Balkan prezidentiň saparyna taýýarlanýar, çölde emeli çopan goşy döredilýär

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Mary we Lebap welaýatlaryndan soňra, Türkmenistanyň Balkan welaýatynyň häkimiýetleri prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň sebite etjek saparyna berk taýýarlyk görýär. Welaýatyň dürli künjeginde arassaçylyk işleri geçirilýär. Bu işlere jemagat hojalygyna degişli edaralaryň işgärleri bilen bir hatarda, býujet işgärleri hem çekilýär. Bu taýýarlyklar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy Balkandan habar berdi.