ABŞ-a Meksikanyň üsti bilen. Merkezi Aziýadan bolanlar nädip serhetden gizlin geçýärler

Meksika-ABŞ serhedinden geçýänler. 2021-nji ýylyň 8-nji noýabry.

Soňky ýyllarda ýüzlerçe gyrgyzystanly Meksikanyň üsti bilen ABŞ-a barmagyň ýollaryny gözleýärler. Käbirleri öz maksadyna ýetip, “amerikan arzuwyna” gowuşýar, ýöne köprägi bu ýolda müňlerçe dollaryny ýitirip, ýurduna dolanmaly bolýar.

«RUSSIÝANYŇ GRAŽDANLYGY BOLAN GYZY GÖZLEÝÄRIN»

Bu gürrüňi başlamazdan ozal bellemeli ýagdaý; Azatlyk Radiosynyň Gyrgyz gullugy bilen gürleşen ähli söhbetdeşleriň atlarynyň üýtgedilendigini nazarda tutmaly. Olar diňe şu şertde gürrüň bermäge razy boldular.

34 ýaşly Adilet ýylyň başynda Russiýada ‘gara sanawa’ girizilip, yzyna – Gyrgyzystana iberildi. Bäş ýyllap Sahalinde ýük awtoulag sürüjisi bolup işläpdi, indi şol gazanan puly bilen "amerikan arzuwyna" ýetmek kararyna geldi. Adilet sosial ulgamlarda gyrgyzlaryň awtoulag sürüjisi bolup işleýändigini görüp, okeanyň beýleki tarapyna geçmegiň ýollaryny agtaryp başlady:

— Gyrgyzystana dolanyp gelenimden soň, Meksika gitmegi ýüregime düwdüm. Ömrümde hiç wagt daşary ýurda wiza taýýarlap görmändim. Indi bu ýol hakda pikir edýärin. Meksika ýa-da Şengen wizasyny almak üçin, maňa Russiýanyň graždanini bolan bir gyz gerek, onuň bilen ýalan nika baglaşjak, soňra-da Kankuna gitmek üçin, rus raýatlygy bolan gyzdan peýdalanjak. Sebäbi toýdan soňky "bal aýynda" gezelenje gidýänler barlanmaýar diýip eşitdim. Gyz rus ýa-da gyrgyz bolsun; maňa tapawudy ýok, esasy zat Russiýanyň raýaty bolsa bolýar – diýip, öz maksadyny aýdýar.

Nowosibirskide işlän Şambet alty ýyl ozal Russiýanyň graždanlygyny alypdyr. Geçen hepdeden bäri ol aýaly hem dört ýaşly ogly bilen Meksika uçmaga taýynlanýar. Ol bir kompaniýadan gezelenç üçin ugradyjy dokument satyn alandygyny ýaşyrjak bolmaýar, ýöne maksat ABŞ-a aşmak.

«Men, aýalym, oglum – üçimizem Russiýanyň graždanlary. Alty ýyl bäri Meksikanyň üstünden Amerika giden gyrgyzlar we ruslar bilen aragatnaşyk saklaýaryn. Hünärim boýunça diş doktory. Täze ýyl dynç alyş bahanasy bilen syýahatçylyk agentliginden, Kankuna syýahat satyn aldyk. Üçimize 500 müň rubl töledim. Belet adamlar ABŞ-a aşmak üçin, ýene bäş-alty müň dollar gerek bolar diýdiler. Ýol gaty agyr, ýaş çaga bilen ABŞ-a aşmak ondanam kyn bolsa-da, ol ýerdäki durmuşyň gowy boljakdygyna umyt edýäris» diýip, Şambet aýdýar.

Deslapky elektron rugsady bolan rus raýatlaryna Meksikada üç aýa çenli wizasyz galmaga mümkinçilik berilýär.

Adamlar meksika-amerikan serhedinden geçýärler. Tihuana. 2021-nji ýylyň 8-nji noýabry.

