Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 24-nji dekabrda atasy Berdimuhamet Annaýewiň adyny göterýän harby mekdebiň binasynyň gurluşygy baradaky karara gol çekdi.
TDH-nyň maglumatyna görä, ýurduň Goranmak ministrligine Aşgabatdaky 1-nji ýöriteleşdirilen harby mekdebiň 700 orunlyk binalar toplumynyň taslamasyny düzmek we gurmak barada Türkiýäniň “Rönesans Endüstri Tesisleri Inşaat Sanayi ve Tiсaret A.Ş.” kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.
Aşgabat şäheriniň Türkmenbaşy şaýolunyň ugrundaky mekdebiň gurluşyk işleri 2022-nji ýylyň ýanwar aýynda başlanyp, binalar toplumyny 2024-nji ýylyň awgust aýynda ulanmaga doly taýýar etmek nazarda tutulýar.
"Türkmenistanyň Hronikasy" neşiriniň maglumatyna görä, bu mekdebiň guruljak ýerinde ozal köp gatly ýaşaýyş jaýlary, şol sanda sowet döwründe gurlan "Weteran" dükanynyň jaýy ýerleşýärdi. Bu jaýlary şu ýylyň ýanwarynda ýykmaga başladylar.
Iýul aýynda Gurbanguly Berdimuhamedowa Aşgabatda guruljak täze desgalaryň, şol sanda täze gurulmaly mekdep binasynyň taslamalary görkezildi.
Azatlygyň paýtagtdaky habarçysy şu hepdäniň başynda Türkmenbaşy şaýolunyň, Atamyrat Nyýazow, Nurmuhammet Andalyp we Baba Jepbarow köçeleriniň ugrunda ýerleşýän dört gatly jaýlaryň ýaşaýjylarynyň ýykylan jaýlarynyň ýerine jaý almak meselesinde uly alada galýandyklaryny habar berdi.
Döwlet eýeçiligindäki media jaýlaryň ýykylan adamlara berilýän jaýlar ýa-da kompensasiýa barada maglumat bermeýär.
Täze karar "okuwçylar üçin häzirki zaman tehnologiýalaryna laýyk gelýän okuw şertlerini döretmek we Aşgabat şäheriniň binagärlik-şähergurluşyk keşbini has-da gözelleşdirmek maksady bilen" düşündirilýär.
Täze mekdebiň döwlet gaznasyna näçe serişdä düşjekdigi aýdylmaýar.