Bütindünýä saglyk guramasy koronawirusyň häzir ýaýraýan "omikron" görnüşiniň tolkunlary sowlandan soňam Ýewropadaky pandemiýanyň soňlanmazlygynyň ähtimaldygyny aýdýar.
BSG-nyň Ýewropa sebitiniň müdiri Hans Klýugäniň sözlerine görä, "Sebitiň pandemiýanyň soňky tapgyryna geçýän bolmagy gaty ähtimal". Emma muňa garamazdan, koronawirusyň indi bolup biljek täze wariantlaryna ýakyndan gözegçilik etmek zerur diýip, ol aýtdy.
Klýugäniň pikiriçe, "omikronyň" Ýewropadaky ýaýrawy azalansoň, "birnäçe hepdäniň we aýyň içinde global immunitet bolar".
Tomus paslynyň ýakynlaşmagy bilen, COVID-19 ýylyň aýagynda yzyna gaýdyp gelmezinden ozal asudalyk bolar, ýöne "pandemiýanyň gaýdyp gelmegi hökman däl" diýip, BSG-nyň wekili aýtdy.
Şol bir wagtda, biz gaty seresap bolmaly, sebäbi koronawirus bizi geň galdyrma kemini goýmady diýip, Klýuge sözüniň üstüni ýetirdi.
Emma BSG-nyň hünärmeni Mariýa van Kerkhowe Klýuge bilen ylalaşmaýar.
Onuň pikiriçe, “omikron” ýokuşmalarynyň azalmagy bilen pandemiýa soňlanmaz, sebäbi wirus üýtgemegini dowam etdirýär we onuň täze dörejek görnüşleriniň has howply bolmagy hem mümkin.