BAŞA BARMADYK ARZUW

Gyrgyzystanly Zarina bir aý mundan öň Stambula uçdy. Ol Meksika aşmak üçin mümkinçilik gözleýärdi. Internetde "wiza açmaga” wada beren bir türk bilen tanyşdy. Munuň üçin ol Zarinadan 4000 ýewro sorady. Soralan puluň ýarysyny geçirenden soň, Zarina Stambula uçdy. Türkiýä geleninde, özüniň aldanandygyny, wiza meselesinde kömek berjek adamyň kezzapdygyny bilip galdy. Häzir Zarina adalaty tapjak bolup, Meksikanyň Stambuldaky konsullygynyň gapysynda:

“Meksikanyň Stambuldaky konsullygyna bardym. Maňa bir resminamanyň ýokdugyny aýdyp, yzyma gaýtardylar. Täze ýyla çenli olar diňe bellenen adamlary kabul etjekler. Men nobat belledim. Ýöne maňa nobat ýetjek-ýetmejegi belli däl. Türk bizi aldady. Biz elimizdäki puly ýöne beräýipdiris. Geçen aý hem birnäçe gyrgyz raýatynyň aldanandygyny eşitdim, olara-da Stambulyň üstünden Meksikanyň wizasyny wada beripdirler. Men olar bilen habarlaşdym. Stambuldaky Meksikanyň konsullygy Merkezi Aziýadan bolanlara wiza bermeýär. Men Türkiýäniň graždanini hökümde arza ýazdym. Meseläniň çözüljek-çözülmejegi belli däl. Nähili-de bolsa, owaly Meksika, soň ABŞ-a gitmegiň ýollaryny gözleýärin" diýýär.

Gyrgyzystanyň 20-ä golaý graždanini Meksikanyň wizasyny almak umydy bilen müňlerçe dollar ýitirendiklerini Azatlygyň Gyrgyz gullugy bilen habarlaşanda boýun aldylar. Gyrgyzystanyň Stambuldaky Baş konsullygy 40 töweregi adamyň konsullyk bilen habarlaşandygyny tassyklady. Stambulyň Baş prokuraturasy bolsa “Kezzaplyk” maddasy boýunça jenaýat işiniň açylandygyny habar berdi.

Pandemiýa sebäpli Meksika wiza almak isleýänler bu ýurduň Stambuldaky konsullygynyň elektron nobatyna girýärler. Konsullygyň resmi web sahypasynyň maglumatyna görä, elektron rugsady bolan Türkiýäniň graždanlaryna Meksikada 180 güne çenli wizany täzeden hasaba aldyrmazdan galmaga mümkinçilik berilýär. Beýleki maksatlar üçin syýahat etjekler ähli zerur resminamalary taýýarlamaly hem-de 44 dollar tölemeli.

HER NÄHILI-DE BOLSA AŞMAK

Bu aralykda, Ekwadordan Meksika bikanun geçmäge synanyşýan Merkezi Aziýadan bolan migrantlaryň sany ýyl saýyn artýar. Ýüzlerçe daşary ýurtly migranty alyp barýan gäminiň üstünde, Ýyldyzbek hem bar.

Ol Meksika tarap, esasan, latyn amerikaly ýolagçylar bilen gidýändigini aýdýar. Ýöne onuň ýanynda Özbegistandan hem Täjigistandan bolan 30 töweregi adamyň bardygyny-da mälim edýär:

“Gyrgyzystandan meniň ýeke özüm. Bularyň ählisi Şengen wizasy bilen Italiýanyň üstünden, Ekwadora gelipdirler. Mundan gämi bilen Meksika barmagy umyt edýäris. Her kim dürli möçberde pul çykarypdyr. Meniň özüm iki müň dollar çykardym. Meksika baranyňdan soň, tokaýlaryň içi bilen ABŞ-a bikanun geçip bolýandygyny eşitdim. Bu örän agyr ýol, ýöne başga çykalga ýok. Men eýýäm iki hepde bäri ýolda. Belki, ýarym aýyň içinde şol ýerde bolaryn".

Suw içi bilen geçýän migrantlar ABŞ-yň hem Meksikanyň serhedinde, Tehsas. 2021-nji ýylyň 9-njy iýuly.

YZYŇA DOLANMAK

Meksika wiza alan ýagdaýyňda-da, ol ýere baranyňdan soň hem ýurda erkin girmäge kepillik ýok. Noýabr aýynda Kamçybek dört çagasy hem aýaly bilen Bişkekden Moskwa uçdy. Syýahatçylyk agentliginiň üstünden, Meksikanyň paýtagty Mehiko şäherine gezelenç satyn aldy. Ol Moskwa-Amsterdam-Mehika marşruty bilen uçmaly boldy, emma olary serhetden geçirmediler.

