Häkimiýetler içerki zähmet migrantlaryny paýtagtdan we Ahaldan çykarýar

Arhiwden alnan illýustrasiýa suraty

Aşgabat şäheriniň we Ahal welaýatynyň häkimiýetleri beýleki welaýatlardan sebite gelip işleýän içerki zähmet migrantlaryny öz ýaşaýan ýerlerine iberip başlady. Häkimiýetler sebitde işlemek isleýän içerki migrantlardan resminamalaryň ençemesini talap edýär. Bu barada içerki migrantlaryň ençemesi Azatlyk Radiosynyň paýtagtdaky habarçysyna gürrüň berdi.

Habarçymyzyň maglumatlaryna görä, geçen hepdäniň ahyrynda, 22-23-nji ýanwarda Aşgabadyň we Ahalyň polisiýa hem-de Migrasiýa gullugynyň işgärleri welaýatlardan, hususan-da Lebapdan gelip işleýän içerki zähmet migrantlaryna garşy reýd geçirdiler.

Bu reýdler şäher içindäki we daşyndaky gurluşyk sebitlerine, paýtagtyň "Gündogar" bazaryna we beýleki ýerlere gurnaldy. Bu ýerde işleýän içerki migrantlardan ençeme resminama, şol sanda koronawirusa garşy waksina edilendigi baradaky kepilnama talap edildi.

Degişli maglumat Aşgabat häkimiýetleri içerki migrantlary paýtagtdan çykarýar

"Köp adam koronawirusa garşy waksina etdiren bolsa-da, häkimiýetleriň soraýan beýleki resminamalaryny görkezip bilmedi. Sebäbi içerki migrantlar şol resminamalar barada birinji sapar reýd geçirilende bilip galdylar" diýip, efirde adynyň Parahat diýlip tutulmagyny soran lebaply içerki migrant 24-nji ýanwarda habarçymyza gürrüň berdi.

"Farap we Darganata etraplaryndan Aşgabada we Ahala baryp işleýän raýatlardan diňe waksina edilendigi baradaky kepilnama däl, eýse etrap häkiminden we welaýat Migrasiýa gullugyndan alnan ýörite rugsat hatlary hem soralýar. Ýagny, mundan beýläk Ahala we Aşgabada gidip işlejek raýatlar etrap häkiminden we Migrasiýa gullugyndan ýörite hat almaly bolýarlar. Şeýle-de, polisiýadan alnan haty hem görkezmeli" diýip, 45 ýaşly lebaply içerki migrant belledi.

Azatlyk paýtagtyň häkimiýetleriniň içerki migrantlary Aşgabatdan çykarmak tejribeleri barada indi ençeme ýyl bäri habar berip gelýär. Häkimiýetler bu çäreleriniň sebäplerini aç-açan beýanat bilen düşündirmeýär. Gurluşyk we beýleki işlerde zähmet çekýän welaýat ýaşaýjylary öz sebitleri bilen deňeşdirilende paýtagtyň iş babatda has köp mümkinçilik hödürleýändigini aýdýarlar.

Habarçymyzyň maglumatyna görä, häzirki talap edilýän resminamalaryň aglabasy içerki migrantlarda ýokdugy sebäpli 250-den gowrak lebaply migrant Aşgabatdan we Ahaldan Lebap welaýatyna iberildi.

Degişli maglumat Balkanyň häkimiýetleri içerki migrantlary welaýatdan çykarýar

"Aşgabadyň we Ahalyň polisiýa hem-de Migrasiýa işgärleri Lebaba ugradylan işçilere indi agzalan resminamasyz tutuljak adamlaryň bir ýyldan üç ýyla çenli Aşgabada we Ahala girmegine gadaganlyk giriziljekdigini hem duýdurdylar. Olar bu barada raýatlaryň elektron ulgamyndaky resminamalaryna bellik düşse, onda olaryň üç ýyla çenli uçara we otla münmegine hem gadaganlyk giriziljekdigini hem duýdurdylar" diýip, lebaply işçi aýtdy.

Pandemiýanyň başyndan bäri ýurtda koronawirusyň hasaba alnandygyny resmi taýdan ykrar etmeýän türkmen häkimiýetleri bu işlerini wirusa garşy öňüni alyş çäreleri diýip düşündirýärler.

Ýöne lebaply işçileriň sözlerine görä, olar wirusa garşy öňüni alyş çäreleri bilen etrap häkimliginden we Migrasiýa gullugyndan talap edilýän resminamalaryň arasynda nähili arabaglanyşygyň bardygyny anyklaşdyrmaýarlar.

Galyberse-de, içerki migrantlar häkimiýetleriň bu çärelerini Halk Maslahatynyň fewralda geçiriljek nobatdan daşary mejlisiniň öň ýanynda, "paýtagty we Ahaly içerki migrantlardan arassalamak kampaniýasy" diýip atlandyrýarlar.

Bellesek, Türkmenistanda 11-nji fewralda Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisini geçirmek we onuň dowamynda ýurduň 30 ýyllyk geljegini ara alyp maslahatlaşmak göz öňünde tutulýar.

Azatlyk ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada goşmaça maglumat ýa kommentariýa almak üçin Aşgabadyň Polisiýa müdirligi we Migrasiýa gullugy bilen habarlaşamaga synanyşdy. Ýöne redaksiýamyzyň 24-nji ýanwarda ýerli wagt bilen ikindine çenli telefon arkaly eden synanyşyklary netije bermedi.

Degişli maglumat Türkmenistan 11-nji fewralda geljek 30 ýylyň maslahatyny eder

Häkimiýetler türkmen paýtagtyndan içerki migrantlary çykarmak işlerini wagtal-wagtal, hususan-da, baýramçylyklaryň ýa-da uly çäreleriň öňüsyrasynda ýaýbaňlandyrýar. Şeýle işler soňky gezek geçen ýylyň martynda, Nowruz baýramynyň öň ýanynda amala aşyrylypdy.

Bu çäreleriň sebäpleri resmi derejede aýdyňlaşdyrylmaýan mahaly, käte türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň howpsuzlyk ýolbaşçylaryndan içerki migrantlary berk gözegçilikde saklamagy talap edýär.

Geçen ýylyň 1-nji iýulynda geçirilen Howpsuzlyk Geňeşiniň maslahatynda prezident Berdimuhamedow Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygyna "hemişelik ýaşaýan ýerinden başga ýere zähmet işini amala aşyrmak üçin ýa-da beýleki maksatlar bilen gidip, şol ýerde wagtlaýyn bolýan raýatlaryň bellige alynmagyna berk gözegçiligi üpjün etmegi tabşyrdy".

Türkmenistanyň raýatynyň hereket azatlygyna we ýaşajak ýerini öz islegine görä saýlamak hukugyna ýurduň baş kanunynda kepil geçilýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.