Serhet çaknyşygynyň yz ýany, “Talyban” ýolbaşçylygyndaky hökümet ynsanperwer kömek üçin Türkmenistana minnetdarlyk bildirdi

"Talyban" ýolbaşçylygyndaky hökümetiň başlygy Mohammad Hassan Ahund Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti bilen duşuşýar.

3-nji ýanwarda türkmen-owgan serhedinde “Talyban” söweşijileri bilen türkmen serhetçileriniň arasynda bolan çaknyşykdan üç gün soňra, Owganystanyň “Talyban” ýolbaşçylygyndaky hökümeti Türkmenistanyň 14-nji dekabrda owgan halkyna iberen ynsanperwer ýardamy üçin minnetdarlyk bildirdi. Bu barada Türkmenistanyň ýarym-resmi orient.tm neşiri döwlet metbugatyna salgylanyp habar berýär.

“Talyban” ýolbaşçylygyndaky hökümetiň başlygy Molla Mohammad Hassan Ahundyň Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa iberen hatynda üç hepde gowrak mundan ozal, 14-nji dekabrda Türkmenistanyň owgan halkyna iberen ynsanperwer ýardamyna hoşallyk beýan edilýär.

Degişli maglumat Türkmen serhetçileri bilen "Talyban" söweşijileriniň arasynda çaknyşyk boldy

“Häzirki kyn şertlerde dostlukly Türkmenistan tarapyndan nebitgaz, azyk we dokma önümlerinden ybarat şeýle giň möçberli kömegiň berilmegi biziň dostlukly halklarymyzyň hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň aýdyň subutnamasydyr” diýip, “Talybanyň” egindeş esaslandyryjysy Ahund türkmen metbugatynda sitirlenýär.

Owganystanyň Jöwüzjan welaýatynyň Hamýap etrabynyň birnäçe ýaşaýjysy Türkmenistan – Owganystan serhedinde türkmen serhetçileri bilen “Talyban” söweşijileriniň arasynda bolan çaknyşyk barada 3-nji ýanwarda öýlän habar berdiler.

Bu habar soňra owgan media serişdeleri tarapyndan tassyklanyldy. “TOLOnews” habar saýty ýerli häkimiýetlere salgylanyp, araçägiň ugrunda bolan çaknyşyga “Talyban” söweşijilerine ot açan türkmen serhetçileriniň sebäp bolandygyny habar berdi.

Russiýanyň “TASS” habar gullugy “Haşt-e subh” owgan neşirine salgylanyp, bu wakany Jöwüzjan welaýatynyň maglumat we medeniýet bölüminiň başlygy Hilal Balhiniň tassyklandygyny habar berdi.

Ýöne metbugat habarlarynyň yz ýany, Türkmenistanyň Kabuldaky ilçihanasy 4-nji ýanwarda metbugat beýanatyny çap edip, serhetde bolan wakany ret etdi. Türkmen wekilhanasy birnäçe çeşme tarapyndan tassyklanan serhet çaknyşygy baradaky habarlary “barlanylmadyk we hakykata laýyk gelmeýän” habarlar atlandyrdy.

Galyberse-de, beýanat türkmen-owgan serhedini “dostluk serhedi” atlandyrdy.

“Talyban” tarapyndan Owganystan Yslam Emirligi atlandyrylýan ýurduň hökümet başlygy, Gurbanguly Berdimuhamedowa iberen hatynda özleriniň iki ýurduň arasynda gazanylan ylalaşyklary ýerine ýetirmäge taýýardyklaryny aýdypdyr.

“Talybanyň” Türkmenistana iberen minnetdarlyk haty ynsanperwer kömegiň iberilmeginden üç hepdeden gowrak wagt soňra, ýöne serhet çaknyşygyndan bary-ýogy birnäçe gün soňra çap edilýär.

Degişli maglumat Kabuldaky türkmen ilçihanasy türkmen-owgan serhedinde bolan çaknyşygy ret etdi (WIDEO)

3-nji ýanwarda Azatlyk bilen habarlaşan ýerli ýaşaýjylar türkmen-owgan serhedinde bolan çaknyşykda “Talyban” söweşijileriniň türkmen serhetçilerine garşy raketa ulanandyklaryny we çaknyşygyň birnäçe sagatlap dowam edendigini habar berdiler.

Ýigrimi ýyldan gowrak wagt bäri uruşdan ejir çeken Owganystanda awgustyň ortalarynda “Talybanyň” häkimiýeti ele geçirmegi bilen halkara guramalar, şol sanda Birleşen Milletler Guramasy owgan halkyna abanýan gumanitar betbagtçylyk barada duýduryş berdi. Şeýle duýduryşlaryň arasynda Türkmenistanyň hökümeti 14-nji dekabrda owgan halkyna 1,200 tonnadan gowrak ynsanperwer ýardam iberdi.

Türkmenistan we Owganystan köpýyllyklaryň dowamynda iki ýurdy öz içine alýan “Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan” (TOPH) ýaly iri transmilli taslamalar boýunça bilelikde hyzmatdaşlyk etmäge isleg bildirip gelýär.

Owganystanyň täze dolandyryjylary şu wagta çenli dünýäniň hiç bir ýurdy tarapyndan, galyberse-de Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilmedi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.