Türkmen diplomatlary Berlinde köçe-ýol hereketiniň düzgünlerini ýygy-ýygydan bozýan sürüjileriň sanawyna girdi diýip, “Turkmen.news” german neşirine salgylanyp habar berýär. Mundan öň garaşsyz neşirler türkmen prezidentiniň giýewisi bilen gyzynyň Londonda bir ýerli raýaty ‘utandygyşy’, Fransiýadaky türkmen ilçisiniň aýalyna we gyzyna el galdyryşy, Türkiýedäki konsullykda bolsa aktiwistiň ýenjilişi barada habar beripdiler.
“Spiegel” türkmen diplomatlarynyň düzgün bozmalary baradaky habary Hrtistian-demokratik bileleşigi partiýasynyň paýtagtyň içeri işler bölüminden alnan maglumaty esasynda çap edipdir.
Polisiýanyň parlament derňewine beren jogabyna laýyklykda, daşary ýurtly diplomatlar geçen ýyl german paýtagtynda 9973 gezek köçe-ýol düzgünlerini bozupdyr. 2021-nji ýyl boýunça heniz doly maglumat ýok.
Ýöne ýanwar-noýabr aýlarynyň maglumatlaryna görä, daşary ýurtly diplomatlar paýtagtdaky 46 köçe-ýol hadysasyna dahylly bolup, bularyň 28 sanysynda wakanyň bolan ýerinden gaçyp, gizlenmäge çalşypdyr. Eldegrilmesizlik hukuklary sebäpli, düzgüni bozan diplomatlar jogapkärçilige çekilmedi we, eger olara jerime salnan bolsa, býujete 200 müň ýewro golaý serişde gelip gowuşardy diýip, habarda aýdylýar.
Degişli maglumat Aktiwist Stambuldaky türkmen konulhanasynda başdan geçirenlerini gürrüň berdiBerlinde köçe-ýol hereketiniň düzgünlerini ýygy-ýygydan bozmakda türkmenistanlylar saudly, gresiýaly, ABŞ-ly, yrakly, orsýetli, sudanly, müsürli, ýemenli we indoneziýaly kärdeşleri bilen ilkinji onluga giripdirler. Bu düzgün bozmalaryň iň köp ýaýrany tizligi artdyrmak we nädogry park etmek bolup durýar.
Türkmen diplomatlary geçen ýyl diňe Berlindäki sürüjilik geleňsizlikleri bilen tapawutlanmady, eýsem olaryň käbiri gender deňligi ýa adam hukuklary meselesindäki 'özboluşly' çemeleşmeleri bilen hem metbugat sahypasyna düşdi.
Fransiýanyň "Le Parisien" gazetiniň 13-nji maýda çap eden habaryna görä, Türkmenistanyň Fransiýadaky ilçisi aýalyna we 19 ýaşly gyzyna garşy el güýjüni ulanmakda güman edildi. Has anygy, žurnalistlere mälim bolmagyna görä, 46 ýaşly diplomatyň aýaly 12-nji maý güni polisiýa ýüz tutup, adamsynyň özüni we gyzyny urandygyny aýtdy.
Habarda aýdylmagyna görä, polisiýa gelende, maşgalabaşy öýünde ýok eken. Bu wakadan soň türkmen diplomatynyň aýalyna we gyzyna myhmanhanada gaçybatalga berildi.
Degişli maglumat Türkmenistanyň Fransiýadaky ilçisi aýalyny we gyzyny urmakda güman edilýärFransuz gazeti bu habarda türkmen diplomatynyň adyny agzamady. Emma soň, şol ýylyň 18-nji awgustynda çykan resmi habara görä, prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Fransiýadaky we Portugaliýadaky ilçisi Şöhrat Jumaýewi, sebäbini aýdyňlaşdyrmazdan, birbada iki wezipesinden hem boşatdy.
Maglumat üçin aýdylsa, Şöhrat Jumaýew Fransiýadaky wezipesine 2018-nji ýylyň dekabrynda bellenipdi.
