Türkmenistanyň “Arkadagly zamanasynda” Täze ýyl köne problemalary öz ýany bilen getirdi

Gurbanguly Berdimuhamedow

Türkmenistanyň “ýöwsel” parlamenti 2022-nji ýyly “Halkyň Arkadagly zamanasy” diýip, yglan etdi. Arkadag Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bolýar. Parlamentiň karary awtoritar lideriň şahsyýet kultynyň dabaralandyrylmagynyň hem-de onuň ýurtda barha çuňlaşýan ykdysady kynçylyklary ret etmeginiň iň soňky alamaty boldy.

Parlament we döwlet mediasy diktatorçylyk dolandyryşy 2006-njy ýylda başlanan “Gahryman Arkadagyň” ýolbaşçylygynda ýurduň ykdysadyýetde, syýasatda we durmuşyň beýleki ugurlarynda gazanan “beýik ýeňişlerini” mazamlaýar.

Berdimuhamedow Türkmenistanyň dowamly “ýeňiş we üstünlige beslenýän aýdyň ýoly” barada söz sözläp eden Täze ýyl ýüzlenmesiniň edil yz ýany, täze ýyla Mary welaýatyna eden iş sapary bilen gadam basdy.

Täze ýyl çykyşynda köpsanly ýönekeý türkmeni garyplygyň bosagasyna iten hem-de millionlarça adamy ýurdy terk etmäge iteren giň ýaýran işsizlik, elýeterli azyk önümleriniň ýetmezçiligi we inflýasiýa agzalmady.

“Biz geçen ýyl durnukly ösüş we il-ýurt bähbitli ençeme döwletli işlere badalga berdik” diýip, prezident aýtdy.

“Köp sanly durmuş we önümçilik maksatly binalarydyr desgalary gurup, işe girizdik. Bagtyýar maşgalalaryň müňlerçesi jaý toýlaryny toýlady” diýip, ol öňe sürdi.

Aşgabatda gök-bakja we miwe önümleriniň bahalary birden ýokarlandy. Arhiw suraty.

Şeýle-de, prezident “Jan watanym Türkmenistan!” atly täze goşgusyny hödürläp, bu Merkezi Aziýa ýurduny “şadyýan çagalaryň bilbil bolup saýraýan”, “adamlaryň amatly durmuşyň hözirini görýän” “güneşli ýurdy” hökmünde suratlandyrdy.

Ýöne köpsanly ýönekeý türkmenistanly öz durmuşlarynyň şadyýan däldigini aýdýarlar.

Ýokarlanýan bahalar

Täze ýylda Lebap welaýatynda köpsanly iýmit önümleriniň bahalary ýokarlandy diýip, birnäçe ýerli ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň Türkmen gullugyna aýtdy.

Çörek, un, ösümlik ýagy we ýumurtga ýaly esasy iýmit önümleriniň bahalary 30 göterimden 50 göterime çenli gymmatlady diýip Azatlygyň habarçylary müşderilere we satyjylara salgylanyp, Lebapdan habar berdi.

Ösümlik ýagynyň bir litriniň bahasy, meselem, dekabr aýynda 10 dollar bolanlygyndan ýanwaryň başynda, Täze ýyl baýramçylygyndan soň dükanlar we bazarlar gaýtadan açylanda 13 dollar 40 sente galdy.

Ýumurtganyň bahasy 1-nji ýanwarda $0.80 bolanlygyndan tas $1.30-a çykdy. Bazarlarda-da, arzan bahadan iýmit önümleri hödürlenýän döwlet dükanlarynda-da bahalaryň ýokarlanandygy habar berildi.

Paýtagt Aşgabatda miwe we gök-bakja önümleriniň bahalary Täze ýyl baýramçylygynyň edil öň ýany, tas bir gijäniň içinde ýokarlandy diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçylary habar berdi.

Elin pomidoryň bir kilogramynyň bahasy $1.40-dan $2 dollara galdy, hyýaryň bahasy $2.30-dan $2.60-a çykdy diýip, habarçy aýtdy. Kiwiniň bahasy 100 göterim gymmatlap,onuň bir kilogramynyň bahasy $4.30-dan $8.60-a çykdy.

Bahalaryň ýokarlanmagy ýönekeý türkmenistanlylaryň maşgala býujetine ep-esli agram saldy, olaryň köpüsi onsuz hem tas ähli girdesini diňe iýmite sarp edýärler, sebäbi “başga zat satyn almaga gurplary çatmaýar” diýip, bir aşgabatly ýaşaýjy aýtdy.

“Köp adam çörek, tüwi we gök-bakja bilen oňuşýar, olar döwlet dükanlaryndan wagtal-wagtal [subsidirlenen] towuk etini satyn alaýmasalar, et satyn almaýarlar” diýip, howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli adynyň aýdylmazlygyny soran bir aýal aýtdy.

Aşgabatda etiň bir kilogramynyň ortaça $20 bolan bahasy üýtgewsizliginde galdy. Býujet işgärleriniň ortaça zähmet haky $370-$430 aralygynda bolan ýurtda et “elýetmez” önüm bolmagynda galdy.

Giň ýaýran işsizlik

Türkmenistanda giň ýaýran işsizligiň 30-60 göterim aralygyndadygy çak edilýär. Ýöne aýlykly adamlar hem öz zähmet haklaryny wagtynda alyp bilmeýändiklerini aýdyp, şikaýat edýärler.

Gaza baý ýurtda elýeterli iýmit önümleriniň ýetmezçiligi 2016-njy ýylda ýurduň döwlet býujeti uglewodorod serişdeleriniň bahalarynyň global arzanlamagyndan ýiti ejir çekenden soňra başlady.

Aşgabat şu wagta çenli ýekeje koronawirus hadysasy barada habar bermedik hem bolsa, krizis COVID-19 pandemiýasynyň getiren ykdysady täsirleri bilen has-da ýaramazlaşdy.

Türkmenistanda häkimiýetler bahalaryň ýokarlanjakdygy barada öňünden düşündiriş ýa-da bildiriş bermeýärler. Häkimiýetler ýurtda haýsydyr bir problemanyň bardygyny aç-açan agzamaýarlar ýa-da boýun almaýarlar.

Döwlet mediasy soňky günlerde prezidentiň Mara amala aşyran sapary barada giňişleýin habar berýär. Ol Maryda “Galkynyş” gaz känine baryp gördi, bir zawodyň açylyşyna gatnaşdy we ýerli çopanlar bilen duşuşdy.

Bu aralykda, döwlet mediasy Berdimuhamedowyň öýünde öz maşgalasy bilen Täze ýyl baýramçylygyny belleýşini görkezýän wideolary efire berýär. Onuň agtygy Kerimguly türkmen halky üçin özüniň iň soňky aýdymyny ýerine ýetirmezden ozal, Berdimuhamedow özüniň iň soňky goşgusyny okap berýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.