AI gazak häkimiýetleriniň bikanun tussaglary derhal boşatmagyna çagyrýar

Almaty. Tussag edilýän protestçi

"Amnesty International" Gazagystanyň häkimiýetleriniň geçen hepde, bütin ýurdy gaplap alan görlüp-eşidilmedik protestleriň çäginde Almatyda bolup geçen zorlukly wakalardan soň tussag edilen žurnalistleri we aktiwistleri derrew boşatmagyny talap etdi. Halkara Günä geçiş guramasynyň 12-nji ýanwarda çap eden beýanatynda aýdylmagyna görä, halkara derejesinde ykrar edilen jenaýatlary etmedik, ýöne esassyz tussag edilen we Gazagystanyň köpçülikleýin ýygnanyşyk baradaky dawaly kanunyny bozandygy üçin saklanýan adamlar derrew boşadylmaly.

Gazak resmileri gyrak-bujakdaky Manghystau sebitinde suwuklandyrylan gazdan edilen ýangyç (LPG) bahasynyň ýokarlanmagyna garşy başlanan nägileliklerden soň tutuş ýurt boýunça 10,000 töweregi adamyň tussag edilendigini habar berdiler.

Şu aralykda Russiýanyň ýolbaşçylygyndaky Kollektiw howpsuzlyk şertnamasy guramasynyň (KHŞG) 2000-den gowrak esgeriniň 13-nji ýanwarda Gazagystandan çykyp başlandygy habar berildi.

Rus goşunlary bu ýurda gaz bahasynyň gymmatlamagy bilen başlanan halk protestleriniň arasynda, öňki prezident Nursoltan Nazarbaýewe ygrarly adamlar bilen gapma-garşylyk netijesinde ýüz beren ganly çaknyşyklardan soň, resmi maglumata görä, Merkezi Aziýa ýurdundaky ýagdaýy durnuklaşdyrmaga kömek bermekleri üçin çagyryldy.

"Kollektiw parahatçylyk güýçleri, ...Russiýanyň harby-howa güýçleriniň transport awiasiýasynyň uçarlaryna ýüklemek we hemişelik ýerleşýän nokatlaryna gaýdyp gelmek üçin, enjamlary we materiallary taýýarlamaga başladylar” diýip, rus habar gulluklary Russiýanyň Goranmak ministrliginiň beýanatyna salgylanyp habar berdiler.

Russiýa, Belarus, Gazagystan, Gyrgyzystan, Ermenistan we Täjigistan ýaly öňki sowet ýurtlaryndan durýan harby bileleşik bolan KHŞG-nyň çap eden beýanatynda aýdylmagyna görä, Gazagystandan goşun çykarmak üçin 10 gün töweregi wagt gerek bolar.

Degişli maglumat "Ölüm halyndaky" ýagdaýda häkimiýet ugrunda göreş we beýleki çaklamalar. Gazagystanda bolup geçen wakalaryň aňyrsynda nämeler bar?

Prezident Kasym-Žomart Tokaýew geçen hepde, ýurduň dürli ýerlerinde köçelere çykan mähelle bilen howpsuzlyk işgärleriniň arasynda dörän çaknyşyklar adam heläkçiligine getirensoň, ýurtda adatdan daşary ýagdaý düzgünlerini yglan edip, harby bileleşigi kömege çgyrandan soň geldi.

Zorlukly wakalarda ölenleriň takyk sany şindi belli bolman galýar. Resmiler ölenleriň sanyny 164 diýip yglan etdiler, emma Tokaýew ýüzlerçe parahat ýaşaýjynyň, howpsuzlyk işgärleriniň öldürilendigini, köp adamyň ýaralanandygyny aýtdy.

Tokaýew protestleriň hökümeti agdarmak üçin geçirilendigini we onuň arkasynda "daşary ýurtlarda tälim berlen terrorçylaryň” bolandygyny öňe sürdi.

Analitikleriň pikiriçe, Tokaýewi 2019-njy ýylda prezidentlik wezipesindäki mirasdüşeri saýlaly bäri ýurtda hökmürowan şahsyýet bolup galan Nazarbaýewiň tarapdarlary bilen prezidentiň arasynda häkimiýet ugrunda içerki göreş bolana meňzeýär.

Tokaýew halk protestleri arasynda hökümeti işden çetleşdirip, 81 ýaşly Nazarbaýewi Milli howpsuzlyk geňeşiniň başlygy wezipesinden boşatdy. Ýurda uzak wagt ýolbaşçylyk eden Nazarbaýew şondan öň bu wezipesi arkaly nebite baý Merkezi Aziýa döwletine ýetirýän täsirlerini saklap galýardy.

Şeýle-de Tokaýew Milli howpsuzlyk komitetiniň (MHK) baştutany, uzak wagtlap Nazarbaýewiň ýarany bolan Karim Masimowy işinden boşatdy. Ol soňra dönüklikde aýyplanyp, derrew tussag edildi. Howpsuzlyk resmileriniň ýene birnäçesi tussag edildi. Emma olaryň wezipeleri, atlary we nähili jenaýatlarda aýyplanýandygy aýdylmaýar.

Tokaýew, ýerli walýuta - teňňä bolan ynamy güýçlendirmek üçin merkezi banka we maliýe düzgünleşdiriş gullugyna walýuta bazaryndaky durnuklylygy üpjün etmegi buýrup, ýurt raýatlaryna ykdysady durnuklylyk ugrunda işleýändigini ynandyrmaga çalyşdy.

AFP we TASS habar gulluklarynyň maglumatlary esasynda taýýarlandy.