Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Merkezi Aziýa ýurdunda energiýa bahalarynyň kesgin ýokarlanmagy esasynda başlanan we üçünji gün dowam edýän tolgunyşyklaryň yzysüre, hökümetiň işinden çekilmek baradaky arzasyny kabul etdi. Gazak prezidenti halka ýüzlenmesinde ozal ýurduň öňki prezidenti Nursultan Nazarbaýewiň ýolbaşçylygynda bolan Howpsuzlyk geňeşiniň hem başlygy wezipesine girişendigini aýtdy. Azatlygyň ýerli habarçylary ýaşaýjylaryň gazak wakalaryndan habarlydyklaryny we özara gürrüňçiliklerde olara goldaw bildirýändiklerini habar berýär. Emma türkmen mediasy, adatça bolşy ýaly, gazak gozgalaňy barada habar bermeýär. 2-nji ýanwarda, ýangyç bahasynyň ýokarlanmagy sebäpli başlanan protestler korrupsiýa, işsizlik we aýlyk haklarynyň pes bolmagy ýaly meselelerde toplanan nägilelikler esasynda ulaldy.
Gazagystanyň iň uly şäheri Almatyda demonstrantlar, mähelläni dargatmak üçin sesli granatlary ulanýan howpsuzlyk güýçleri bilen bolan çaknyşyklaryň arasynda, şäher häkimliginiň edara jaýyna hüjüm etdiler.
5-nji ýanwarda Zakon.kz onlaýn neşiriniň web sahypasynda ýerleşdirilen wideo Merkezi Aziýa ýurdunda awtoulag ýangynjynyň bahasynyň kesgin gymmatladylmagyndan dergazap bolan ýüzlerçe demonstrantyň Almatynyň şäher häkimliginiň girelgesindäki uly gapyny açjak bolup dyzaýyşlaryny görkezdi.
Şeýle-de, demirgazykdaky Aktobe şäherinde polisiýa 5-nji ýanwarda sebitiň hökümet binasyna zor bilen girmäge synanyşan demonstrantlara garşy göz ýaşardyjy gaz ulandy.
Ýerli metbugatyň maglumatyna görä, prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň adatdan daşary ýagýdaý düzgünlerini yglan etmegine garamazdan, bu ýere müňlerçe adam toplandy.
Prezidentiň 5-nji ýanwarda çap eden kararynda Tokaýewiň, “Gazagystan Respublikasynyň 70-nji maddasyna laýyklykda”, hökümetiň işinden çekilmegini kabul edendigi aýdylýar. Şeýle-de, bu kararda premýer-ministriň birinji orunbasary bolup işleýän Alihan Smailowyň wagtlaýyn premýer-ministr wezipesine bellenendigi aýdylýar.
Häzirki hökümet agzalary täze hökümet gurulýança öz wezipelerini dowam etdirer diýiip, kararda bellenlýär.
Tokaýew biraz öň, Almaty, Nur-Soltan şäherlerinde, Mangystau sebitinde we Žanaozen şäherinde 19-njy ýanwara çenli adatdan daşary ýagdaý düzgünlerini girizmek baradaky karara gol çekdi.
Tokaýew 4-nji ýanwarda halka eden wideo ýüzlenmesinde hökümetiň synmajakdygyny we onuň “konflikt däl-de, eýsem özara ynam we gepleşik” isleýändigini aýtdy.
Onuň 4-nji ýanwar güni giçlik eden ýüzlenmesi ýüzlerçe demonstrant ýurduň iň uly şäheri Almatyda şäher häkiminiň edarasyna zabt etmäge synanyşanda, howpsuzlyk güýçleriniň gulak gapyjy granatlary ulanandygy baradaky habarlaryň yz ýanyna gabat geldi.
Sosial mediada çap edilen wideodan görnüşine görä, şäher häkimliginiň ýerleşýän esasy meýdançasynyň golaýynda partlama sesleri eşidilýär.
Polisiýa awtoulaglarynyň birnäçesi otlanansoň, polisiýa işgärleri demonstrantlary dargatmak üçin göz ýaşardyjy gaz ulandylar.
Almaty şäher häkimliginiň başlygy Bakytžan Sagintaýew 5-nji ýanwarda irden Almatydaky ýagdaýyň gözegçilik astyndadygyny aýtdy.
"Hukuk goraýjy güýçler ýagdaýy durnuklaşdyrmak, Almatyda howpsuzlygy, asudalygy we abadançylygy üpjün etmek üçin zerur çäreleri görýär" diýip, TASS Sagintaýewiň metbugat gullugynyň çap eden beýanatyna salgylanyp habar berdi.
Gazagystanyň polisiýasy biraz öň AÝ/AR-nyň Gazak gullugynyň protestler barada habar taýýarlaýan žurnalistlerini tussag etdi.
Azatlyk Radiosynyň Gazak gullugynyň redaktory Darhan Umirbekow 4-nji ýanwarda Nur-Soltanda geçirilen demonstrasiýada, ofiserler Gazak gullugynyň ýerli býurosynyň müdiri, üçünji gün dowam edýän protestleri wideoýazgy edýän Kasym Amanžoly gysga wagt saklap goýberenden soň tussag edildi.
Umirbekow dört ýarym sagatlap sorag edilenden soň, polisiýa tussaglygyndan boşadyldy.
Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň prezidenti Jeými Flaý žurnalistleriň demonstrasiýalar barada habar taýýarlamak bilen möhüm jemgyýetçilik işini edýändigini aýdyp, Umirbekowyň derrew boşadylmagyna çagyrdy.
Günbatar Gazagystanyň Mangystau sebitinde 2-nji ýanwarda başlanan protestlere awtoulaglarda ulanylýan suwuklandyrylan gazyň (LNG) bahasynyň birdenkä ýokarlanmagy sebäp boldy. Soňra protestler ýurduň beýleki şäherlerine we şäherçelerine hem ýaýrady.
Hökümet 4-nji ýanwar agşamy Mangystauda suwuklandyrylan gazyň her litriniň 50 teňňe (0.11 dollar) ýa-da bazar bahasynyň ýarysyndanam arzan bahasyny dikeldýändigini yglan etdi.
Degişli maglumat Berdimuhamedow ýokary derejeli duşuşyga öz deregine ogly Serdary ýolladyTürkmen metbugaty Gazagystandaky halk protestleri hakynda hiç bir maglumat bermeýär. Emma muňa garamazdan, Azatlyk radiosynyň we beýleki garaşsyz neşirleriň habarlaryny, türkmen aktiwistleriniň sosial mediadaky çykyşlaryny yzlaýan raýatlar goňşy ýurtda bolup geçýän wakalardan habarly diýip, ýerli habarçylarymyz habar berýär.
Gazagystanyň Mangystau (Maňgyşlak) oblasty bilen serhetdeş Balkan welaýatynyň we beýleki sebitleriň ýaşaýjylary bilen söhbetdeş bolan habarçylarymyzyň düýn we şu gün beren maglumatlaryna görä, türkmenistanlylar özara gürrüňçilikde Gazagystandaky halk nägilelikleri barada pikir alyşýarlar we öz haklaryny talap edýän adamlary goldaýandyklaryny aýdýarlar.
Ýöne olar gazak wakalarynyň fonunda öz ýagdaýlary, türkmenistanlylaryň öz haklaryny talap edip, şeýle nägilelik bildirip bilmezlikleri, munuň mümkin bolan sebäpleri hakynda hem gürrüň edýärler.
Degişli maglumat Prezident Ýolötene baranda Internet we telefon arabaglanyşygy çäklendirildi, çopanlar kümelerinden kowuldyÝaşaýjylaryň aýtmaklaryna görä, Türkmenistanda hem harytlar gymmat, durmuş şertleri agyr.
“Diňe bir gaz däl, ähli hyzmatlar, ýangyç we beýleki önümler gymmatlady, özi-de 1 esse däl, 3-5, käte 5-10 esse gymmatlady; ýöne bu sosial problemalar ilatda açyk nägilelige ýa-da açyk köpçülikleýin närazylyk çärelerine getirmedi” diýip, balkanly ýaşaýjylaryň biri Azatlygyň habarçysy bilen anonimlik şertinde gürleşende aýtdy.
“Hatda üçeksiz öýde ýaşamaly bolsalar-da, çagalary mekdepsiz galsa-da, bankomatdan puluny çykaryp bilmeseler-de, çärä çykmaly diýilse ýa pagta çykmaly diýilse, Türkmenistanyň ilaty sessiz çykýar” diýip, radionyň söhbetdeşi aýtdy.
Lebapdaky habarçymyzyň ýazmagyna görä, "gazak gozgalaňy adamlary ruhlandyrdy”, “aglamadyk çaga aç galar, adamlar öz hakyny sorap, demonstrasiýa geçirseler, hökümetiň çalyşjakdygyna göz ýetirdiler, Gazagystan ýaly uly döwlet halkyna boýun boldy” diýip, ýaşaýjylar öz aralarynda gürrüň edýärler.
Azatlyk bilen gürleşen bir ýaşaýjynyň pikiriçe, “Türkmenistanda häzir halk hökümetini düzmek has aňsat bolup bilerdi, sebäbi agyr krizisi başdan geçirýän adamlar gowy, eşretli durmuşda ýaşamak üçin hereket etmek wagty geldi diýip pikir edýär”.
“Bu wakalaryň fonunda Arkadag hem gorkýan bolmaly, soňky günler biraz paýtagtdan uzaklaşmagy, belki, bir howp habaryny tapmagy bilen baglydyr” diýip, adynyň aýdylmazlygy şerti bilen gürleşen lebaply diňleýjimiz öz pikirini beýan etdi.
Azatlygyň habarçylary bilen aýry-aýrylykda gürleşen raýatlaryň sözlerine görä, "Türkmenistanda häzir ähli pudak çökdi; daşary ýurtlarda okaýan studentlerimiz bir gaýgy diýsek, ýurt içindäki raýatlar hem çörege zar, döwlet edaralarynda işleýänleriň hem aýlyklary ujypsyz, hiç zada ýetmeýär".
"Häzirki kursda hasaplasaň, bilim, mugallymlaryň, lukmanlaryň aglabasynyň alýan 1000 manat aýlyklary 35 dollar çemesi pul bolýar, gazaklar bizden 10 esse gowy ýaşaýar, emma olar has gowy ýaşamak üçin köçä çykyp, öz haklaryny talap edýärler" diýip, ýerli ýaşaýjy Azatlygyň habarçysy bilen pikirini paýlaşanda aýtdy.