Lebap ýazky ekişe taýýarlanýar, daýhanlar suw üpjünçiliginden şikaýat edýär
Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar
Türkmenistanyň Lebap welaýatynda ekin meýdanlaryny ýazky ekişe taýýarlamak işlerine girişilmegi bilen, sebitiň daýhanlary hem ýyldan-ýyla gaýtalanýan suwuň kadasyz üpjünçiligi, abatlanmadyk kanallar hem-de suw sorujy nasoslaryň ýetmezçiligi bilen ýüzbe-ýüz boldular. Türkmenistanyň häkimiýetleri ýurduň obasenagat toplumyny yzygiderli ösdürýändiklerini tekrarlasalar-da, daýhanlar eger-de suw meselesi çözülmese, onda bu ýylky bugdaý hasylynyň hem isrip bolup biljekdigini duýdurýarlar.