýa synçylary türkmen saýlawlary barada näme diýýär?

Illýustrasiýa suraty

Dünýä Türkmenleriniň bu sany onlaýn giňişlikde türkmen saýlawlary barada alnyp barylýan pikir alyşmalara bagyşlanýar.

Türkmenistanda garaşylmadyk ýagdaýda yglan edilen irki prezident saýlawlary Merkezi Aziýa üns gönükdirýän synçylar, analitikler, öňki syýasatçylar we žurnalistler tarapyndan sosial mediada we dürli maglumat serişdelerinde nähili ara alnyp maslahatlaşylýar?

Dünýä Türkmenleriniň bu sany onlaýn giňişlikde türkmen saýlawlary barada alnyp barylýan pikir alyşmalara bagyşlanýar.

Erkin maglumat akymy häkimiýetler tarapyndan berk çäklendirilýän Türkmenistanda döwlet eýeçiligindäki media serişdeleri arkaly yglan edilen saýlawlar, gürrüňsiz, daşky dünýäden üzňeleşen türkmen raýatlary bilen bir hatarda Merkezi Aziýa synçylarynyň hem ünsüni çekdi.

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Merkezi Aziýa synçylary türkmen saýlawlary barada näme diýýär?

Türkmenistanyň çäginde petikli sosial media saýtlary, şol sanda Twitter, Facebook, YouTube ýaly sosial ulgamlar türkmen saýlawlary barada gyzgalaňly pikir alyşmalara şaýat boldy.

Köplenç Merkezi Aziýa synçylary tarapyndan üns merkezine çekilen saýlawlaryň töweregindäki maglumatlar sosial media saýtlarynda ulanyjylary biperwaý goýmady. Türkmen saýlawlary barada galdyrylan köp sanly post ulanyjylarda gyzyklanma döretdi.

Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisinde sözlän sözünde Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow özüniň wezipeden çekilmek niýetini mälim edip, köpleri geň galdyrdy. Döwlet dolandyryşynda "ýaş ýolbaşçylara ýol bermegi makul hasaplaýandygyny" aýdan 64 ýaşly Berdimuhamedow özüniň toplan tejribelerini Halk Maslahatynyň başlyklygyna gönükdirjekdigini aýtdy.

Şu ýerde söz gury bolmaz ýaly, käbir faktlara göz aýlaly!

Geçen ýyl Türkmenistanyň parlamenti iki palataly kanun çykaryjy we wekilçilikli ulgama öwrüldi. Munuň şeýle edilmegini şondan bir ýyl ozal Berdimuhamedowyň özi teklip etdi. Konstitusiýa garşy gidip, prezident täze döredilen iki palataly parlamentiň ýokarky öýüniň başlygy boldy. Soňky birnäçe ýyl bäri ýurduň kanun çykaryjy ulgamy täzeden üýtgedilip guruldy. Muňa parallel, prezidentiň ýeke-täk ogly Serdar Berdimuhamedow kakasy tarapyndan yzly-yzyna ýokary wezipelere bellenildi. Kanun çykaryjy ulgamda geçirilen özgertmeler prezident Berdimuhamedowa Halk Maslahatynyň başlyklygyny getirdi; Serdar Berdimuhamedowyň dürli hökümet wezipelerine göterilmegi bolsa, onuň ýurduň prezidenti wezipesine dalaş etmegini, hamala, il gözünde kanunylaşdyrdy.

Türkmenistanda häkimiýetiň nesilden-nesle geçirilmek ähtimallygy baradaky gürrüňler Merkezi Aziýa synçylarynyň arasynda soňky birnäçe ýyl bäri gyzgyn temalaryň birine öwrülipdi. Ýöne, Gurbanguly Berdimuhamedow 11-nji fewralda, özüne prezident wezipesini peşgeş beren saýlawlaryň göni 15-nji ýyl dönüminde wezipeden çekilmek niýetini mälim etdi. Munuň yz ýany, 14-nji fewralda (Gurbanguly Berdimuhamedowyň göni 15 ýyl ozal ýurduň prezidentligine kasam kabul eden gününde) onuň ogly Serdar Berdimuhamedow ýokary döwlet wezipesine dalaşgär hökmünde hödürlendi.

Degişli maglumat Türkmenistanyň daşyndaky türkmenler prezidentlik saýlawlaryna dalaşgär hökmünde gatnaşmak isleýärler

Merkezi saýlaw komitetine görä, ýurtda dalaşgärleri hasaba almak işleri dowam edýär. Ýöne ne köp sanly synçylar, ne başgalar, Azatlyk Radiosynyň habarçylaryna görä, ne-de raýatlar, türkmen saýlawlarynyň erkin we adalatly geçiriljegine ynam bildirýär.