«Bize Agentlikde “şenbe güni uçarsyňyz, şonda terminalda adam az" diýdiler. Amsterdamda tranzit wagtynda hiç zat habar berilmedi. Mehikonyň aeroportunda, aýdylyşy ýaly, adam azdy. Pasportlarymyzy tabşyranymyzdan soň, bir işgär bizi bir otaga alyp gitdi. Ol bize hiç bir mesele ýok, diňe dokumentler barlanýar diýdi. Netijede, olar bize Moskwada berlen wizamyzyň galpdygyny aýtdylar. Iki sagatdan soň resmileriň biri gelip, yzymyza – Moskwa iberiljekdigimizi aýtdy hem bize uçar biletini berdi. Biz wizanyň galpdygyny bilmeýärdik. Moskwa gelenimizde, Gümrük işgärleri bizi "kezzaplykda" aýypladylar we Gyrgyzystana iberdiler. Umuman alanyňda, takmynan 20 müň dollar ýitirdik» diýip, Kamçybek gynanç bilen gürrüň berýär hem Russiýanyň "gara sanawyna" girizilendigini aýdýar.

Elbetde, Meksikanyň üsti bilen Amerika aralaşmagy başaran onlarça gyrgyzystanly bar. Ýakynda Pensilwaniýa ştatynda polisiýa okundan ölen Nurgazy Meksika bilen ABŞ-nyň arasyndaky wagtlaýyn tussaghanada bir ýyl töweregi wagt saklanyp, soň ABŞ geçipdi. Maşgalasy bilen ABŞ-a aralaşmagy başaranlaryň arasynda Žanybek hem bar. Ol Meksikanyň we Amerikanyň serhedinde birnäçe aýlap nädip ýaşandygyny gürrüň berýär hem agyr kynçylyklara duçar bolup, tasdan ýanýoldaşyny hem çagasyny ýitirmäge baryp ýetendigini aýdýar.

“Ondan öň Moskwada bäş ýyl işledim. Men ol ýerdäki ýagdaýy bilýärin. Meniň Amerika gaty gidesim geldi. Öýlenip, iki çagaly bolanymdan soň, şol hyýalymy amala aşyrmaga girişdim. Sosial ulgamlardan maglumat gözläp başladym hem ABŞ-a barmagyň ýollaryny ýakyndan öwrendim. Elbetde, menem beýleki adamlar ýaly, iki ýyllap ýaşyl kart (green card) lotereýasyna gatnaşdym. Ýöne bagtym çüwmedi. Syýahatçylyk wizasy üçin, ABŞ-nyň ilçihanasyna ýüz tutdum. Olar wiza bermediler. Soňra Meksikanyň üstünden gitmeli diýen karara geldim.

Ýol hem wiza üçin pul gerekdi. Munuň üçin garyndaşlarymdan we dostlarymdan karz alyp, kakamyň jaýyny-da girewine goýup, bankdan karz aldym. Şeýdip, iki çagam, aýalym, men – dört bolup ýola çykdyk. Uly çagam dört ýaşynda, kiçimiz dokuz aýlykdy. Meksika wiza almak üçin, Stambulda üç aý töweregi ýaşadyk. Soň biz ilçihana baryp, bütin ömrümize Meksikany görmegi arzuw edip geldik diýip, wiza soradyk, bize wiza berdiler.

Meniň şeýle ýol bilen giden tanşym bardy. Onuň bilen yzygiderli jaňlaşyp, maslahatlaşyp durdum. Tanşymyň aýtmagyna görä, Gyrgyzystanyň pasporty bilen Stambuldan we Moskwadan göni Meksika iberilmeýär. Şol döwürde Meksikanyň üsti bilen ABŞ-a girýän gyrgyzystanlylaryň sany köpelip başlady. Şoňa görä, gyrgyzystanlylaryň haýsy maksat bilen ol ýere barýandyklaryny hemmeler bilýärdi.

Şonuň üçin biz Kiýewe gitdik-de, dört adam üçin syýahatçylyk wizasyny satyn aldyk. Kiýewden Rime, ol ýerden göni Meksikanyň paýtagty Mehiko şäherine uçduk. Aeroportda hiç kim şübhelenmez ýaly owadan eşiklere bürendik " diýip, Žanybek başdan geçirenlerini gürrüň berýär.