Köçe-ýol hereketiniň düzgünlerini bozmak faktyna dolansak, bu meselede ozaly prezident maşgalasynyň, hususan-da onuň uly gyzy bilen uly giýewisiniň görelde görkezendigini bellemeli bolýarys.
Gurbanguly Berdimuhamedowyň Londonda konsul bolup işleýän giýewisi Döwlet Atabaýew bilen onuň aýaly, prezidentiň Angliýadaky türkmen ilçihanasynda birinji sekretar bolup işleýän gyzy Oguljahan Atabaýewanyň Londonda köçe-ýol hereketiniň düzgünini bozuşyny görkezýän wideo 2019-njy ýylyň güýzünde peýda boldy. 8-nji oktýabrda "Diplomats don't care about the law?" diýlip goýlan wideo häzire çenli 42 müňden gowrak adam tomaşa edipdir.
Wakanyň ýazgysyndan görnüşine görä, britan raýaty türkmen diplomatyna paýtagtdaky köçe düzgünlerini bozýandygyny, ruluň arkasynda telefon ulanmak bilen, başgalaryň janyny hem howp astyna salýandygyny düşündirjek bolýar. Emma Döwlet Atabaýew elini galgadyp, onuň bilen gödek gürleşýär we düzgünleri berjaý etmäge çagyran ýerli raýaty ‘utandyrmaga’ çalyşýar.
Geçen ýyl Stambuldaky türkmen konsullygynda ýenjilendigini aýdan Farhat Durdyýewiň Azatlyk bilen söhbetdeşlikde beren gürrüňleri hem türkmen diplomatlaryny ‘bezemedi’, ejir çeken bu iş boýunça türk häkimiýetlerine şikaýat edendigini aýtdy.
Ozalky diplomat, Türkmenistanyň Türkiýedäki we Ysraýyldaky ilçisi wezipelerinde işlän Nurmuhammet Hanamowyň tassyklamagyna görä, öňki ýyllarda, onuň ilçi bolup işlän döwründe türkmen diplomatlary öz işleýän ýurtlaryndaky ýerli kanunlary berk berjaý edip, öz wekilçilik edýän ýurtlarynyň abraýyny saklamaga aýratyn üns berýärdiler we beýle zatlar asla eşidilmeýärdi.
Degişli maglumat Türkmenistan birnäçe ilçisini çalyşdyÝöne Hanamow şol wagtky prezident Saparmyrat Nyýazowyň özüni ömürlik prezident etmegi bilen, diplomatlaryň arasynda Aşgabatda alnyp barylýan syýasatdan içki nägileligiň barha köpelendigini we munuň ahyrda olaryň birnäçesiniň ýaşaýan ýerinden syýasy gaçaybatalga soramagyna, oppozisiýa goşulmaghyna alyp gelendigini, bu ýagdaýyň diplomatlaryň syýasy pikir-düşnjeleriniň Aşgabatdaky hkümetiň talap edýän ‘galyplaryna sygmazlygy’ netijesinde emele gelendigini belledi.
Häzir Awstriýada ýaşaýan N. Hanamowyň pikiriçe, türkmen diplomatlarynyň atlarynyň soňky ýyllarda dürli düzgün bozmalaryň gapdalynda çykmagy kadrlaryň şahsy wepalylyk nukdaý nazaryndan saýlanyp alynmagy bilen bagly bolup görünýär.
“Birinjiden, biz ýaly [ýurdy] terk edip gitmez ýaly, [ilci wezipesine] özlerine ýakyn adamlary belleýärler. Onsoň, ola adamlaryň hem bir topary şu günki döwlet başyndaky adamlaryň ýakynlary bolup çykýar. Şolaryň hereketleri bulara-da geçýär... Munuň sebäbi diňe özlerine görä adamlary saýlap alýarlar, şonuň üçin şeýle bolýar” diýip, Hanamow Azatlyk bilen telefon arkaly gürleşende aýtdy.
Döwlet eýeçiligindäki türkmen metbugaty ýa häkimiýetler daşary ýurtlardaky türkmen türkmen diplomatlary barada çykýan maglumatlara hiç bir reaksiýa bildirmeýärler.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.