Gazagystanyň häkimiýetleri resmi habarlarda ýurduň paýtagtyny "Nur-Soltan" diýip atlandyrmagy bes etdiler. Indi olar iny "Gazagystanyň paýtagty" ýa-da diňe "paýtagt" diýen sözler bilen aňladýarlar diýip, "Dožd" telekanaly Orda.kz neşiriniň žurnalisti Gulnara Bazkenowa salgylanyp habar berýär.
Onuň sözlerine görä, ýerli habar beriş serişdeleri Gazagystanyň öňki prezidenti Nursoltan Nazarbaýewiň we onuň maşgala agzalarynyň köpçülikleýin nägilelikler wagtynda ýurtdan gaçandygyny habar berdi. Emma öňki prezidentiň metbugat sekretary altynjy gün bu aýdylýanlary ret etdi we onuň paýtagtda ýerleşýändigini ynandyrmaga çalyşdy.
Nazarbaýew 2-nji ýanwarda başlanan protestlerden bäri köpçülige çykmady. Şeýle-de, onuň adyndan hiç hili beýanat edilmedi. Şol bir wagtda, iş başyndaky prezident Kasym-Žomart Tokaýew 5-nji ýanwarda Howpsuzlyk Geňeşiniň başlygy wezipesini öz üstüne alandygyny aýtdy, emma kanun esasynda bu wezipe ýogalýança Nazarbaýewe degişli bolmalydy.
Belarus lideri Aleksandr Lukaşenkonyň metbugat gullugy 7-nji ýanwar agşamy onuň Nazarbaýew bilen telefonda gürleşendigini habar berdi. "Gepleşik wagtynda söhbetdeşler Gazagystanyň ýagdaýyny jikme-jik ara alyp maslahatlaşdylar" diýip, BelTA habar berdi. Başga jikme-jiklikler aýdylmady.
Gazagystanyň paýtagty Astana 2019-njy ýylda, Nursultan Nazarbaýewiň hormatyna, Nur-Soltan ady dakyldy. Bu iş häzirki prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň teklibi bilen edildi. Häkimiýetleriň bu karary ýurduň köp raýatynda nägilelik döretdi. Paýtagtyň adynyň üýtgedilmegine garşy çykýanlar birnäçe şäherde tussag edildi.