Işden çekilýän prezident dikuçarda iş saparyny edip, daýhanlar bilen surata düşdi

G.Berdimuhamedow ýeralma ekýän daýhanlar bilen surata düşdi. Türkmen TW-sindan alnan surat

Türkmenistanyň prezidenti paýtagt boýunça iş saparyny amala aşyryp, Aşgabat- Türkmenabat ýokary tizlikli awtobanynyň nobatdaky tapgyryndaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy bilen tanyşdy.

Gurbanguly Berdimuhamedow dikuçarda Aşgabat-Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Babadaýhan etrabyndaky çägine ugrady, paýtagtyň günorta künjeginde, dag eteklerinde alnyp barylýan gurluşyk işleri bilen tanyşdy diýip, TDH habar berýär.

Döwlet baştutany uçuşyň dowamynda Gurtly ýaşaýyş toplumynyň çäginde alnyp barylýan gurluşyk işlerini, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleri synlady.

Berdimuhamedow Babadaýhan etrabynyň Ýusup Gurbanow adyndaky daýhan birleşiginde ýeralma ekýän mehanizator we kärendeçi daýhan bilen söhbetdeş boldy, ekerançylaryň haýyşy boýunça olar bilen ýadygärlik surata düşdi.

Aşgabat-Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen-Mary böleginiň gurluşygynyň başlanýan ýerinde prezidente kuwwatly tehnikalar görkezildi, ol gurluşykçylaryň ýanyna baryp, olar bilen gürrüňdeş boldy, ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen- Mary böleginde asfalt örtügini düşemek işlerine ak pata berdi.

Soň ol täze awtomobil ýolunyň geçjek ugurlarynyň çyzgylary, ýoluň ugrunda bina edilýän desgalar, awtoulag serişdelerine tehniki taýdan hyzmat edýän bölümler barada giňişleýin maglumat berýän çyzgylar we taslamalar bilen tanyşdy we olar baradaky belliklerini aýtdy, degişli düzedişleri girizdi.

Şeýle-de, prezidentiň ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Aşgabat-Tejen böleginiň ugrunda ýerleşýän “Kerwensaraý” medeni-dynç alyş merkeziniň ýanynda awtomobillere ýangyç guýujy bekediň hünärmenlerine alyp barýan asylly işlerinde üstünlik arzuw edip, bu ýerden dikuçarly gaýdandygy habar berilýär.

Bu Berdimuhamedowyň "ýaşlara ýol bermek" niýetini aýdyp, irki saýlawlary geçirmek tabşyrygyny berenden soň dikuçarda eden ilkinji iş sapary boldy.