Ýerasty suwlar tapylan “Aşgabat-sitiniň” gurluşyk meýdançasynda inženerçilik-geologiýa işleri geçiriler

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

“Aşgabat-sitiniň” gurluşyk müdirligi taslamanyň gurluşyk meýdançasynda inženerçilik-geologiýa işlerini amala aşyrmagy meýilleşdirýär. “Türkmenistanyň hronikasy” neşiri gözleg işlerini geçirmek boýunça “Neýtralnyý Türkmenistan” gazetinde tender yglan edilendigini habar berdi. Azatlyk mundan ozal iri desganyň gurluşyk meýdanynda taslamaçylaryň ýerasty suw meselesi bilen ýüzbe-ýüz bolandygyny habar berdi. Bu ýagdaý gurluşyk işleriniň agramly böleginiň togtadylmagyna alyp geldi, taslamanyň ýolbaşçylary bolsa bu meseläni prezidente habar bermekden howatyr etdi.