Gürrüňi köpeltmän, söze girişeli!

Ýöne, ilkibaşda, has düşnükli bolar ýaly, 16-njy fewrala çenli saýlawlaryň töweregindäki ýagdaýlara gysgaça nazar aýlaly! Prezident Berdimuhamedow 11-nji fewralda wezipeden çekilmek niýetini mälim etdi. Munuň yz ýany, türkmen parlamentiniň aşaky palatasy, mejlis 12-nji martda irki prezident saýlawlaryny geçirmek barada karar kabul etdi. Merkezi saýlaw topary 13-nji fewralda ýurtda saýlaw möwsümini yglan etdi. Şondan bir gün soň, Türkmenistanyň Demokratiki partiýasy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ogly Serdar Berdimuhamedowy prezidentlige dalaşgär hödürledi. 15-nji fewralda ikinji bir dalaşgär bellige alyndy. Bu wakalara aýakdaş, daşary ýurtda hereket edýän türkmen oppozisiýa wekilleri özleriniň dalaşgärligini yglan etdi. Türkmen kanunçylygyna görä, soňky 15 ýylyň dowamynda Türkmenistanyň çäginde ýaşaýan hem-de 40 ýaşyny dolduran türkmen raýatlary prezidentlige dalaş edip bilýär. Oppozisiýa wekilleriniň Merkezi saýlaw topary tarapyndan bellige alynmagy bilen bagly meseleler boýunça jikme-jiklik ýok. Olar saýlawlaryň onlaýn geçirilmegi üçin kampaniýa alyp barýarlar. Türkmenistanyň kanunçylygy saýlawlaryň guralmagynda we geçirilmeginde innowasion tehnologiýalardan peýdalanylmagyna rugsat berýär. Ýöne analitikler Türkmenistanyň pes demokratiýa görkezijilerine salgylanyp, saýlawlaryň aýdyňlyk şertlerinde geçiriljegine şübheli garaýarlar.

Merkezi Aziýa boýunça ekspert Brýus Panniýer 14-nji fewralda Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda Türkmenistanda bolup geçýän “häkimiýet çalşygyny” “Berdimuhamedowlaryň maşgala dinastiýasyny bina etmek synanyşygy” hökmünde suratlandyrdy.

Britaniýanyň Glasgow uniwersitetiniň Ýewraziýa bölüminiň professory Luka Ançeski 15-nji fewralda Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda saýlawlar bilen Berdimuhamedowlaryň maşgala häkimiýetiniň berkidiljekdigini çaklady.

Irki prezident saýlawlarynyň geçiriljek senesi barada ilkinjilik bilen AFP habar agentligi bir saýlaw resmisiniň sözlerine salgylanyp, habar berdi. Şonda bu maglumat heniz Türkmenistanyň hatda döwlet habar serişdelerinde hem mälim edilmändi.

Soňra bu habar tizden-tiz sosial ulgamlarda paýlaşaylyp başlandy.

Halkara gatnaşyklar boýunça "Atlantik Geňeş" ylmy merkeziniň Ýewraziýa programmasy - Eurasia Center, Eurasianet.org neşiriniň türkmen saýlawlary baradaky makalasyny sosial ulgamlarda paýlaşdy.

"Türkmenistan öňümizdäki aý täze prezidentli bolar. Ýöne ol hem barybir Berdimuhamedow bolar" diýip, ylmy merkez eurasianet.org neşiriniň makalasyndan bir sözlemi Twitterde çap etdi.

Prezident wezipesine Serdar Berdimuhamedowyň dalaşgär hödürlenmegi saýlawlaryň töweregindäki iň esasy wakalaryň biri boldy.

“The Economist” we Eurasianet.org neşirleriniň Merkezi Aziýa boýunça žurnalisti Joanna Lillis özüniň Twitter hasabynda kiçi Berdimuhamedowyň dalaşgärligi barada turkmenportal.com neşiriniň habaryny paýlaşyp şeýle diýdi:

“Bu resmileşdi. Serdar ogul Türkmenistandaky irki prezident saýlawlarynda dalaşgär hökmünde hödürlendi” diýip, ol ýazdy.

