Rus resmileri şu hepdäniň başynda Russiýanyň döwlet eýeçiligindäki RT DE gullugynyň ýapylmagyna jogap edip, “Deutsche Welle” (DW) media korporasiýasynyň ýurtdaky işini togtatmalydygyny aýtdylar. Germaniýanyň media serişdesi muny “manysyzlyk” atlandyrdy we öz ýaýlymlaryny dowam etdirjekdigini söz berdi.
3-nji fewralda Russiýanyň Daşary işler ministrligi DW-niň Russiýadaky býurosynda işleýän ähli işgärleriniň akreditasiýasynyň ýatyrylýandygyny, şeýle-de onuň Russiýanyň çägindäki efirleriniň togtadylýandygyny aýdyp, beýanat ýaýratdy.
Beýanatda munuň DW bilen baglylykdaky görüljek çäreler boýunça “ilkinji ädim” bolandygy hem bellenilýär.
Rus daşary syýasat edarasy DW-ni daşary ýurt agenti hökmünde hasaba aldyrmak boýunça çärelere başlanandygyny, şeýle-de RT-niň Germaniýadaky işini togtatmak kararyna ilteşikli bolan german resmileriniň Russiýa girmeginiň öňüni almak planlaşdyrylýandygyny hem nygtady.
DW-niň direktory Peter Limbourg media serişdesiniň “Russiýanyň hökümetiniň manysyz hereketlerine protest bildirýändigini, şeýle-de munuň bilen baglylykda kanuny çäreleri görmekçidigini” aýtdy.
Rus resmileriniň bu baradaky kararyndan bir gün öň, Germaniýanyň media gözegçilik edarasy RT DE-niň nemes dilindäki maglumatlaryny ýurtda togtatmak barada karar çykardy. Ol geçen dekabrda RT-niň degişli ygtyýarnamasynyň ýokdugy baradaky hökümini tassyklady.