Prezident Berdimuhamedow Mara bardy

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow. Türkmenistanyň "Altyn Asyr" telekanalyndan alnan surat. (Arhiw suraty)

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Mary welaýatyna bardy. Döwlet baştutanynyň bu saparynyň öň ýanynda, Mary şäherinde giň gerimli arassaçylyk işleri geçirildi. Bu işlere jemagat hojalygyna degişli edaralaryň işgärleri bilen bir hatarda, býujet işgärleri köpçülikleýin gatnaşdyryldy. Prezidentiň bu sapary we oňa görlen taýýarlyklar barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary sebitden habar berdiler.

3-nji ýanwarda Berdimuhamedow Ýolöten etrabynda täze zawodyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Makalanyň efire taýýarlanan pursady, habarçylarymyz bu zawod we prezidentiň nirelere baryp görendigi barada has doly maglumat almaga çalyşýardylar.

Berdimuhamedowyň Mara edýän sapary barada häzirlikçe döwlet metbugatynda maglumat göze ilmeýär. Onuň bu saparynyň näçe gün dowam etjekdigi-de belli däl.

Degişli maglumat Serdar Berdimuhamedow sebit saparlarynyň hasabatyny berdi, üýtgeşiklige garaşanlar gynandy

Ýöne habarçylarymyz prezidentiň Mara barjakdygy barada 2-nji ýanwarda habar berdiler. Olar bu sapar baradaky maglumatlaryň ýekşenbe güni (2-nji ýanwarda) ýaýrandygyny we şol güni irden giň gerimli arassaçylyk işleriniň güýçli depginde geçirilip başlanandygyny aýtdylar.

"Her býujet edarasyndan 20 adam ýowara çykmaly edildi. Täze ýylyň ikinji dynç alyş güni býujet işgärleri üçin iş güni boldy. Uçar menziniliniň ýerleşýän ýerinden başlap, şäheriň ähli ýerinde arassaçylyk işleri geçirildi. Jemagat işgärleriniň ählisi gijesi bilen köçeleri arassalap, ýuwmaly boldy" diýip, ýagdaýdan habarly çeşmämiz habarçymyza gürrüň berdi.

Habarçymyz Maryda ýanwaryň 2-sinden 3-ne geçilen gije ýagyş ýagandygyny we onuň günüň birinji ýarymynda-da dowam edendigini hem aýtdy.

Mundan başga-da, ähli köçelerde Milli howpsuzlyk ministrliginiň (MHM), welaýat häkimliginiň we polisiýanyň işgärleri ýerleşdirildi. Habarçymyz olaryň ähli köçelere berk gözegçilik edýändigini hem belledi.

"Bu işgärler köçelerde barlaglary geçirip, gijesi bilen şähere aýlandylar. Olar içgili ýa-da öýsüz adamlary tutup, polisiýa merkezlerine alyp gitdiler. Täze ýyly belläp, dogan-garyndaşlaryndan öýlerine barýarka, polisiýa tarapyndan saklanan adamlaryň haçan goýberiljegi belli däl" diýip, çeşmämiz aýtdy.

Şeýle-de, 2-nji ýanwarda Marynyň häkimiýetleri şäherdäki ähli dükanlary giçlik sagat 7-de ýapmagy buýurdy. Şäheriň köçeleri bölekleýin ýapylyp, ilatyň hereketi çäklendirildi.

Degişli maglumat Serdar Berdimuhamedow sebitlerde bazarlara aýlandy, Lebapda emeli söwda tekjeleri gurnaldy

"3-nji ýanwarda şäherdäki bazarlaryň we dükanlaryň tas ählisi ýapyklygyna galýar. Häkimiýetler prezidentiň welaýata sapary tamamlanandan soňra olary açmaga rugsat beriljekdigini aýdýar" diýip, çeşmämiz belledi.

Galyberse-de, 2-nji ýanwarda, prezidentiň saparynyň öň ýanynda geçirilen arassaçylyk işleriniň çäginde, Marynyň köçelerinde gezip ýören itler we pişikler hem köpçülikleýin awlandy.

"Olar atylyp ýa-da zäherlenip, ýygnalyp alyndy. Bu işler jemagat işgärleri tarapyndan ýerine ýetirildi" diýip, çeşmämiz aýtdy.

Bellesek, Türkmenistanda adatça prezidentiň welaýatlara edýän saparynyň öň ýanynda, sebit häkimiýetleri oňa berk taýýarlyk görýär. Köçeler arassalanýar, jaýlar we üçekler täze boýag bilen reňklenýär, öýsüz-öwzarsyz itler we pişikler awlanýar.

Bu çäreler barada resmi mediada hiç zat aýdylman, onda diňe ilatyň döwlet baştutanyny "uly şatlyk bilen garşy alandygy" baradaky reportažlar görkezilýär.

Bu aralykda, Lebapdaky habarçymyz Berdimuhamedowyň ýakyn günlerde bu welaýata hem sapar etmegine garaşylýandygyny habar berýär.

Bellesek, döwlet baştutanynyň Mara edýän sapary, onuň ogly, Türkmenistanyň hökümet başlygynyň maliýe we ykdysadyýet pudagyna gözegçilik edýän orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň ýurduň dört welaýatyna eden saparynyň yz ýanyna gabat geldi.

Galyberse-de, prezident bu saparyny ýurtda ykdysady kynçylyklaryň, işsizligiň, azyk gytçylygynyň we gymmatçylygynyň ýitileşen, munuň bilen bagly ilatyň güzeran eklenjiniň agyrlaşan mahaly amala aşyrýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.