“Ýewraziýada köp zat bolup geçýär, şonuň üçin siz Türkmenistanda 12-nji martda irki prezidentlik saýlawlarynyň meýilleşdirilýändigini duşuňyzdan geçiren bolmagyňyz mümkin. Şu wagta çenli ýeke-täk dalaşgär Serdar Berdimuhamedow. Bu familiýanyň tanyş eşidilmeginiň sebäbi, ol häzirki prezidentiň ogly” diýip, ABŞ-nyň Helsiniki komissiýasynyň uly syýasy geňeşçisi Bahti Nişanow 14-nji fewralda Twitterde teswir galdyrdy.

Post-sowet ýurtlar boýunça analitik Gennadiý Rudkewiç prezident wezipesine dalaş edýän beýleki dalaşgärleriň Berdimuhamedowa goldaw beýan edip-etmändigi bilen gyzyklandy.

Prezidentiň oglunyň ýeke-täk dalaşgärdigi baradaky teswire ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň öňki diplomaty Laura Kennedy jogap galdyrdy:

“We, azyndan bir agtyk öz nobatyna garaşýar. #garyndaşparazlyk ýa-da #Türkmenistan maşgala biznesi” diýip, ol twit ýazdy.

Serdar Berdimuhamedowyň dalaşgärligi baradaky maglumata Birleşen Ştatlaryň döwlet departamentiniň öňki diplomaty Ewan Faýgenbaum (Evan Feigenbaum) 2007-nji ýylda geçirilen prezident saýlawlarynyň öň ýany, ýanwar aýynda Türkmenistana eden saparyny ýatlady:

“Onuň [Serdar Berdimuhamedowyň] kakasynyň bäş “garşydaşy” bardy, ýadyma düşýär. Men olaryň bir topary bilen 2007-nji ýylyň ýanwarynda Gypjakda günortanlyk edinipdim” diýip, ol twit ýazdy.

Gurbanguly Berdimuhamedow 2007-nji ýylyň 11-nji fewralynda geçirilen saýlawlarda, Merkezi saýlaw toparyna görä, 89 göterim töweregi ses alyp, prezident wezipesini eýeledi.

Serdar Berdimuhamedowyň dalaşgärliginiň yglan edilmeginiň ertesi güni, 15-nji fewralda Gyrgyzystanyň ABŞ-daky we Kanadadaky öňki ilçisi Kadyr Toktogulow özüniň 2016-nji ýylda kiçi Berdimuhamedow bilen gatnaşan bir ýygnagyny ýatlaýar:

“Men 2016-njy ýylda Waşingtonda geçirilen C5+1 (Merkezi Aziýa + ABŞ) ýygnagynda Serdar Berdimuhamedowyň ýanynda oturypdyryn. Onuň Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ogludygyna göz ýetirmek üçin maňa birnäçe minut gerek boldy” diýip, öňki gyrgyz ilçisi Serdar Berdimuhamedowyň ýygnakda düşürilen suratyny paýlaşdy.

“Ol sizde nähili täsir galdyrdy?” diýip, Guramaçylykly jenaýat we korrupsiýa maglumatlary proýektiniň žurnalisti Metýu Kupfer gyrgyz ilçisinden soraýar.

“Ol üýtgeşik üns çekenokdy, şonuň üçin men onuň prezidentiň ogludygyna ilkibaşda [düşünip] bilmedim” diýip, gyrgyz ilçisi jogap berýär.

Onda žurnalist gyzykly söhbetdeşligi dowam etdirmek isleýän ýaly, ýene teswir galdyrýar.

“Men ol biraz ýygra diýip eşitdim” diýip, öňki ilçiniň söhbetdeşi aýdýar.

“Men ol öz ýurdunyň hem-de halkynyň oňat prezidenti bolar diýip, umyt edýärin” diýip, Toktogulow arzuw beýan edýär.

“Sistemadan çen tutulsa, bu başa barmajak ýaly. Ýöne kim bilýär?” diýip, žurnalist öňki ilçiniň teswirine soragly jogap berýär.

Beýleki bir Twitter ulanyjysy Serdar Berdimuhamedowyň dil başarnygy bilen gyzyklanýar:

“Ol nähili? Iňlis dilinde oňat gürläp bilýärmi?” diýip, Twitterde özüni žurnalist hökmünde tanyşdyrýan Regis Gente sorag berýär.

“Ol ýygnakda bir zatlar gepländir öýdemok” diýip, öňki ilçi 2016-njy ýylda türkmen prezidentiň ogly bilen bilelikde gatnaşan ýygnagyny ýatlaýar.

Maglumat üçin aýdylsa, Serdar Berdimuhamedow 2016-2017-nji ýylda Türkmenistanyň daşary işler ministrliginiň Halkara habar serişdeleri bölümine ýolbaşçylyk etdi.

