Täjigistanda doglan, soňra Russiýanyň raýaty bolan 18 ýaşly Maniža Sankt-Peterburgyň gaçybatalgalarynyň birinde ýaşaýar. Bu gyz ene-atasy hem doganlary bilen birnäçe ýyl ozal Russiýa göçüp gelipdir. Indi öz maşgalasynyň däp-dessurlaryna boýun bolup ýaşamak islemeýär, kakasynyň teklip eden giýew ýigidine durmuşa çykmakçy däl. "Adaty" maşgalalar ýaly, adamsynyň aýdanyna tabyn bolup, hijap atynmaga derek, bilim almak, surat çekmek hem wideo blogçysy bolmak isleýär.
Sever.Reali proýektiniň žurnalisti Tatýana Woltskaýa Maniža bilen duşuşyp, ony nädip durmuşa çykarjak bolandyklary we näme üçin maşgalasyndan gaçandygy barada söhbet etdi.
Manižanyň maşgalasy (ejesi, kakasy hem bäş dogan) 11 ýyl ozal Russiýa gelipdir, häzir olaryň ählisi Russiýanyň graždanlary, Pskow oblastynda ýaşaýarlar. Maniža çagalaryň iň kiçisi, ol 18 ýaşynda, Russiýa geleninde ýedi ýaşynda eken. Täjigistanda birinji synpy okapdyr, şonuň bilen onuň okuwy gutarypdyr. Tutuş maşgalasynyň Russiýanyň raýatlygyny alandyklaryna garamazdan, olaryň ýerli medeniýete uýgunlaşman gelýändigini Maniža gürrüň berýär.
– Maşgalaňyz barada gürrüň beräýseň, hossarlaryň Russiýada näme bilen meşgullanýarlar?
– Maşgalamyz baý däldi, ýöne iýmitim hem egin-eşigim köpdi. Bularyň baryny ejem üpjün etdi, kakam işlemedi diýen ýaly, eger işläýse-de, ähli puluny özi üçin alyp galýardy. Ejem ilki başda ädikçi bolup işleýärdi, uly aýal doganym oňa kömekçi boldy. Soňra örän giň mellek ýerimizde gök önüm ýetişdirip başlady. Ol ýerde alma, armyt, malina ýaly miweli bag bar. Ejem gowy hilli hyýar hem pomidor ýetişdirdi. Agam ony ulag bilen bazara alyp gidýärdi, ejem şol zatlary satyp, her gün 2-3 müň rubl gazanýardy. Men oňa ýer işine kömekleşýärdim, käte ejem bilen bazara-da gidýärdim; ol bir ýerde, men başga ýerde oturyp, gök satýardyk.
Kakam bolsa bütin ömrüne şeýle – işlemezlige öwrenen, başgalar ony eklemeli. Bagtymyza, doganlarym kakam ýaly däl, olar işleýärler – uly agam “Pýateroçkada” satyjy, kiçi doganym köwüş ussasy. Ejem bilen aýal doganlarym gijeki nobatçylykda awtobuslary ýuwmaga gidýärdiler, men bolsa gije-gündiziň dowamynda kakam bilen boldum. Ol işlemeýär, diňe zeýrenmegi başarýar – kä bir çagasyny, käte beýleki birini näletleýär, siz onuň nähili kösençdigini bilsediňiz. Men eýýäm 14 ýa-da 15 ýaşymdadym, bu durmuşymdaky iň agyr pursatdy. Kakamyň igenji bilen zeýrenjinden gaçmak üçin, ejem bilen bazara gidýärdim.
– Sen näme üçin öýüňizden gaçmagy ýüregiňe düwdüň?
– Beýle durmuşyň gowy däldigine düşünmek üçin, maňa köp wagt gerek boldy. Ahyrsoňy meni öýde mejbury saklap başlanlarynda, gaçmak kararyna geldim. Bir gün gyz doganym bilen gezelenje çyksak, beýlämizde bir adam peýda bolýar, ol 21 ýaşynda. Biri-birimizi iki gezek gördük, soň birdenkä oňa durmuşa çykmalydygymy bildim. Men gyz doganymyň ýanyna baryp: "Bu nähili degişme, näme üçin hiç kim menden zat soramady?” diýýän. Ol: "Biz onuň bilen duşuşdyk, sen şatlandyň ahyryn” diýýär.
