Moskwanyň ýolbaşçylygyndaky Kollektiw howpsuzlyk şertnamasy guramasy (KHŞG) Nur-Soltandaky hökümetiň ýagdaýy “durnuklaşdyrmaga” kömek etmek baradaky haýyşy esasynda, ýangyç bahasynyň ýokarlanmagy bilen başlanan görlüp-eşidilmedik tolgunyşyklaryň arasynda, Gazagystana rus desantçylarynyň iberilendigini aýtdy. Şu aralykda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi hem metbugat üçin maglumat çap edip, Gazagystan Respublikasynda bolup geçýän wakalara Türkmenistanyň alada bilen seredýändigini aýtdy.
Ermenistanyň premýer-ministri Nikol Paşinýanyň Facebookda ýazmagyna görä, Kollektiw howpsuzlyk şertnamasy guramasynyň (KHŞG) parahatçylyk saklaýjy güýçleriniň çäkli möhletde ýerleşdirilmegi baradaky karara Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň ýüzlenmesi esasynda gelindi.
Şeýle-de, Paşinýan bu kararyň "Gazagystan Respublikasynyň milli howpsuzlygyna we özygtyýarlylygyna daşardan gatyşylmagy netijesinde abanýan wehim sebäpli" kabul edilendigi aýdýar.
Degişli maglumat Gazak hökümeti protestler arasynda işden çekildi. Türkmenistanlylar 'gozgalaňy' ara alyp maslahatlaşýarPaşinýan Russiýa, Belarus, Ermenistan, Gazagystan, Gyrgyzystan we Täjigistan ýaly post sowet ýurtlaryndan düzülen harby bileleşikden näçe parahatçylyk goraýjy esgeriň iberiljekdigini ýa-da olaryň Gazagystana haçan geljekdigini aýtmady.
Tokaýew tutuş ýurt boýunça adatdan daşary ýagdaý yglan etdi we hökümete garşy çykýan müňlerçe demonstrant polisiýa bilen çaknyşyp, hökümet binalaryna hüjüm edeninden soň, özünden öňki ýolbaşçyny uly ygtyýarlykly ýolbaşçy wezipesinden mahrum etdi.
Şeýle-de Tokaýew, öz sözleri bilen aýdylanda, "terror howpuna" garşy durmak üçin Gazagystana kömek bermeklerini sorap, KHŞG-a ýüz tutandygyny aýtdy.
Şu aralykda, goşunlaryň şäheriň esasy meýdançasyna geçmegi bilen, öten agşam Almatyda onlarça demonstrantyň “ýok edilendigi” aýdylýar.
Gazagystanyň polisiýasy Merkezi Aziýa ýurdunyň iň uly şäheri Almatyda öten agşam, ýurt boýunça turan gozgalaňyň möwjemegi bilen, administratiw binalara hüjüm etmekçi bolan onlarça demonstrantyň “ýok edilendigini” aýtdy.
Rus habar gulluklarynyň polisiýanyň metbugat wekili Saltanat Azirbegiň 6-njy ýanwarda eden beýanatyna salgylanyp ýazmagyna görä, bu adamlar "ekstremist güýçleriň administratiw binalara, Almaty şäher polisiýa bölümine we ýerli polisiýa komissarlyklaryna hüjüm etmekçi bolanda" öldürildi.
"Roýter" habar gullugynyň maglumatyna görä, bu beýanat goşunlar Almaty şäheriniň esasy meýdançasyna tarap süýşüp başlanda çap edildi.
Şaýatlara salgylanan habar gullugy ýarag sesleriniň eşidilendigini, esgerleriň bu ýere pyýada we birnäçe sowutly ulagda gelendigini habar berdi.
Protest tolkunlary dört gün mundan ozal, nebite baý ýurduň günbatar Mangystau sebitinde ilatyň köp ulanýan ulag ýangyjynyň, suwuklandyrylan nebit gazynyň (LPG) bahasynyň birden ýokarlanmagy sebäpli döredi we, syýasy nägilelikleri hem öz içine alyp, Gazagystanyň çar künjegindäki şäherlere we şäherçelere ýaýrady.
Almatyda ýerleşdirilen goşunlaryň Kollektiw howpsuzlyk şertnamasy guramasynyň (KHŞG) parahatçylygy goraýyş güýçleriniň bir bölegi bolandygy ýa-da däldigi entek belli däl.
Tokaýew 5-nji ýanwarda hökümeti işden boşatdy we hökümete garşy müňlerçe demonstrant polisiýa bilen çaknyşyp, hökümet binalaryna hüjüm edip başlanyndan soň tutuş ýurt boýunça adatdan daşary ýagdaý yglan etdi.
Käbiri rezin taýak, taýak we galkan bilen ýaraglanan gaharly demonstrantlar 5-nji ýanwarda prezidentiň rezidensiýasyna we Almatynyň şäher häkiminiň edara jaýyna ot berdi, demonstrantlar howa menziliniň gözegçiligini hem ele geçirdiler we uçuşlaryň ählisiniň wagtlaýyn togtadylmagyna sebäp boldular.
Içeri işler ministrligi ýurtdaky bidüzgünçilikler netijesinde sekiz polisiýa işgäriniň we milli gwardiýa esgeriniň öldürilendigini, 317 adamyň ýaralanandygyny habar berdi, ýöne jikme-jik maglumat bermedi.
Degişli maglumat Türkmen DIM-i Gazagystandaky ýagdaýdan alada bildirdi, MHM işgär iberdiSosial ulgamlarda ýaýradylan wideolarda birnäçe demonstrantyň köçede serlip ýatan jesedi görkezildi. AÝ/AR ol wideolaryň asyl nusgadyny ýa däldigini garaşsyz ýagdaýda anyklap bilmeýär.
Polisiýa protestçileri dargatmak üçin göz ýaşardyjy gaz, sesli granat we rezin ok ulanyp, demonstrantlar bilen söweşdi, ýöne umuman üstünlik gazanyp bilmedi.
Aragatnaşyk gözegçileri internetiň "ýurt derejesinde" öçürilendigini habar berdiler, Azatlyk Radiosynyň žurnalistleri bolsa internet we telefon hyzmatlarynyň ep-esli ýaramazlaşandygyny aýtdylar.
Döwlet telewideniýesi 6-njy ýanwarda Gazagystanyň Milli bankynyň ähli maliýe amallaryny togtatandygyny habar berdi.
Tokaýew 5-nji ýanwarda, öň bolan zatlardan özüni daşlaşdyrmak tagallasynyň çäginde, ozalky prezidenti, 81 ýaşly Nursultan Nazarbaýewi ýurduň howpsuzlyk geňeşiniň başlygy wezipesinden boşatdy.
Şu aralykda Türkmenistan “Köpasyrlyk dostluk, doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny hem-de strategiki hyzmatdaşlygy nazarda tutup”, goňşy ýurtda “dowam edýän ýagdaýyň tiz wagtda kadalaşmagyna ...çuňňur gyzyklanma bildirýändigini” aýtdy.