Prezidentlik wezipesine dalaş edýän ikinji dalaşgär hem az üns çekmedi. Mary welaýatynyň häkiminiň orunbasary Agajan Bekmyradow döwlet telewideniýesinde dalaşgärlige hödürlenen wagty, görnüşinden, gamgyn halda görkezildi.

“Garşylalyň, Türkmenistanyň prezidenti wezipesine 2 belgili dalaşgär – jenap Agajan Begmyradow, Mary sebitiniň häkiminiň orunbasary. Şu gün Agrar partiýasy ony biragyzdan dalaşgärlige hödürledi” diýip, turkmen.news neşiri Twitterde dalaşgäriň türkmen telewideniýesinden alnan suratyny paýlaşdy.

“Türkmenistan: prezidentiň ogly öňümizdäki aý geçiriljek saýlawlarda garşydaş kandidatly boldy. Onuň kampaniýa şygary: “Haýyş, maňa ses bermäň!..” [diýýän ýaly]” diýip, Eurasianet.org neşiriniň Merkezi Aziýa boýunça redaktory Peter Leonard turkmen.news neşiriniň twitini paýlaşdy. Suratda dalaşgär, öňem aýdyşymyz ýaly, görnüşinden, gamgyn halda görkezilýär.

Synçylar esasan saýlawlarda kimiň ýeňiji boljagyny däl-de, eýýäm Serdar Berdimuhamedowyň ýurdy nähili dolandyrjagyny çaklaýarlar.

“Serdaryň (orta möhletde) Türkmenistanda ýagdaýlary üýtgetmäge iň bolmanda synanyşyk etmek üçin islegini, eger islegi bolsa, onda onuň mümkinçiligini görmek gyzykly bolar. Beýleki kontekstlerde munuň mysallary bar ([meselem], Özbegistanda Mirziýoýew), ýöne türkmeniň ýagdaýy örän başgaça” diýip, Merkezi Aziýa boýunça žurnalist Daid Kançarini (Davide Cancarini) twit ýazdy.

Ol beýleki bir teswirinde Serdar Berdimuhamedowyň häkimiýet başyna gelmegi bilen ýurduň içerki syýasatynda känbir özgerişe garaşmaýandygyny, ýöne häkimiýet çalşygynyň hatda Türkmenistan ýaly ýurtlarda hem garaşylmadyk wakalary öz ýany bilen getirip biljekdigini çaklady.

Türk neşirlerinde köplenç türki döwletlerde bolup geçýän wakalar barada habarlary we wideo synlary çap edýän žurnalist Nazgül Kenžetaý özüniň Twitter sahypasynda Türkmenistanda yglan edilen irki saýlawlar barada habar berip, belki-de jogaby köpleri gyzyklandyrýan bir sorag berdi:

“[...] Türkmenbaşy we Arkadagdan soň, Serdaryň lakamy näme bolarka?” diýip, Kenžetaý sorag berdi.

Bu twit 18-nji fewrala çenli 607 ulanyjy tarapyndan halanyp, 68 gezek retwit edilipdir. Bu teswir bilen esasan türk dilli ulanyjylar gyzyklanypdyr.

Ermenistanly blogçy Ani Wandarýan saýlawlaryň asyl sebäbi bilen gyzyklanýar:

“Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň näme sebäpden ýaş başyna ogly Serdaryň peýdasyna gyra çekilmegi – Ýewraziýanyň mähnet syry. Ol ýarawsyzmy, ýa öz-özüne göwün açýan yzygiderli güýmenje talaplaryndan bizar boldumy, ýa näme?” diýip, ermeni blogçysy sorag berýär.

Türkmenistanda geçirilýän irki prezident saýlawlary başga bir topar sosial hasaplarda hem giňden ara alnyp maslahat edilýär. Aýdylýan zatlar birmeňzeş: köp adam saýlaw netijeleriniň öňünden kesgitlenendigine ynanýar, Türkmenistandaky awtoritar dolandyryşa üns çekýär ýa-da käbir ulanyjylar saýlawlary sahna oýnundan ybarat hasaplaýar.

Düýbi Waşingtonda ýerleşýän ynsan hukuklaryny goraýjy “Freedom Now” guramasy Twitterde galdyran postunda Türkmenistanda geçiriljek saýlawlara çalajan umyt baglaýar:

“Türkmenistan öňümizdäki aý möhletinden öň prezident saýlawlaryny geçirer. Netije öňünden kesgitlenen ýaly görünse-de, köp sanly syýasy tussagyň boşadylmagyny hem öz içine alýan reformalary kabul etmek üçin heniz hem mümkinçilik bar”

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.