Türkmenistan ýurtdan çykmagyň tertibini täze çäklendirmeler bilen berkitmegi meýilleşdirýär

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy. Aşgabat.

Türkmenistanda raýatlaryň halkara syýahatyna degişli täze çäklendirmeler göz öňünde tutulýar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy Migrasiýa gullugyndaky bir çeşmä salgylanyp habar berýär.

“2022-nji ýyldan başlap, kämillik ýaşyna ýetmedik çagasy bolan raýatlara daşary döwletlere iş we syýahat üçin rugsat berilmez. Bu barada Migrasiýa gullugyna täze tabşyryk geldi” diýip, migrasiýa resmisi Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Degişli maglumat Türkiýede türkmenler ýaşaýyş rugsadyny alan daşary ýurtlularyň arasynda ikinji orunda

Türkmenistanda onsuz hem 1,5 ýyldan gowrak wagt bäri halkara syýahat pandemiýa bilen baglylykda çäkli bolmagynda galýar. Ýöne Azatlygyň çeşmesi täze syýahat gadagançylyklarynyň ýollar açylansoň hem öz güýjünde galjakdygyny tassyklaýar.

“Eger pandemiýa gutaryp, 2023-nji ýa-da 2024-nji ýylda halkara syýahat dikeldilse-de, birnäçe düzgünler boýunça çäklendirmeler girizilýär, indi daşary döwlete çykmak çylşyrymlaşdy” diýip, Azatlygyň habarçysy migrasiýa resmisiniň sözlerini sitirledi.

“Indi üç arkasynda kimdir biri kazyýet jogapkärçiligine çekilen adamlar hem daşary döwletlere iberilmez” diýip, ol aýtdy.

Türkmenistanda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň arasynda köp sanly raýat eklenç gözleginde daşary ýurtlara çykmaga ýykgyn edip gelýär.

Azatlygyň Türkmenistanyň Döwlet statistika komitetindäki ygtybarly çeşmeleri 2019-njy ýylyň maýynda soňky on ýyldan gowrak wagtyň dowamynda 1,8 million töweregi türkmenistanlynyň ýurtdan göçüp gidendigini habar berdi.

Şu ýylyň iýulynda Azatlygyň çeşmeleri ilat ýazuwy boýunça geçirilen deslapky hasabatlara salgylanyp, Türkmenistanyň ilat sanynyň 2,7-2,8 million töwereklerindegini mälim etdi.

Türkmenistanyň hökümeti 2012-nji ýylda ýurtda geçirilen soňky ilat ýazuwynyň netijelerini köpçülige äşgär etmeýär. Şol bir wagtda, resmiler öňümizdäki ýyl uçdantutma täze ilat ýazuwyny geçirmegi meýilleşdirýär.

Türkmenistanda ýurtdan çykmagyň tertibine degişli göz öňünde tutulýan çäklendirmeler ilat sanynyň azalýandygy baradaky habarlaryň arasynda türkmen häkimiýetleriniň raýatlar üçin daşary ýurtlara çykyş wizasyny täzeden girizmegi meýilleşdirýän wagtlaryna gabat gelýär.

Garaşsyz turkmen.news neşiri awgust aýynda öz çeşmelerine salgylanyp, türkmen hökümetiniň raýatlar üçin ýurtdan çykyş wizasyny täzeden gaýtaryp getirmegi meýilleşdirýändiklerini habar berdi. Türkmenistan bir döwür daşary ýurt döwletlerine syýahat etmek isleýän raýatlaryndan çykyş wizasyny almagy talap edýärdi, soňra bu ýatyryldy.

Degişli maglumat Türkmenistandan göçýän köpelýär. Rus ilçihanasy uçar nobatynyň ýazgysyny togtatdy

Migrasiýa resmisi habarçymyza beren maglumatynda täze çäklendirmeleriň diňe bir kämillik ýaşyna ýetmedik çagasy bolan ene-atalary ýa-da ýakynlary kazyýet jogapkärçiligine çekilen adamlary öz içine almaýandygyny gürrüň berdi.

“Ene-atasy býujet edaralarynda işleýän raýatlara ýurtdan çykmaga rugsat berilmez. Harby we hukuk goraýjy edaralarda işleýän raýatlaryň ýakynlaryna ýurtdan çykmaga umuman rugsat berilmez. Täze çäklendirmeler ýurduň daşyna çykmak mümkinçiligi bolan adamlaryň sanynyň azalmagyna getirer” diýip, migrasiýa resmisi aýtdy.

Habarçymyzyň migrasiýa resmilerine salgylanyp, habar bermegine görä şu günler ýurtdan çykmagyň tertibine girizilen çäklendirmeler boýunça 35 maddalyk görkezme ýurduň Migrasiýa edaralaryna iberilipdir.

Migrasiýa resmisine görä, diňe bir ýurtdan çykmagyň tertibi däl, eýsem ýurda girmegiň tertibine hem täzeden garalýar.

Beýleki bir migrasiýa resmisi birnäçe ýyl mundan ozal, 2018-nji ýylyň iýunynda 40 ýaşyny doldurmadyk raýatlar üçin daşary ýurtlara syýahat etmegiň çäklendirilýändigini habar berdi.

Azatlyk Radiosynyň göz öňünde tutulýan täze çäklendirmeler boýunça Türkmenistanyň Migrasiýa gullugyndan kommentariý almak synanyşygy netije bermedi.

Bu aralykda, pandemiýa zerarly daşary ýurtlarda galyp, ýurda dolanyp bilmeýän türkmenistanly raýatlar ýaşaýan ýurtlarynda özleriniň dürli kynçylyklary başdan geçirýändiklerini aýdýarlar.

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Türkiýe: türkmenistanly migrant ýurda dolanmak üçin prezidentden ýardam soraýar

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.