Biziň däbimizde gyz sada hem kiçigöwün bolmaly diýilýär. Eger sen durmuşa çykmaga razydygyny aýtsaň, bu utanç hasaplanýar. Eger gyz razy bolmasa: "Meni şol adama berseňiz, özümi öldürerin" diýýär – bu garşylyk görkezmegi aňladýar. Eger-de ol asuda hem makullaýan bolsa: “Kaka, bar zat seniň eliňde, isläniňi et” diýse, bu onuň razylygyny aňladýar. Olara hut şeýle diýmeli, gönümel aýtmaly däl. Men hemişe şadyýan ahyryn, bu ýerde ol ýigidi görenimde şatlananymyň [gudaçylyk] bilen näme baglanyşygy bar?! Menden adam şekilli sorap bilmediňizmi diýýän. Men kakamyň ýanyna baryp: “Ol adama durmuşa çykmaga razy däl, asla durmuşa çykmak islämok” diýýärin. Ol bolsa: “Bu nähili beýle, biz eýýäm razylyk berdik ahyryn, hemme zat eýýäm maslahat edildi, sentýabr aýynda, seniň doglan günüňden soň toý bolar. Sen hiç zada garşy çykyp bilmersiň, ýogsa bizi masgara edersiň" diýdi.
Maniža kakasynyň ýanyna birnäçe gezek baryp aglapdyr, özüni durmuşa çykarmazlygy haýyş edipdir, ýöne hiç zat gazanyp bilmändir. Ejesi hem kiçi erkek dogany ony goldapdyr, ýöne bu-da kömek etmändir. Şondan soň ol öýden çykman, ärine tabyn bolup, çaga dogrup oturmak islemeýändigine düşünipdir.
– Men beýle durmuşy islämok! Men işlemek isleýärin, özümi dolandyrjak, has ýokary galjak. Blogçy bolmagy arzuw edýärin, diýseň surat çekmegi halaýaryn, ýüze hem saça çalynýan boýaglar hakda wideo düşürmek isleýän, özüme tomaşaçy ýygnasym gelýär, özümiň gowy görülmegimi isleýän. Adamlaryň durmuşda nämeler gazanyp bilýändigini men gördüm, onuň mümkindigini hem gördüm, esasy zat – mende arzuw bilen maksat bar; bu asla durmuşa çykmak däl. Şol arzuw hem maňa öýden gaçmaga kömek etdi.
– Öýüňizden gaçmaga nähili taýýarlandyň?
– TikTok’da hasap açdym, durmuşym hakda aýtdym, adamlardan kömek soradym. Bir joram maňa bank kartoçkasyny açmaga kömek etdi, men onuň üçin Instagram hem TikTok’dan ýygym topladym. Abunaçylaryma hat ýazdym, bloggerleriň arasynda men hakda maglumat ýaýratmagyny haýyş etdim, köp adam maňa kömek etdi.
Bir gyz meniň hakykaty aýdýandygymy subut etmegimi sorady, men oňa maşgalam bilen geçirilen gürrüňleriň ýazgysyny ýolladym. Kämillik ýaşym dolýança garaşyp, doglan günümde gaçmagy makul bildim. Oňa iki aý galanda, meni berkden-berk saklap başladylar. Öň islendik ýere – köçä, ýegenimiň ýanyna gidip bilýärdim, indi diňe käbir zerur zatlar üçin, meselem, dükana gidip bilýän. Men gaty seresap boldum, gündizine elime telefon almadym, telefonymy diňe gije gördüm.
– Aslynda seniň telefonyň üçin kim pul berdi?
– Tikinçiligi başarýan, ussahanada işleýän aýal doganyma kömekleşdim, ol ýerde biz aýakgaplary – ädikleri bejerýärdik, penjekleriň syrma zynjyryny çalyşýardyk, jalbar-balak tikýärdik, ondan maňa bir bölek pul berýärdi, şondan azajyk tygşytlan pulum bardy. Gaçmazymdan bir aý öň özümi mümkin boldugyça arkaýyn saýdzm. Aslynda men batyrgaý gyz, kakama-da, ejeme-de berk jogap berýärdim, soňra maňa näme diýseler, bar zada “Hawa, gowy” diýdim. Şonuň üçin olar beýle zada garaşmadylar, soň bolsa gaçdym.
Belleşilen güni jorasy Saşa hem aýaly bilen ýene bir tanşy gelipdir. Maniža ejesine kommunal hyzmatlar üçin pul tölemäge poçta bölümine gidýändigini aýdyp, diňe jinsi hem galyň eşikleri salnan torbasyny alyp çykypdyr. Gyz gitmezden ozal ýerli polisiýa bölümine jaň edip, özüni gözlemegiň gerek däldigini aýdypdyr, özüniň kämillik ýaşyna ýetendigini, öz islegi bilen öýünden gidýändigini duýdurypdyr.
– Hossarlaryň seniň gaçandygyň barada organa arza beripdir, olar seni gözlenýänleriň sanawyna goşmak isledilermi?
