Türkmenistanyň Lebap welaýatynda ekin meýdanlaryny ýazky ekişe taýýarlamak işlerine girişilmegi bilen, sebitiň daýhanlary hem ýyldan-ýyla gaýtalanýan suwuň kadasyz üpjünçiligi, abatlanmadyk kanallar hem-de suw sorujy nasoslaryň ýetmezçiligi bilen ýüzbe-ýüz boldular. Türkmenistanyň häkimiýetleri ýurduň obasenagat toplumyny yzygiderli ösdürýändiklerini tekrarlasalar-da, daýhanlar eger-de suw meselesi çözülmese, onda bu ýylky bugdaý hasylynyň hem isrip bolup biljekdigini duýdurýarlar.
“Çärjew etrabynyň ekin meýdanlaryny gyşky ýuwuş suwy bilen üpjün etmek üçin, 15-nji dekabrdan ýanwaryň ortasyna çenli Amyderýadan traktorlar bilen bäş sany täze ýap çekildi. Olar Amyderýanyň Sakar etrabynyň ‘Golownoý’ diýilýän ýerinden kesilip alynýar we Türkmenabat şäherini kesip geçip, Çärjew etrabynyň ekin meýdanlaryna çenli uzaýar” diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli atlandyrylmasyzlygyny soran ýerli daýhanlaryň biri 13-nji ýanwarda habarçymyza gürrüň berdi.
Bellesek, Türkmenistanyň oba hojalyk meýdanlarynda ýylyň başky aýlarynda gyşky ýuwuş suwlary tutulýar, ýerler ýazky ekişe taýýar edilýär. Şol bir wagtyň özünde, ýurduň ekin dolanyşygynda aýratyn ähmiýete eýe bolan bugdaý ekini üçin ösüş suwlary tutulýar.
Degişli maglumat Berdimuhamedow şahslaryň ýerden peýdalanmak hukuklaryna 'dawa salýar'Azatlygyň habarçysy bilen söhbetdeş bolan daýhan Çärjewe çekilen täze bäş ýap arkaly suwy 15-nji ýanwarda akdyryp başlamagy göz öňünde tutulýandygyny, emma Amyderýanyň suwunyň yzygiderli peselmegi netijesinde, munuň häzir tas mümkin däldigini hem sözüne goşdy.
“Amyderýanyň suwunyň 1980-nji ýyllaryň ortalaryndan häzirki güne çenli bäş esse dagy azalandygyny görse bolýar. Öňler sebitiň derýa ýakyn obalary onuň joşmagyndan howatyr eden bolsalar, häzir onuň suwy ol ýerlerden düýbünden çekilip, ozal ‘däli derýa’ atlandyrylan Amyderýa, häzir bir arygy ýadyňa salýar. Bu ýagdaýda onuň Çärjewe goşmaça çekilen ýaplar arkaly suwy doly üpjün edip bilmejekdigi görnüp dur” diýip, çärjewli daýhan belledi.
Ol Amyderýadaky suwuň häzirki derejesinde ekerançylyga zerur bolan suwy sorujy nasoslaryň kömegi bilen alyp boljakdygyny, emma olaryň hem ýetmezçiligi ekin meýdanlaryny gyşky ýuwuş suwlaryndan mahrum edýändigini belledi. Galyberse-de, lebaply daýhanyň tassyklamagyna görä, bu meseleler Lebabyň diňe bir Çärjew etrabynda däl, eýsem beýleki sebitlerinde hem saklanyp galýar.
“Suwuň kadasyz üpjünçiligi sebäpli ekin meýdanlarynda maýsalap duran bugdaýlar gurap, sap-sary bolup başlaýar. Ýyl hem gurak geldi. Bar umydymyz indi tebigatda. Häkimiýetler peýdadan köp zyýan ýetirýär” diýip, lebaply daýhan sözüni jemledi.
Geçen ýylyň iýulynda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenistanda 2022-nji ýylda bugdaýyň bol hasylyny öndürmek hakynda” karar kabul edip, meýdan işleriniň agrotehniki kadalara laýyk, bellenilen möhletlerde we ýokary hilli geçirilmegine möhüm üns berilmelidigi baradaky ýyldan-ýyla gaýtalanýan tabşyryklaryny berdi. Ýurtda şu ýyl ýygnalmagy göz öňünde tutulýan bugdaý plany barada häzirlikçe maglumat ýok.
Geçen ýyl türkmen häkimiýetleri 1 million 400 müň tonna galla hasylynyň ýygnalandygyny aýdyp, bugdaý plan borçnamasynyň doly ýerine ýetirilendigi yglan etdiler. Emma häkimiýetleriň bu öňe sürmesine garamazdan, ýurtda çörek gytçylygy we gymmatçylygy häzirki güne çenli saklanyp galýar.
Degişli maglumat Marynyň döwlet dükanlarynda çörek satylmaýarTürkmenistanda azyk howpsuzlygynyň döredilendigini, eksport edilýän önümleriň möçberiniň artýandygyny habar berýän döwlet mediasy hem daýhanlaryň ýyldan-ýyla ýüzbe-ýüz bolýan meseleleri, munuň ýurduň bazarlaryndaky saklanyp galýan azyk ýetmezçiligine we gymmatçylygyna ýetirýän mümkin täsirleri barada-da hiç maglumat bermeýärler.
Şol bir wagtda, Lebap welaýatynyň degişli häkimlikleri hem ýokarky meseleler boýunça Azatlygyň soraglaryna jogap bermekden ýüz öwürýärler.
Türkmenistan halkara hasabatlarda ýurduň çäginde suw resurslaryndan rejeli peýdalanmazlykda agzalýar. BMG-niň Azyk we oba hojalyk boýunça edarasynyň geçen awgustda çap eden hasabaty Türkmenistanyň suw resurslaryna çendenaşa agram düşýändigini duýdurdy.
Maglumat üçin aýtsak, Amyderýa Merkezi Aziýanyň iň uly derýasy hasaplanylyp, ol Owganystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň, Özbegistanyň çäklerinden geçýär. Garagum kanaly hem öz gözbaşyny uzynlygy 1 müň 415 kilometr (goşandy Penj derýasy bilen 2 müň 540 kilometr) bolan Amyderýadan alyp gaýdýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.