Ekipaž agzalarynyň arasynda COVID-19 ýokuşmalarynyň köpelmegi bilen baglylykda, dünýäniň çar künjegindäki awiakompaniýalar 25-nji dekabrda, hristianlaryň pandemiýa döwründäki ikinji Kristmas baýramçylygyny belleýän wagtynda köp uçuşy goýbolsun etmeli boldy.
Juda ýokuşgan hasaplanýan omikron görnüşiniň çalt depginde ýaýramagy COVID-19 ýokuşmalarynyň kesgin ýokarlanmagyna sebäp boldy we uçarmanlaryň we ekipaž agzalarynyň karantin astyna alynmagy bilen, howa ýollaryny uçuşlary ýatyrmaga mejbur etdi.
Uçuşlary yzarlaýan “FlightAware.com” web sahypasynyň maglumatlaryna görä, Kristmas gününde ABŞ awiakompaniýalary tarapyndan jemi 973 uçuş goýbolsun edildi.
Bu şondan bir gün öň goýbolsun edilen uçuşlar bilen deňeşdirilende, ýatyrylan gatnawlaryň 41% köpelendigini aňladýar.
2000-e golaý uçuş gijä galdy. “FlightAware” maglumatlarynyň görkezmegine görä, bütin dünýäde 2700-den gowrak uçuş goýbolsun edildi, 7,845 uçuş bolsa gijikdirildi.
Uçuşlaryň togtadylmagy netijesinde iň agyr zyýan çeken 10 aeroportuň 6-sy Hytaýda ýerleşýär.