– Poliseýden “Meniň hossarlarym däp-dessura eýerýärler, olar meni gözlärler. Men näme etmeli?” diýip soradym. Ol: "Hossarlaryň bilen gürleş" diýdi. Biz Sankt-Peterburg şäherine gelenimizde, ol ýene bize jaň edip, hossarlarymyň arza goýup gidendigini, meni tapmak isleýändiklerini aýtdy. Ol maňa polisiýa baryp, hemme zadyň gowudygyny aýdyp, suratyňy iber diýdi. Eýýäm agşam sagat 10 bolupdy, biz polisiýa bölümine gitdik, ýene bir zat, men elimde ýazyp bilmeýärin, maňa derek polisiýa işgäri meniň adymdan arza ýazdy. Olar muňa gaty geň galdylar: beýle zady hiç wagt görmändirler.
Manižanyň aýtmagyna görä, ol arza ýazyp bilmändir, sebäbi Russiýada mekdebe gatnamandygyny aýdýar: Täjigistanda diňe birinji synpy gutarypdy.
– Polisiýa seni gözledimi? Öýünden gaçmaga synanyşýan Kawkazyň ýerli halky ýaly, seni hossarlaryň öýüňize gaýtarmaga synanyşdylarmy?
– Ertesi gün men Pskowyň polisiýasyna suratymy iberdim. Iki günden soň köçede barýardym, uýam bilen ejem meni garşy aldy. Men hijapsyz, jinsi jalbarly, uzyn köýneksiz barýan, ýanymda ýoldaşlarym bardy. Biz gaçmak üçin öwrüldik, şo bada meniň rýukzagymdan tutdular.
Şundan bir gözýaş başlandy, ejem dyzyna çökdi: "Biz seni durmuşa çykaramyzok..." diýýär. Ol ýüregiňe gaty agram salýar. Ýoluň ugrunda, ejeň – seni 18 ýyl saklap gelen ejeň aýagyňa çökýär (Maniža aglaýar - Red.). Göräýmäge öz hossaryň, ýöne ol seniň ösüşiň üçin hiç zat etmedi, seniň arzuw-islegiňi göz öňünde tutmady... Garaz, men aýdýaryn: “Ýok, hiç ýere gaýdyp dolanmaryn, bu meniň durmuşym, ony şeýle karar etdim. Men hijap atynjak däl, din meni gyzyklandyranok". Olar bolsa maňa ynanmadylar: nädip beýle gowy gyz öýden gaçyp, hijaby başyndan aýryp bilýär? Olar meni ýoldaşlarym şeýle ýagdaýa salandyr diýip pikir etdiler.
Ertesi gün Manižanyň aýtmagy boýunça, olar jaň edip, özleriniň başga karara gelendiklerini, ol nähili islese, şonuň bilen razylaşjakdyklaryny aýdypdyrlar hem hoşlaşmaga çagyrypdyrlar. Joralary oňa duýduryş etseler-de, Maniža olaryň çakylygyna gidipdir. Joralarynyň gorkusy dogry bolup çykýar: duşuşyk ýerinde gyzyň erkek dogany hem bar eken, ol jigisini taksa salyp öýlerine alyp gaýdýar. Maniža Pskowa barýan ýoluň bäş sagadynyň dowamynda, bir söz hem aýtman, ýüzüni gataldyp oturypdyr, ýöne diýseň özüni asuda saklapdyr. Ony öýe getirenlerinde, ilki bilen başyna ýaglyk örtüpdirler.
– Olar menden bir zat sorasalar jogap bermedim. Biz baranymyzdan soň, uly aýal doganym gelip, başyma ýaglyk daňdy. Beýle-de bir hiç zada düşünmezlik boljak eken, olar adam ogurladylar ahyryn, munuň üçin jenaýat işini açyp bolýar, olar üçin bolsa esasy zat ýaglyk!
Agam meniň tirsegimden tutup, öýe saldy. Elleri şeýle bir titreýärdi welin, öň maňa barmagyny degirmedigem bolsa, bu gezek meni ýenjer diýip pikir etdim. Olar maňa: "Ýat, ertir gürleşeris" diýdiler.
Irden sorag berip başladylar: "Beýle çözgüde özüň geldiňmi ýa-da joralaryň itekledimi?" "Özüm isledim, hemme zady özüm çözdüm" diýýän. Soňra meni gowy görýän şol kiçi doganym: "Onda bar zat düşnükli, geliň, ony goýbereliň, biziň başga alajymyz ýok, ony saklap bilmeris" diýdi. Ejem bilen aýal doganym – hemişe bolşy ýaly, öz däp-dessur talaplaryna tutdular: "Biz ony nädip goýberip bileris, bu biziň üçin masgaraçylyk ahyryn!" diýýärler. Men irden uzyn köýnek geýipdim, soň ony rahatlyk bilen çykardym. Hossarlarym maňa Sankt-Peterburga bilet satyn aldylar.
