Azyk üpjünçiligi: emeli arzançylyk nobatlara, nobatlar ýakalaşyklara getirýär, resmiler çäre görýär

Türkmenistanda bir bazar. Illýustrasiýa suraty.

Ençeme ýyl bäri ykdysady kynçylyklardan ejir çekýän Türkmenistanyň hökümeti Täze ýyl baýramçylygynyň öň ýany ýurduň bazarlarynda ilaty elýeterli bahadan azyk harytlary bilen üpjün etmegi wada berensoň, sebit bazarlarynda peýda bolan emeli arzançylyk söwda nokatlarynyň öňünde uly nobatlaryň emele gelmegine sebäp bolýar. Söwda nobatlarynda ýakalaşyklar ýüze çykýar. Häkimiýetler býujet işgärlerine nobatlara barmazlygy tabşyrýar. Bular barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 27-nji dekabrda sebitden habar berdi.

Degişli maglumat Häkimiýetleriň nyrh syýasaty türkmen telekeçilerini söwdadan ýüz öwürmäge mejbur edýär

Onuň maglumatlaryna görä, 26-njy dekabrda Türkmenabat we Kerki şäherleriniň bazarlarynda satuwa çykarylan arzan bahaly azyk önümlerini satyn almak üçin ýüzlerçe adamlyk nobatlar emele gelipdir. Nobatlaryň gyzyşmagy bilen adamlaryň arasynda ýakalaşyklar we dawa-jenjeller ýüze çykypdyr.

Munuň yz ýany, sebitiň býujet işgärleri azyk nobatlaryna barmazlyk barada duýduryş aldy.

Farap etrabynyň bir çagalar bagynyň işgäri Azatlygyň habarçysy bilen söhbetdeşlikde arzan haryt nobatlaryna barmazlyk barada özlerinden dilhatynyň alnandygyny gürrüň berdi.

Habarçymyz bu talabyň etrabyň ähli býujet işgärlerine degişlidigini habar berdi.

“Duşenbe güni Farap etrabynyň ähli býujet işgärlerinden bazarlarda gurnalýan arzan ýarmarkalara barmazlyk we öz ýakynlaryny ol ýerlere ibermezlik barada dilhaty alyndy” diýip, Azatlygyň habarçysy aýtdy.

Onuň maglumatlaryna görä, etrabyň birnäçe býujet edarasynyň ýolbaşçylary bu talap boýunça özlerine 'ýokardan' tabşyrygyň berlendigini aýdýarlar.

“Eger-de býujet edarasynda işleýän adam ýa-da onuň maşgala agzalary arzan haryt [nobatlarynda] görünse, onda ony işden boşatmak [tabşyryldy]” diýip, bir býujet işgäri Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Türkmen häkimiýetleri soňky birnäçe ýyl bäri döwlet dükanlarynyň öňünde azyk harytlaryny satyn almak üçin garaşýan adamlaryň emele getirýän nobatlaryna garşy göreşip gelýär.

Täze ýylyň öňüsyrasynda hökümet başlygynyň maliýe we ykdysadyýet boýunça orunbasary Serdar Berdimuhamedow, prezident-kakasy Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça sebit bazarlaryna aýlanan gabatlary bazarlarda wagtlaýyn arzançylyk döredildi.

Degişli maglumat Bazarlardaky arzanlaşyk az ýaşady, ataly-ogul adamlary aldamakda aýyplanýar

Döwlet mediasy bazar sahnalaryny bolçulygyň subutnamasy hökmünde köpçülige ýetirdi.

Serdar Berdimuhamedow 20-24-nji dekabr aralygynda Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary bazarlaryna sapar etdi.

Ýöne Azatlygyň habarçylary bilen gürrüňdeş bolýan ýerli ýaşaýjylar soňky günlerde sebit bazarlarynda “emeli döredilen azyk bolçulygyny” “teatr sahnasy” atlandyryp, üpjünçiligiň wagtlaýyndygyny nygtaýarlar.

“Bolýan zatlaryň sahnadygyny bäş ýaşly çaga-da bilýär” diýip, bir maryly ýaşaýjy anna güni Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy. Ýerli ýaşaýjylar wise-premýeriň baryp gören sebit bazarlarynda azyk bolçulygynyň ýörite sahnalaşdyrylandygyny belleýärler.

Ýöne, muňa garamazdan, habarçymyzyň sözlerine görä, Serdar Berdimuhamedowyň sebit saparlarynyň dowamynda azyk üpjünçiligi bilen bagly bar bolan problemalaryň üstüniň açylmagyna umyt baglan adamlar bolupdyr. Ýöne “halkyň umydy puja çykdy” diýip, ýerli ýaşaýjy lapykeçlik beýan etdi.

Häkimiýetler bir tarapdan bazarlarda emeli arzançylyk döredip, beýleki tarapdan býujet işgärlerine arzan ýarmarkalara barmagy gadagan edýän mahaly, Azatlygyň Lebapdaky habarçysy öz çeşmelerine salgylanyp, welaýata iberilen azyk önümleriniň ätiýaç gorunyň ýabygorldygyny habar berýär.

Ýöne şonda-da, welaýat häkimliginiň işgärleri, habarçymyzyň maglumatlaryna görä, wagtlaýyn hem bolsa ilaty arzan iýmit önümleri bilen üpjün etmegiň ýollaryny gözleýär.

Resmileriň bu ugurda ýüz urýan çäreleri hususy daýhan hojalyklara azyk harytlary boýunça salgyt salmak ýaly mejbury çäreleri öz içine alýar.

Degişli maglumat Häkimiýetler hususy maldarçylyk hojalyklaryndan arzan et talap edýär

“Lebabyň häkimligi her niçik-de bolsa, iň bolmanda bäş gün ilaty arzan harytlar bilen üpjün etmegiň ýoluny gözleýär” diýip, habarçymyz öz çeşmelerine salgylandy.

Türkmenistanda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň fonunda soňky 3-4 ýylyň dowamynda ýerli pul hümmetini ep-esli ýitirdi. Munuň bilen bir hatarda, ilatyň satyn alyjylyk ukyby pese gaçdy. Harytlaryň we hyzmatlaryň bahalary walýutanyň gara bazar nyrhy boýunça kesgitlenilýän mahaly, ilat bahalaryň yzygiderli ýokarlanmagyndan ejir çekdi. Türkmen hökümeti ýerli önümçiligiň artandygyny aýtsa-da, resmi sanlar bazarlardaky real bahalar bilen sazlaşmady. Munuň netijesinde, baýramçylygyň öňüsyrasynda häkimiýetler harytlaryň bahalaryny mejbury talaplar bilen aşaklatmaga synanyşdy. Emeli arzançylyk bazarlarda nobatlara, nobatlarda ýakalaşyklara getirdi, hususy telekeçiler bosa häkimiýetleriň nyrh syýasatyna nägilelik beýan etdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.