Ýewropanyň dikeldiş we ösüş banky Türkmenistanyň ösüşini çaklaýar

Ýewropanyň dikeldiş we ösüş banky (EBRD)

Ýewropanyň dikeldiş we ösüş bankynyň Aşgabatdaky edarasynyň başlygy Fatih Türkmenogluna salgylanyp, “Trend” neşiri Türkmenistanyň jemi içerki önüminiň şu ýyl 6 göterime çenli ösmegine garaşylýandygyny habar berýär. Emma Bütindünýä banky Türkmenistany şu ýylyň ýanwarynda tapgyr ikinji gezek “Global ykdysady perspektiwalar” hasabatyndan çykardy.

"Geçirilen pul serişdeleriniň köpelmeginiň hasabyna hususy sarp edişligiň ýokarlanmagy we infrastruktura maýa goýumlarynyň köpelmegi esasy ösüş faktorlary bolup durýar. Pandemiýanyň ýagdaýyna baglylykda bu çaklama täzeden seredilip bilner" diýip, Türkmenoglu aýdypdyr.

Şeýle-de ol Türkmenistanyň gün we ýel energiýasyny öndürmek babatyndaky uly mümkinçiligine ünsi çekipdir.

Hünärmeniň pikiriçe, türkmen hökümeti uglewodorod serişdelerini ulanmak babatyndaky durnuksyzlyga göz ýetirýär we daýanykly energiýa serişdelerini öndürmek üçin alternatiw ýollary gözlemegiň ähmiýetine ýokary baha berýär. Türkmenoglu bankyň bu pikir-garaýyşlary goldaýandygyny aýdýar.

Degişli maglumat Bütindünýä banky Türkmenistany hasabatdan çykardy

Şol bir wagtda, Türkmenoglunyň sözlerine görä, Ýewropanyň dikeldiş we ösüş bankynyň Türkmenistanda gaýtadan işlenilýän energiýa pudagy bilen baglanyşykly anyk taslamasy ýok. Emma ol bankyň bu ugurda edilip biljek hyzmatdaşlyk mümkinçiligini öwrenmäge açykdygyny belleýär.

2020-nji ýylyň oktýabryndaky maglumata görä, Ýewropanyň dikeldiş we ösüş banky Türkmenistanda işe başlaly bäri ýurduň dürli pudaklaryndaky 70 töweregi proýekte 272 million ýewro möçberinde sermaýa ýatyrypdyr.

Emma Türkmenistanyň çap edýän ösüş sanlary soňky döwürde halkara guramalaryny kän kanagatlandyrmaýana meňzeýär.

Has anygy, Bütindünýä banky Türkmenistany şu ýylyň ýanwarynda tapgyr ikinji gezek “Global ykdysady perspektiwalar” hasabatyndan çykardy.

Azatlygyň geçen ýylda habar berşi ýaly, Bütindünýä banky “Global ykdysady perspektiwalar” atly soňky hasabatynda, ygtybarly maglumatlaryň ýoklugy sebäpli, Türkmenistany hasabatdan çykardy.

“Esaslandyrylan hildäki ygtybarly maglumatlaryň ýoklugy sebäpli, Bütindünýä banky häzirki wagtda Türkmenistan we Wenesuella boýunça ykdysady önüm, girdeji ýa-da ösüş maglumatlaryny çap etmeýär. Türkmenistan we Wenesuella makroykdysady agregatlardan aýrylýar” diýip, hasabat aýdýar.

Degişli maglumat Türkmen lideri milli puluň satyn alyjylyk ukybyny berkitmegi tabşyrýar

Ýatlasak, mundan ozal, Halkara walýuta fondy hem aprelde türkmen hökümetiniň resmi statistiki sanlaryny ulanmagy bes etdi. Pul gaznasy “Dünýä ykdysadyýetiniň ösüş perspektiwalary” atly soňky hasabatynda, JIÖ ösüş derejesi boýunça, Türkmenistanyň hödürleýän sanlaryny ulanmady.

Azatlygyň bu meseleler, hususan-da yglan edilýän ösüş sanlary, önümçilik görkezijileri bilen ýerli ilatyň durmuş, ýaşaýayş derejesiniň arasyndaky tapawut boýunça türkmen resmilerinden açyk ýa anonim şertde düşündiriş almak synanyşyklary häzirlikçe netije bermeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.