Lebap welaýatynda 21-nji dekabrda güýçli ýel turdy. Tebigy hadysa sebit häkimiýetlerini Türkmenabatda ýerleşýän Baş baýdagyň hem-de Baş arçanyň aladasyny etmäge iterdi. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy sebitden habar berýär.
Güýçli ýel turan güni, 21-nji dekabrda häkimiýetler Lebabyň baş baýdagynyň aladasyny edipdirler we sebitiň Baş arçasynyň ýykylmazlygy üçin çäre görüpdirler.
Lebap welaýaty geçen ýylyň aprelinde güýçli tebigy betbagtçylyga şaýat boldy. Adam ýitgilerine getiren heläkçilik ýaşaýyş jaýlaryna we durmuş desgalaryna uly zyýan ýetirdi.
Sişenbe güni turan güýçli şemal “häkimiýetler üçin kelleagyry boldy” diýip, Azatlygyň habarçysy ýerli çeşmäniň sözlerini sitirleýär.
Degişli maglumat Jemagat işgärleri gije ýatman, köçeleri güýçli ýeliň netijelerinden arassaladyHas ozal, habarçylarymyz Lebap welaýatynda bu ýyl Baş arçanyň “Türkmeniň ak öýüniň” öňünde oturdylandygyny habar berdiler.
“Baş arça ýykylar öýdüp, ähli üns şoňa berildi. Ak öýüň öňünde oturdylan bu arçanyň dört tarapyny tros bilen ýere berkitdiler. Baş arçanyň aşagyndaky betony deşip, tros saklaýan armatur kakdylar we troslar bilen berkitdiler” diýip, habarçymyzyň gürrüňdeşi maglumat berdi.
“Ýörite adamlar baş arçanyň ýykylmazlygy üçin iş alyp bardylar” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.
Häkimiýetler Baş arçany güýçli ýelden goramagy başaran hem bolsalar, habarçymyza görä, şäherde oturdylan bäş iri täze ýyl arçasy şemalyň zarbyna ýykyldy.
Türkmenabadyň Köpugurly şäher hassahanasynyň, Suw hojalyk edarasynyň, nebit-gaz pudagyna degişli Gözleg-burawlaýyş edarasynyň öňünde oturdylan täze ýyl arçalary hem ýeliň güýjine ýykylypdyr.
Ýykylan arçalar 21-nji dekabra geçilen gije dessine sökülip aýrylypdyr.
“Sebäbi, ir bilen Serdar Berdimuhamedowyň Lebaba sapar etmegine garaşylýardy. Ol ýykylan arçalary göräýmesin diýip, gyssagly ýagdaýda daň atýança arçalaryň oýnawaçlaryny we bezeg çyralaryny sökdüler” diýip, çeşme gürrüň berdi.
Serdar Berdimuhamedow 22-nji dekabrda Türkmenabadyň baş bazaryna aýlandy. Ol ertesi güni sebiti terk etdi. Munuň yz ýany, ýerli häkimiýetler ýeliň zarbyna ýykylan arçalary dikeltmek işlerine täzeden badalga berdiler.
“23-nji dekabrda şol arçalary gaýtadan gurnap başladylar” diýip, çeşme gürrüň berdi.
Bir awtobus ýolagçysy Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde köpugurly hassahananyň öňündäki täze ýyl arçasynyň bir gijede ýitirim bolandygyny görüp, adamlaryň haýran galandygyny gürrüň berdi.
Degişli maglumat Maryda we Balkanda tozanly ýel turdy“Adamlar ‘bu arça nirä ýitirim bolduka’ diýip, birek-birekden soraýardylar” diýip, awtobus ýolagçysy habarçymyz bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.
Azatlygyň habarçylary noýabryň soňky hepdesinde Lebabyň Baş arçasynyň bu ýyl şäherde täze açylan Ak öýüň öňünde oturdylýandygyny habar berdiler.
Munuň yz ýany, dekabryň başlarynda hem sebitde güýçli ýel turdy. 3-nji dekabrda habarçylarymyz Mary we Lebap sebitlerinde çägeli ýel turandygyny habar berdiler.
Soňky hepdelerde Türkmenistanyň dürli sebitlerinde tozanly ýel turýar, güýçli şemal öwüsýär.
17-nji noýabrda habarçylarymyz Mary welaýatynda turan güýçli şemalyň ilatyň elektrik üpjünçiliginde bökdençlik döredendigini habar berdiler.
Dekabryň başlarynda Mary we Lebap, 21-nji dekabrda Balkan, Mary we Lebap welaýatlarynda güýçli ýel turdy. Habarçylarymyz Balkanyň käbir etrap resmileriniň orta mekdeplerde we edara-kärhanalarda duşuşyk geçirip, güýçli ýel barada ýerli ýaşaýjylara duýduryş berendigini habar berdi.
Türkmenistanyň döwlet media serişdeleri ýurduň çäginde turýan adatdan daşary tebigy hadysalar barada habar bermeýärler.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.