Ildeşlerini gulçulyga iberen özbek raýaty Nýu-Ýorkdan deportasiýa edildi

ABŞ-da tussag edilen özbek raýaty öz ildeşleriniň söwdasyny edýärdi. Bu barada Özbegistanyň Içeri işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.

"Adam söwdasynda we olary ABŞ-a gulçulyga ugratmakda güman edilýän özbek raýaty, Halkara polisiýasynyň kömegi bilen, Birleşen Ştatlarda, Nýu-Ýorkda tussag edildi" diýip, habarda aýdylýar.

Tutulan erkek eýýäm Özbegistanyň hukuk goraýjy edaralaryna berildi we basym kazylaryň öňünde çykarylar. Onuň gulçulyk üçin ýurtdan näçe adamy çykaryp bilendigi habar berilmeýär.