Aşgabatda çörek her gün diňe 15 minut satylýar

Döwlet dükanyndan çörek satyn alyp barýan oglan. Arhiw suraty

Aşgabadyň döwlet dükanlarynda ilatyň günübirin sarp edýän esasy azyk önümleriniň üpjünçiligi bilen bagly problema saklanýar. Paýtagtda daňdan garaňkyda satuwa çykarylýan çörek diňe 15 minudyň dowamynda satylýar. Şeýle-de, ilat towuk ýumurtgasyny almak üçin onuň ýany bilen ýaramlylyk möhleti geçip barýan azyk önümlerini satyn almaga mejbur edilýär. Döwlet dükanlarynda iýmit üpjünçiligi bilen bagly soňky ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy Aşgabatdan habar berýär.

Habarçymyzyň maglumatyna görä, döwlet dükanlarynda çörek her gün irden sagat 5-de satuwa çykarylýar, ýöne onuň satuwy 15 minut dowam edýär. Şol sebäpli çörek nobatda duran ýaşaýjylaryň diňe 15-20%-ne ýetýär.

"Şu gün irden Magtymguly şaýolunyň ugrunda ýerleşýän 14-nji döwlet dükanyndan diňe 10 adam çörek satyn alyp bildi. Galan 50-den gowrak adam çörek alyp bilmän, öýüne boş gaýtdy" diýip, efirde atlandyrylmasyzlygyny soran ýerli ýaşaýjy şaýat bolan ýagdaýlaryny 19-njy ýanwarda habarçymyza gürrüň berdi.

Degişli maglumat Aşgabadyň ýaşaýjylary çörek almak üçin ir sagat 3-de nobata durýarlar

Habarçymyzyň sözlerine görä, bu ýagdaý çörek satyn alýan adamlaryň arasynda dawa-jenjelleriň ýygy-ýygydan döremegine sebäp bolýar.

"Türkmen häkimiýetleri azyk meselesini çözüp bilmeýändigi sebäpli nobatdaky adamlar gowşak alyjylara garşy güýç ulanýarlar. Netijede, kim has güýçli bolsa, çörek satyn almagy başarýar, ejizler çöregi täjirçilik bahasyndan satyn almaga mejbur bolýarlar" diýip, ýaşaýjy aýtdy.

Bellesek, habarçymyzyň redaksiýamyza iberen wideolarynda döwlet dükanynyň öňünde çörek satyn almak üçin nobatda duran onlarça adamyň arasynda kiçi ýaşly çagalaryň hem bardygyny görse bolýar.

Şeýle-de, onda nobatdaky dyknyşyklarda "saçynyň galandygyny" aýdyp gygyrýan çaganyň, erkekleriň we aýallaryň dawalaşýan seslerini eşitse bolýar. Azatlyk howpsuzlyk aladalary sebäpli bu wideolary çap etmekden saklanýar.

Bellesek, döwlet dükanlarynda bir sanysy 450 grama barabar çörek 60 teňňeden satylýar. Adamlar her ele üç sany satylýan çörek üçin 2 manat töleýärler.

"20 teňňe gaýtargyny soramaga hiç kim het edip bilenok" diýip, ýaşaýjy aýtdy.

Häzir hususy dükanlarda we bazarlarda satylýan adaty çöregiň biri 5 manada, süýde ýugrulan çöregiň biri 15 manada deň.

Türkmenistanda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň soňky ýyllarda has-da ýitileşmegi we hususyýetçilerde azyk bahalarynyň yzygiderli gymmatlamagy, ilat arasynda döwlet tarapyndan kesgitlenen nyrhdan satylýan iýmit önümlerine bolan islegleriň güýçlenmegine getirdi.

Degişli maglumat Marynyň döwlet dükanlarynda çörek satylmaýar

Ýöne soňky bir ýyla golaý wagt bäri häkimiýetler ilata subsidirlenen bahadan satylýan azyk önümleriniň möçberini we görnüşini yzygiderli çäklendirip gelýär. Bu çäklendirmeler şu ýylyň ilkinji günlerinden başlap has-da güýçlendi.

11-nji ýanwarda Mary welaýatyndaky habarçymyz 2022-nji ýylyň başyndan bäri döwlet dükanlarynyň tas ählisinde çöregiň satuwa çykarylmaýandygyny habar berdi.

Bu aralykda, paýtagtdaky habarçymyz döwlet dükanlarynyň aglabasynda, uzak arakesmeden soň, towuk ýumurtgasynyň satuwa çykarylandygyny habar berýär. Ýöne ony almaga isleg bildirýän ýaşaýjylardan onuň ýany bilen ýaramlylyk möhleti geçip barýan azyk önümlerini satyn almak hem talap edilýär.

"Soňky iki günüň dowamynda, ýagny 18-19-njy ýanwarda döwlet dükanlarynda ýumurtga peýda boldy. Bir ýumurtganyň bahasy 1 manada barabar bolup, her bir adama 15 sany ýumurtga satylýar. Ýöne adamlar onuň ýany bilen ýaramlylyk möhleti geçip barýan harytlary, şol sanda plitka şokolady ýa bir guty waflini, ýa-da ýarym kilogram süýjini satyn almaga mejbur bolýar. Şol goşulýan haryt bilen ýumurtganyň umumy bahasy 25-30 manat aralygynda bolýar" diýip, paýtagtly ýaşaýjy bazarlarda we hususy dükanlarda bir ýumurtganyň bahasynyň 3,5 manada barabardygyny hem sözüne goşdy.

Habarçymyz şu ýylyň başyndan bäri ilata bir sapar subsidirlenen azyk harytlarynyň paýlanandygyny, şonda iki sany towuk budunyň we 15 sany ýumurtganyň 48 manada satylandygyny hem aýtdy. Şeker we ösümlik ýagy subsidirlenen azyk harytlarynyň sanawyndan çykaryldy.

Türkmen häkimiýetleri ýurtdaky ykdysady krizisi, munuň bilen bir wagtda döwlet dükanlarynda ýitileşýän azyk ýeter-ýetmezçiligini aç-açan boýun almaýar. Redaksiýamyzyň bu barada Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginden kommentariýa almak synanyşyklary hem jogap tapmaýar.

Degişli maglumat Subsidirlenen önümleriň gymmatlaýan we ýatyrylýan wagtynda nägile bolýan adamlara basyş edilýär 

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.