Çagasyny göterip barýan migrant, Tehsas. 2021-nji ýylyň 9-njy iýuly.

«TASDANAM AÝALYM BILEN ÇAGAMY ÝITIRIPDIM»

“Biz ýönekeý syýahatçylar ýaly, on gün Meksikada aýlandyk. Iki ýa-da üç şähere baryp gördük. Haçan-da, gitmeli pursat gelende, maşgalam bilen serhet ýakasyndaky Tihuana gitdik. Aeroporta düşenimizde bizi polisiýa saklady hem resminamalarymyzy barlady. Ol ýerdäkiler adamlaryň näme maksat bilen Tihuana gelýändiklerini bilýärler. Aýratyn-da, GDA ýurtlaryndan gelýänleriň hemmesi nädip Amerika geçmegiň aladasynda. Tihuanany ýöne şeýle görmek üçin barýan syýahatçy ýok bolsa gerer.

Meksikadaky polisiýanyň parahordygyny bilýärdim. Şonuň üçin öňünden 20, 50 dollara pul çalyşdym. Ýöne, Hudaýa şükür, olar bizi goýberdiler.

Şeýdip, gijäni myhmanhanada geçirdik, irden aýalym kiçi oglumy alyp, barlag nokadyna gitdi, uly oglum ikimiz başga bir barlag nokadyna gitdik. Kim ilkinji bolup geçse, “aýalym ýa-da adamym eýýäm geçdi, maňa-da rugsat ediň” diýer ýaly ikä bölündik.

Migrantlar serhet duralgasyna sygmaýardy. Esasan Latyn Amerikasy ýurtlaryndan gelenler köpdi. Irden nobata ýazylmalydygymy öwrendim. Aýalym hem günüň dowamynda barlag nokadynda durdy, ýöne geçip bilmedi. Ikinji gün biz ýene bölünişdik. Menden öň eýýäm müňlerçe adam ýazylypdyr. Bu diňe bir gün üçin. Şol gün aýalym jaň edip, nähilidir adamlaryň gelendigini, olary awtoulaglara salandygyny we näbelli tarapa äkidilendigini aýtdy. Ol hiç zada düşünmändir. Olary nirä eltýändiklerini soranymda, telefon kesildi. Ondan uzak wagtlap habar bolmady.

Serhetde çagalaryň we adamlaryň alnyp gaçylýandygyny öňem eşidipdim. Adamyň "töleg üçin zamun alynýandygy" gulagyma ilipdi. Olary kimdir biri alyp gaçandyr öýdüp gorkdum. Her dürli pikirler kelläme geldi. Özüme ýer tapmadym, sebäbi ýakynlarymy bu ýere getirip, olary howp astyna saldym.

Garaňky düşende aýalym jaň etdi. Olary öýsüz-öwzarsyz aýallaryň ýa-da köçede galanlaryň gijesini geçirýän ýerine äkidilipdir. Olara çagalar bilen şol ýerde galmaga ýer berýän ekenler. Aýalym äriniň bardygyny we onuň "ykmanda" däldigini aýdyp, goh-galmagal edipdir. Şeýdip, yzyna gaýdyp geldi".

BIR ÝARYM AÝLAP TIHUANADA

“Soň her gün goşlarymyz bilen serhede barýardyk-da, nobatymyza garaşýardyk. Şeýdip, bir ýarym aý garaşdyk. Şol aralykda serhetde iki gyrgyz bilen tanyşdym. Olar hem bu şäherde kireýine jaý alyp, nobata garaşýan ekenler. Şol wagt 2018-nji ýylyň güýz aýlarydy.

Bir ýarym aýdan soň nobatymyz ýetdi, bizi ulagda alyp gitdiler. Ol ýerde hiç zat soramadylar. Diňe at bilen çagyryp, ýola düşdüler. Olar meni aýalymdan hem çagalarymdan aýyrdylar. Maňa eşiklerimi çykarmaly diýdiler, soňra ýörite eşik berdiler.

