25-nji ýanwarda ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde türkmen aktiwistleri syýasy tussaglaryň boşadylmagyny talap edip, protest çäresini geçirdiler. Bu barada “Türkmenistanyň demokratiki saýlawy” (DWT) oppozisiýa toparynyň lideri Myrat Gurbanow özüniň sosial ulgamlarynda mälim etdi.
Protest çäresinden iberilen suratlarda demonstrantlaryň golaýda Türkiýeden Özbegistana deportasiýa edilen aktiwist Jumasapar Dädebaýewiň, Russiýadan Türkmenistana iberilen Azat Isakowyň we türkmen türmesinde saklanylýan aktiwist Mansur Mingelowyň dagy suratlaryny göterip çykandygyny görse bolýar.
BMG-niň Nýu-Ýorkdaky baş edarasynyň öňüne gelen protestçiler türkmen aktiwistleriniň dessine azat edilmegini talap etdiler. Olar munuň bilen baglylykda, BMG-ä ýörite ýüzlenme-haty hem tabşyrmagy göz öňünde tutýandyklaryny aýtdylar.
Degişli maglumat Häkimiýetler daşary ýurtlardaky türkmen aktiwistlerine garşy ýygnaklary geçirýärlerEkspertler Türkmenistanda dünýädäki iň repressiw hökümetleriň biriniň hereket edýändigini, ýurduň içinde hökümete garşy tankydy pikirlere ýol berilmeýändigini we teswirleri prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň režimini sähel bolsa-da tankytlaýan ýaly hasaplanýan adamlaryň dessine sem edilýändigini aýdýarlar.
Muňa garamazdan, soňky ýyllarda Türkmenistanyň daşynda ýaşaýan türkmenler has köp öz pikirlerini beýan edip başladylar. Olaryň käbiri ABŞ-da, Ýewropanyň birnäçe ýurdunda, Türkiýede Berdimuhamedowyň hökümetine garşy aç-açan çykyş etdiler we çykyşlaryny dowam etdirýärler.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.