Darganata: gyşyň aýazly günlerinde oba ilatyna gaz berilmeýär, elektrik yzygiderli kesilýär

Illýustrasiýa suraty

Lebap welaýatynyň Darganata etrabynda howanyň temperaturasy gündizlerine -1, gijelerine -7 gradusa çenli ýetýän şu günlerde hojalyklara tebigy gaz kadaly berilmeýär. Sebitde elektrik üpjünçiligi hem yzygiderli kesilýär we ilatyň ýylynmak meselesinde bökdençlikler döreýär. Gaz we tok üpjünçiligindäki problemalar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy sebitden habar berýär.

Onuň maglumatlaryna görä, döwlet tarapyndan hojalyklara goýberilýän tebigy gazyň mukdary we basymy pesligi sebäpli etrabyň obalarynyň tas 70%-ne gaz barmaýar.

"Obalaryň aglabasynda gaz basymy tas nola deň. Oba ýaşaýjylary öýüni ýylytmak üçin elektrik peçleriniň kömeginden peýdalanmaly bolýarlar" diýip, ýagdaýdan habarly ýerli ýaşaýjy anonim şertinde 25-nji ýanwarda habarçymyza gürrüň berdi.

Degişli maglumat Marynyň oba ilaty ýene toguň we gazyň kadasyz üpjünçiliginden kösenýär

Ýöne ol obalarda elektrik energiýasynyň üpjünçiliginiň hem kadaly däldigini aýdyp, onuň günüň dowamynda ençeme gezek kesilýändigini belleýär. Bu ýaşaýjylaryň elektrik enjamlarynyň ýygy-ýygydan hatardan çykmagyna getirýär.

Habarçymyz bilen söhbetdeş bolan oba ýaşaýjylarynyň we ýerli elektrik hünärmenleriniň ençemesiniň sözlerine görä, toguň yzygiderli kesilmegine transformatorlaryň könelendigi sebäp bolýar.

"Obalardaky transformatorlar takmynan 25 hojalyga goýberilýän elektrik togy üçin niýetlenendir. Ýöne häkimiýetler şol transformatorlar esasynda takmynan 150 hojalyga tok akdyrýar" diýip, efirde atlandyrylmasyzlygyny soran ýerli elektrik hünärmeni aýtdy.

Habarçymyz gaz we elektrik üpjünçiligindäki problemalara sebitiň orta mekdeplerinde hem duş gelse bolýandygyny aýdýar. Onuň sözlerine görä, Darganata etrabyndaky 10, 14, 15, 18, 25 we 34-nji mekdepler gaz hem-de elektrik energiýasy bilen kadaly üpjün edilmeýär. Şol sebäpli bu mekdeplerde ýyladyş ulgamy hem işlemeýär.

"Okuwçylar synplarda paltolaryny geýip, sapak geçýärler. Käbir mekdeplerde karantin sebäpli okuwçylaryň sapaklary üç smena bölündi. 10, 14 we 15-nji mekdepleriň ýolbaşçylary okuwçylaryň sowuk synplarda kesellemeginden alada edip, diňe 45 minut sapak geçýärler we şondan soň okuwçylary öýlerine goýberýärler" diýip, ýerli ýaşaýjy aýtdy.

Degişli maglumat Darganatada howa sowady, ilata berilýän gaz peseldi

Azatlyk bu aýdylanlar barada goşmaça maglumat almak üçin Dargatana etrap häkimligi, elektrik we gaz edaralary bilen habarlaşama synanyşdy. Ýöne redaksiýamyzyň 25-nji ýanwarda ýerli wagt bilen ikindine çenli telefon arkaly eden synanyşyklary netije bermedi.

Türkmenistanda ilatyň gaz we elektrik üpjünçiligindäki problemalar, galyberse-de, ýyladyş ulgamyndaky bökdençlikler ýyllarboýy dowam edýär. Ýöne soňky ýyllarda bu bu problemalar has-da ýitileşýär.

Ýurduň paýtagtynda, welaýat merkezlerinde we çetki obalarynda gazyň, elektrigiň kadasyz üpjünçiligi we ýyladyş ulgamynyň hatardan çykmagy yzygiderli gaýtalanýar. Bu problemalar gyşyň aýazly we tomsuň jokrama yssy günlerinde has-da ýitileşýär. Obalarda odun ýakyp nahar taýýarlaýan we ýylynýan hojalyklar köpelýär. Bu ýagdaýlar barada yzygiderli habar berýän Azatlygyň habarçylary soňky gezek 7-nji ýanwarda maglumat berdiler.

Türkmen häkimiýetleri bu problemalary aç-açan boýun almaýar. Döwlet gözegçiligindäki media serişdeleri hem, ilatyň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary barada mesele gozgamaýar.

Gyş aýlarynda ilatyň gaz we elektrik üpjünçiligi bilen bagly problemalar Merkezi Aziýa ýurtlarynyň tas ählisinde ýüze çykýar. Ýöne Merkezi Aziýanyň beýleki dört ýurdundan tapawutlylykda, Türkmenistan öz çägindäki gaz gorlarynyň mukdary boýunça dünýäde ilkinji orunlaryň birini eýeleýär. Galyberse-de, Türkmenistan özüniň goňşy ýurtlaryna, şol sanda Owganystana, Eýrana we Özbegistana elektrik energiýasyny eksport edýär.

Degişli maglumat Maryda ýyladyşdaky bökdençlikler saklanýar, Garagum etrabynyň obasynda ilat odun ýakyp ýylynýar

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.