Türkmenistan Türkiýeden raýatlaryny getirdi, Lebapda bir oba doly karantine ýapyldy

Türkmen häkimiýetleri halkara gatnawlar bilen birlikde, ýurduň içindäki hereketi hem berk çäklendirip başladylar.

Uzak wagtlyk arakesmeden soň, geçen dynç günleriniň dowamynda Türkmenistan pandemiýa çäklendirmeleri sebäpli iki ýyldan hem aşa wagt bäri Türkiýeden watanyna dolanyp bilmeýän raýatlarynyň ýene bir bölegini ýörite uçar bilen ýurda getirdi. Bu aralykda, dünýäde wirusyň adamdan-adama has aňsatlyk bilen geçýän omikron görnüşiniň möwjemeginiň arasynda, koronawirusyň ýeke ýagdaýyny hem resmi taýdan hasaba almadyk türkmen häkimiýetleri ozal gowşadylan çäklendirmeleri täzeden ornaşdyrdylar, şeýle-de ýurduň gündogar sebitiniň käbir obalarynda doly petiklenme yglan etdiler.

“15-nji ýanwarda giçlik ‘Türkmenhowaýollary’ gullugynyň Boeing 777 kysymly uçary Türkiýeden Türkmenabada gondy. Onuň bortunda 250 töweregi türkmenistanly bardy. Koronawirusyň omikron ştamy sebäpli, raýatlary ozalky gezeklere garanyňda hem has ýokarlandyrylan howpsuzlyk şertlerinde garşyladylar” diýip, Azatlygyň Türkmenabadyň Halkara aeroportundaky çeşmesi gizlinlik şertinde 17-nji ýanwarda gürrüň berdi.

Ol ýolagçylaryň koronawirus testinden geçirilip, hökmany 21 günlük karantine ýerleşdirilendiklerini hem sözüne goşdy.

Munuň ýurduna dolanmak mümkinçiligine garaşýan türkmen raýatlaryny watanyna alyp gitmek üçin soňky 1,5 aýyň içinde gurnalan ilkinji uçar gatnawlarynyň biri bolandygy bellenilýär. Azatlygyň çeşmeleri ýolagçy uçarynyň Türkmenistana soňky gezek 30-njy noýabrda barandygyny we onuň Moskwadan raýatlary getirendigini aýdýarlar.

Türkmenistanda yzygiderli halkara uçar gatnawlary koronawirus pandemiýasy başlanaly bäri ýatyryldy. 2020-nji ýylyň martyndan bäri, uçuşlar alty aýlap doly togtadylansoň, ýurduň müňlerçe raýaty, şol sanda studentler we daşary ýurt hassahanalarynda bejergi alan näsaglar öz watanyna gaýdyp bilmändi.

Degişli maglumat Balkanda dört raýatda "omikron tapyldy", çäklendirmeler has-da güýçlendirilýär

Türkmen resmileri raýatlaryny daşary ýurtlardan alyp gaýtmak üçin ýörite uçuşlary 2020-nji ýylyň awgust aýynda gurap başlady. Uçara münmek üçin türkmen raýatlary ilki bilen bolýan ýurtlaryndaky türkmen ilçihanalarynda sanawa ýazylmalydyr.

Türkmenistan bir ýarym ýylyň içinde Russiýadan, Belarusdan, Hindistandan, Özbegistandan, Türkiýeden we beýleki ýurtlardan raýatlaryny alyp gaýtmak üçin onlarça ýolagçy uçaryny guramalaşdyrdy.

Emma Azatlygyň habarçylarynyň sözlerine görä, daşary ýurtda galan raýatlaryň arasynda şeýle uçarlara mätäçligi yzygiderli artýar.

Munuň bilen birlikde, şeýle uçarlar arkaly Türkmenistana barmak mümkinçiligi gaty çäkli bolmagynda galýar. Käbirler sanawlara ýazylmak we Türkmenistana barýan uçara münmek mümkinçiligine ençeme aýlap garaşýarlar.

Şol bir wagtyň özünde, çeşmeleriň ençemesi raýatlaryň esli para tölemek arkaly Türkmenistana barýan uçarlara münüp bilýändigini hem öňe sürýärler. Bu mesele boýunça “Türkmehowaýollary”, şeýle-de Migrasiýa gulluklaryndan düşündiriş almak başartmaýar.

Bu aralykda, resmiler halkara gantawlar bilen birlikde, ýurduň içindäki hereketi hem berk çäklendirip başladylar.

“Lebapda sebitara hereket çäklendirmeleri hem has güýçlendirildi. 14-nji ýanwardan başlap Farap we Hojambaz etraplarynyň araçäkleri ýene-de ýapyldy. Aşgabada aşmak üçin rugsady almak tertibi hem berkleşdirildi. Ilki Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynda kowid testini tabşyrmaly. Uçara münmek üçin testiň netijesiniň möhleti 72 sagatdan geçmedik bolmaly. Mundan başga-da, ýerli häkimlige saparyň maksadyny düşündirip, ondan degişli resmi rugsady almaly” diýip, atlandyrylmasyzlygyny soran türkmenabadyň ýaşaýjysy 17-nji ýanwarda habarçymyza aýtdy.

Galyberse-de, lebaply habarçymyz Farap etrabynyň Hojakenepsi obasynda bir maşgaladan koronawirusyň ýüze çykarylmagyndan soň, häkimiýetleriň munuň omikron bolmagyndan howatyr edip, tutuş sebitde petiklenme çärelerini ornaşdyrandyklaryny hem anyklamagy başardy.

“Häzir obanyň ähli köçelerine hlor erginli suw sepilýär. Ýüzi maskaly lukmanlar gapyma-gapy aýlanyp, adamlaryň gyzgynyny ölçeýärler. Polisiýa Hojakenepsiden Faraba gidýän uly ýoly petikledi, hiç kim çykarylmaýar we goýberilmeýär. Seýdiden bu oba uzaýan awtomobil köprüsi hem ýapyldy. Oba tutuş gabawda saklanýar” diýip, bu ýagdaýlara şaýat bolan ýerli ýaşaýjylary biri gürrüň berdi.

Türkmenistanyň hökümeti, berk çäklendiriji çäreleri görýän hem bolsa, ýurtda COVID-19 keseliniň düýpden ýokdugyny resmi derejede aýtmagyny dowam etdirýär.

Degişli maglumat Aşgabadyň metjitlerinde bäş gezek azana çagyrylýar, ýöne dinçilere namaza durmak gadagan edilýär

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.