Tokaýew güýçlenýän protestlere garşy "berk" çäre görjekdigini aýtdy

Aktobeli protestçiler

Merkezi Aziýa ýurdundaky anti-hökümet demonstrasiýalarynyň güýçlenmegi bilen, Gazagystanyň esasy şäherleriniň birnäçesinde demonstrantlar we howpsuzlyk güýçleri çaknyşansoň, prezident Kasym-Žomart Tokaýew "mümkin boldugyça berk çäre görmek" niýetini mälim etdi.

"Prezident hökmünde, men raýatlarymyzyň howpsuzlygyny we asudalygyny goramaga, Gazagystanyň bitewiligi barada alada etmäge borçly" diýip, ol 5-nji ýanwarda, energiýa bahalarynyň birden ýokarlanmagy netijesinde gazaba çykan, korrupsiýa, işsizlik we aýlyk haklarynyň pes bolmagy sebäpli birnäçe şäherde propeste toplanan mähelle köçelerde polisiýa işgärlerini we esgerleri kowalap başlanyndan soň, telewideniýede berlen çykyşynda aýtdy.

Almaty, 5-nji ýanwar, 2022.

Gazagystanyň iň uly şäheri Almatyda ýüzlerçe demonstrant, käbiri rezin taýak, dürre we galkan bilen ýaraglanan protestçiler polisiýa işgärleriniň ulanýan göz ýaşardyjy gazlaryna, sesli granatlaryna we rezin oklaryna garamazdan, şäher häkimliginiň binasyna reýd geçirdi, binada ýangyn turandygy habar berildi.

Almaty polisiýasynyň başlygy tarapyndan "ekstremistler we radikallar" hökmünde häsiýetlendirilen demonstrantlar, habarlara görä, dolandyryjy Nur-Otan partiýasynyň baş edarasyndan tüsse burugsaýan mahaly günorta-gündogar şäherdäki prezident rezidensiýasyna girmäge synanyşdylar.

Aragatnaşyk gözegçileri internetde internetiň "ýurt derejesinde" öçürilendigini habar berdiler, Azatlyk Radiosynyň žurnalistleri bolsa internet we telefon hyzmatlarynyň ep-esli derejede ýaramazlaşandygyny aýtdylar.

Tokaýew 5-nji ýanwarda hökümeti işden boşadyp, üç gün öň ýurduň günbataryndaky Mangustau sebitinde ýangyç bahalarynyň birden gymmatladylmagy netijesinden başlanan garşylyk tolkunynyň öňüni almak maksady bilen, Gazagystanyň käbir ýerlerinde, şol sanda Almatyda we paýtagt Nur-Soltanda adatdan daşary ýagdaý yglan etdi.

Demonstrasiýa soňra derrew Gazagystanyň ähli ýerine ýaýrady.