– Sen öz hossarlaryňa okamak isleýändigiňi aýtdyňmy?
– Hawa, esasanam 13 ýaşymda telefon alanymdan soň, okamak höwesi döredi, şonda sözleriň aýdylyşy ýaly ýazylmaýandygyna düşündim. Ejeme: "Menem beýlekiler ýaly okamak isleýärin, özümi öýde ýalňyz duýýaryn" diýdim. Ejem: "Seni gijeki mekdebe elteýiň" diýdi. Biz gitdik. Olar bize 4-nji synp üçin kitapçalary getirdiler: bu synagdan geçseňiz, topara gelip okap bilersiňiz diýdiler. Men diňe 1-nji synpda okadym ahyryn, ony-da Täjigistanda. Men synagdan geçip bilmedim. Olar bolsa: "Gynansagam, edip biljek zadymyz ýok, bir adam üçin 1-nji synpy açyp bilmeris" diýýärler. Şeýlelik bilen bar zat ýene ýatdan çykyp galdy.
– Indiden soň okamak isleýäňmi?
– Elbetde, hökman okaryn. Başpena ýerinde maňa 4-nji synp üçin depderler, okuw kitaplary satyn aldylar, gijeki mekdebe gitmäge özümi çekmeli. Şeýle hem surat çekmegi gowy görýänimi bilip, maňa reňkli galam satyn aldylar. Soň bolsa kolleje ýa-da kurslara gitmek hakda pikir edýärin. Häzirlikçe arzuwymy amala aşyrjak bolup okaýan: wideo blogçy bolmak isleýärin. Blog ýazmak üçin, her dürli zat satyn almaga iş tapmak gerek. Umuman, nirä gitmelidigimi, nirede okamalydygymy, näme etmelidigimi heniz pikir edýärin. Ýöne esasy maksat aýdyň – 9-njy synpy gutarmak.
Manižanyň başpena alan “Guşlar” haýyr-sahawat gaznasynyň işgärleriniň aýtmagyna görä, "bu toplumda özüni duýmakda kynçylyk çekýär", ýagny sosiallaşmakda kynçylyk duýýar, ol kynçylygyň öňünde ýan bermez, öňki durmuşyna gaýdyp barmazlyk üçin, bar kynçylygyň garşysyna gitmäge taýýar.
“Manižanyň geljegi gowy, ol göreşjeň gyz, eýýäm köp zady başdan geçirdi. Ol bizde ýaşaýan bolsa, kireýine kwartira alyp, özbaşdak ýaşar ýaly, oňa gyssagly suratda iş gözlemek gerek. Manižanyň töwerekde özüni duýmak meselesinde, sosializasiýa bilen bagly kynçylygy bar. Onuň bilen bilim öwrenmek meselesini maslahat edýäris, onsuz doly iş bolmaz. Näçe zerur bolsa, biz şonça-da oňa kömek etmäge taýyn. Biz ony näbelli bir ýere kireýine jaý almaga ugradyp bilmeris: onuň özbaşdak durmuşa tejribesi ýok, oňa öwrenişmek gerek" diýip, Merkeziň müdiri hem ony esaslandyryjy Nataliýa Nikiforowa aýdýar.
Maniža üçin uýgunlaşma meýilnamasyny düzen psiholog Olga Malyşewa gyzyň biliminiň ýoklugyna garamazdan, gaty gowy tebigy ukyplarynyň bardygyna ynanýar:
“Sebäp-barlag gatnaşyklaryny gaty gowy özleşdirýär, ol durmuşa çykmagyň özüni maşgala gulçulygyna itermek howpudygyna düşünýär, ol durmuşa çykan aýal doganlarynyň hem ejesiniň ýagdaýyny görensoň, özüni şeýle durmuşa atmak islärmi? Şeýdip, öz durmuşyny üýtgetmek kararyna gelipdir. Belki-de, ol doglandan şeýle bir erjeldir. Mysal üçin, aýratyn ukyby bolmasa-da, surat çekýär. Onuň kynçylykdan ýüz öwürmeýändigini, hemişe göreşe taýyndygyny men görýärin. Iň esasy zat bolsa, baş alyp gaçan ýagdaýy ýöne gaçyp geleninden hem elhenç. Şol ýagdaýa dolanmazlyk üçin, islendik zada taýyn. Onuň aýdyň pikiri hem jemgyýet üçin peýdaly bolmaga islegi bar, şonuň üçin bar zat gowy bolar diýip pikir edýärin" diýip, psiholog Olga Malyşewa aýdýar.
Maniža bilen interwýunyň doly görnüşi Север.Реалий web sahypasynda.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.