Ini-boýy dört-alty metr ölçegli otaga getirdiler, penjiresi ýok, demir gapy bar. Ol ýerde otuz töweregi adam bardy. Dürli adamlar, köpüsi Afrikadan hem Latyn Amerikasy ýurtlaryndan gelenler. Şolaryň arasynda Erdoganyň yzarlamalaryndan gaçyp gelen gülençiler hem bar eken. Hiç kimde telefon ýa-da sagat ýok. Polda ýatýarys, kondisioner işleýän wagty örtünmek üçin, bize folga berdiler. Umuman aýdylanda, maşgalaly bolanlary ol ýerde uzak saklamaýarlar. Meni sorag etmek üçin çagyrdylar, haýsy maksat bilen gelendigimi, näme üçin ýurdumdan gaçandygymy soradylar. Olara ynanar ýaly görnüşde jogap bermeli. Ýogsam yzyňa deportasiýa edip bilýärler. Olary ynandyrdym öýdýän. Soň bolsa ABŞ-da tanyş adamyň barmy diýip soraýarlar. Oňa jaň etdiler. Bäş günden soň meni boşatdylar, maňa güwä geçen adam bar zadyň taýyndygyny aýtdy. Aýalyma hem çagalaryma ýere düşemek üçin düşek beripdirler. Şeýdip, maşgalam bilen Amerika geçdik".

ABŞ-nyň serhedinden geçmekçi bolýan migrantlar, Tehsas, 2021-nji ýylyň 8-nji iýuly.

«BILEN BOLSAM GAÝTMAZDYM»

“Dogrymy aýtsam, bu ýagdaýy bilen bolsam gaýtmazdym. Hudaý halas etdi, bizem geçdik. Ýöne başgalara bu ýoldan gitmegi maslahat bermerin. Olaryň käbiri şeýle merkezlerde bir ýyllap oturýarlar. Çagalarymy Meksika serhedinde alyp gaçan bolsalar näderdim?! Şonuň üçin Meksikanyň üsti bilen bu ýere gelenlere düşünemok, olar bolsa "sizem gelip bilersiňiz" diýip, bu ýoly mahabat berýärler. Bu howply ýol. Men 27 müň dollar sarp etdim. Amerika gelmegiň iň dogry we kanuny usuly ýaşyl kart (green card) lotereýasydyr. Onuň bilen kanuny taýdan gelýärsiň we islän wagtyň yzyňa-da gaýdyp bilýäň. Biziň ýaly adamlar durýarlar, resminamalary haçan aljagymyzy bilmeýäris, ýyllar geçip biler. Mysal üçin, Amerikadaky bir adamyň Gyrgyzystanda kakasy ýogaldy. Ol onuň ýeke ogly. Soňky ýolunda kakasyny jaýlap bilmedi. Şonuň üçin size ýedi gezek ölçemegi we bir gezek kesmegi maslahat berýärin" diýip, beýleki bir gyrgyz aýdýar.

6-njy dekabrda Waşington "Meksikada gal" programmasyny güýje girizdi. Ynsan hukuklaryny goraýjylaryň aýtmagyna görä, Meksika deportasiýa edilen migrantlar kyn şertlerde saklanýar, olar belli karar kabul edilýänçä, bir ýarym ýyla çenli garaşyp bilerler.

ABŞ-nyň Serhet gullugynyň maglumatyna görä, şu aýyň başynda Arizona bilen Meksikanyň arasyndaky Ýuma bölüminde, her gün 1300-e çenli migrant hasaba alnypdyr. Bu adatdakysyndan iki esse köp.

Umumylykda Ýumada saklanan migrantlaryň köpüsiniň Merkezi Amerika ýurtlaryndan, şeýle hem Meksikadan, Salwadordan hem Gwatemaladan bolandygyna garamazdan, serhet goraýjylar Merkezi Aziýadan we Bangladeşden gelýänleriň sanynyň köpelendigini bellediler.

Golaýda Telegram kanallarynyň birinde, Ýumadan ABŞ-a barýan dört özbegistanlynyň wideosy ýaýradyldy. Wideony kimiň düşürendigi we ony ýaýradan belli däl. Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugynyň bellemegine görä, serhetden bikanun geçip barýarka, olary Amerikan serhetçileri saklapdyr. Ol dört adamyň ykbaly belli däl. Bu soraga Özbegistanyň ABŞ-daky ilçihanasy jogap bermedi.

Material Azatlyk Radiosynyň Gyrgyz gullugy tarapyndan taýýarlandy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.