Mary: MHM dindarlary soraga çekýär

Illýustrasiýa suraty

Şu günler Mary welaýatynda Milli howpsuzlyk ministrliginiň (MHM) işgärleri dindarlara gözegçiligi gaýtadan güýçlendirdiler. Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysynyň maglumatlaryna görä, howpsuzlyk işgärleri öýünde dini mazmunly kitap saklamakda güman edilýän we namaz okaýan adamlary MHM-niň edarasyna çagyryp, soraga çekýärler.

"Olar maňa "Kim wagyz edýär? Kim hökümete garşy gürrüňler edýär? Kim namaz okamagy öwredýär?" diýen soraglary berdiler" diýip, soraga çekilen, namaz okaýan maryly ýaşaýjylaryň biri 27-nji ýanwarda habarçymyza beren maglumatynda aýtdy.

Soraga çekilen adamlaryň ençemesiniň habarçymyza aýtmagyna görä, olar özleriniň näme sebäpden MHM-niň edarasyna çagyrylandyklaryny soranda, howpsuzlyk işgärleri olaryň atlarynyň "gara sanawa" goşulandygyny aýdýar.

Degişli maglumat Lebap: MHM dindarlaryň öýlerini dökýär

"Biz olardan näme sebäpden bizi gara sanawa goşandyklaryny soradyk. Şonda MHM-niň işgärleri "Geçen ýylyň tomsunda siziň öýleriňizi döküp, soraga çekenimizde, "wahabist bolmasaňyz, arak içiň" diýdik. Sizem içmediňiz. Şol sebäpli siz gara sanawa goşuldyňyz" diýdiler. Men indi bularyň gözünde wahabist bolupdyr" diýip, maryly ýaşaýjy belledi.

Ýatlatsak, geçen ýylyň iýulynda Azatlygyň Mary we Lebap welaýatlaryndaky habarçylary MHM-niň işgärleriniň öýünde dini mazmunly kitap saklamakda güman edilýän adamlaryň öýlerini dökýändigini we olary soraga çekýändigini habar beripdiler.

Şonda habarçylarymyz MHM-niň ýerli edaralarynyň işgärleriniň dindar we namazhon hasaplanýan adamlaryň öýlerinde Gurhandan başga dini kitabyň saklanylmazlygyny talap edýändigini aýdypdylar. Şonda habarçylarymyz MHM-niň edarasyna çagyrylan adamlaryň ençemesiniň özlerine hödürlenen aragy içmekden ýüz öwrendiklerini hem gürrüň beripdiler.

Häzirki wagt gaýtadan soraga çekilýän bu adamlar MHM-niň işgärleri tarapyndan özleriniň surata düşürilendigini hem aýtdylar. Şeýle-de, olar MHM-niň işgärleriniň öz öýlerine hem barýandygyny we maşgala agzalarynyň nähili kitaplary hem-de näçe wagt namaz okaýandyklary bilen gyzyklanýandyklaryny hem bellediler.

Degişli maglumat 'Wahhabist üýşdümi?' diýip, adamlary metjitden kowdular

Azatlyk bu aýdylanlar barada MHM-niň Marydaky edarasy we Marynyň Polisiýa müdirligi bilen habarlaşyp, goşmaça maglumat alyp bilmedi.

Türkmenistanyň hökümeti din azatlygyna gözegçilik edýän halkara hukuk toparlary tarapyndan ýurt raýatlarynyň din azatlyklaryny berk çäklendirmekde tankyt edilýär. Häkimiýetler ýurtda dindar hasaplanýan adamlara garşy basyşlary wagtal-wagtal güýçlendirýär.

Geçen ýylyň martynda Azatlygyň Marydaky habarçysy türkmen häkimiýetleriniň baş metjide baryp, Miraj gijesinde ýagşy dileg edýän ýaşaýjylary kowandygyny habar berdi.

Dünýewi Türkmenistanyň baş kanunynda raýatlaryň din azatlyklaryna kepil geçilýär. Ýöne iş ýüzünde dürli dinleriň wekilleri, şol sanda musulman ynanjyna eýerýän adamlar özleriniň häkimiýetler tarapyndan ýanalýandyklaryny aýdýarlar.

Degişli maglumat Maryda adamlar ýene metjitden kowuldy. Sebäbi – bolanok

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.