Sowet Soýuzy dargansoň, Hytaý nädip ägirt güýçli döwlete öwrüldi

Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň döredilmeginiň 100 ýyllygynyň öňüsyrasynda geçirilen dabarada, halas edijiniň eşigini geýen artistler toplumy gyzyl baýdagynyň daşyna ümzük atýarlar. Pekin, 2021-nji ýylyň 28-nji iýuny. Photo: Ng Han Guan (AP)

Sowet Soýuzynyň dargamagy Pekin üçin henizem taryhyň öwrediji sapagy hasaplanýar, mundan daşary-da, ol Hytaýa soňky üç onýyllygyň dowamynda, Ýewraziýada ýokary göterilmäge orun taýýarlady.

1989-njy ýylyň maý aýynda, Sowet Soýuzynyň Kompartiýasynyň Baş sekretary Mihail Gorbaçýow örän dabaraly ýagdaýda, Pekine üç günlük sapar etdi. Bu 1969-njy ýyldaky serhet çaknyşygyndan soň, Sowet Soýuzynyň ýolbaşçysynyň Hytaýa eden ilkinji we iň soňky sapary boldy. Iki ýurduň serhedinde dörän çaknyşyk olaryň özara gatnaşygyny onlarça ýyllap bölüp gelipdi.

Gorbaçýowyň Hytaýa eden meşhur saparyndan iki ýarym ýyl geçensoň, Pekin hem Moskwa dürli ýollardan gitdiler.

Milletçilikli garaýyşlaryň ösmegi we ykdysady durnuksyzlyk sebäpli Sowet Soýuzynyň dünýä döwleti hökmündäki statusy kem-kemden gowşap başlady. Sowet ýolbaşçylarynyň pese gaýdyşlygy saklamak synanyşyklaryna garamazdan, ol 1991-nji ýylyň 26-njy dekabrynda, SSSR-iň resmi taýdan dargamagy bilen tamamlandy.

Sowet Soýuzyndan tapawutlylykda, Hytaý öz ykdysady ösüşini ýokarlandyrmaga jan etdi, onýyllyklaryň dowamynda ýurduň ilatynyň ýaşaýyş derejesi we daşary ýurtlardaky täsiri ýokarlandy. Şeýlelikde, Hytaý dünýäniň ösüşine täsir ediji güýje öwrüldi.

Sowet Soýuzynyň dargamagyndan 30 ýyl soň ýüze çykan bu düýpli özgerişligiň ýaňy Ýewraziýada şindizem dowam edip, geçen onýyllygyň dowamynda, bu kontinentde Hytaýyň ösmegine ýol açyldy.

SSKP MK-nyň Baş sekretary Mihail Gorbaçýow (çepde) Pekine eden sapary mahalynda, hytaýly kärdeşi Den Sýaoping bilen duşuşýar. 1989-njy ýyl.

Sowet Soýuzynyň dargamagyny hem 15 täze döwletiň emele gelmegini Pekin seresaplylyk bilen garşylady. Ýöne Moskwa bilen gapma-garşylygyň soňlanmagy Hytaý üçin giň gerime ýol açdy hem öň mümkin bolmadyk çäklerden çykarmaga, öz täsirini ýokarlandyrmaga şert döretdi.

Munuň netijesinde Hytaý Moskwa bilen täze syýasy gatnaşyklary ýola goýdy, Merkezi Aziýada özüniň ösüp barýan ykdysady hereketleriniň güýçlenmegine mümkinçilik tapdy. Ahyrky netijede, hytaý kompaniýalary üçin gapy açan we Ýewraziýanyň ykdysady kuwwatynyň merkezine öwrülen «Bir guşaklyk – bir ýol» maksatnamasynyň döremegine getirdi.

— Sowet Soýuzy tarapyndan abanýan howpuň aradan aýrylmagy bilen Hytaý öz çeşmelerini islän ýerine eltip bildi, netijede, Günbatarda täsirini artdyryp başlady. Munuň özi Pekiniň uly üstünligidi. Hytaýyň täsiri häzirki wagtda bar ýerde diýen ýaly duýulýar – diýip, Frostburg döwlet uniwersitetiniň dotsenti Haýýun Ma Azatlyk Radiosyna aýtdy.

Sowet Soýuzynyň dargamagy Pekindäki ýokary derejeli ýolbaşçylaryň aň-düşünjesine-de ýiti täsir etdi. Hytaý syýasatçylary, şol sanda häzirki lider Si Jimping mundan sapak almalydygyny öňe sürdüler, ol 2013-nji ýylda Sowet Soýuzynyň dargamagyny "gutarnykly sapak" diýip atlandyrdy hem hytaýly syýasatçy kommunist kärdeşlerine SSSR-iň düşen ýagdaýyndan gaça durmagy maksat edinmelidigini öňe sürdi.

Si Jimping ol çykyşynda sowet liderleriniň öz kararlara hem ideologiýasyna aşa bagly bolandyklaryny aýtdy. Munuň özi bolsa, analitikleriň köpüsiniň pikirine görä, tutuş ýurtdaky başgaça pikirlenýänlere garşy basyşy artdyrdy, Hytaý bolsa öz täsirini dünýä derejesinde giňeltmek islegini güýçlendirip başlady.

— Hytaý Kommunistik partiýasy üçin Sowet Soýuzynyň dargamagy – örän öwrediji taryhy sapak. Ol Hytaýyň syýasatçylarynda uly alada döretdi. Ol gorky – hökümeti-agalygy ýitirmek gorkusy hem-de ony islendik baha bilen saklamak islegi – diýip, Aziýa barlaglarynyň Milli býurosynyň uly ylmy işgäri Nadez Rolland Azatlyk Radiosyna aýtdy.

ÖWREDIJI TARYH

Ilki bilen Hytaýyň Ýewraziýadaky hereketleri hyjuwly ýa-da ýokary derejeli däldi. Pekin ykdysady kynçylyklary we syýasy krizisi başdan geçirýän täze goňşularyna düşünmek isledi, Täjigistanda raýatlyk urşy başlanypdy, Russiýanyň Demirgazyk Kawkazynda milletara çaknyşyklar dowam edýärdi, Hytaý muňa nähili çemeleşmelidigini anyklamaga synanyşdy.

SSSR 1970-nji ýyllarda dünýäde howp döreden döwründe, Pekin bilen Waşingtonyň ýakynlaşmagyna goşant goşan bolsa, Sowet Soýuzynyň dargamagy Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň we onuň ýaranlarynyň Sowuk Urşuň gutarmagyna gowy umytlary döretdi, ýöne onuň ornuna Hytaýyň ýokary galmagy indiki bolup biläýjek gorkyny emele getirdi.

Öňki Sowet Soýuzynyň çägindäki döwletlerde ýüze çykan aşa ýokary durnuksyzlygyň we näbelliligiň arasynda, Pekin 1990-njy ýyllarda seresaplylyk bilen hereket etdi. Hytaý öz ýurdundaky ykdysady ösüşe ünsi jemledi, şonuň bilen birlikde, Gündogar Aziýadaky goňşulary bilen gatnaşyklary gowulaşdyrmak hem-de maýa goýum işlerine ünsi çekmek üçin, uly diplomatik kampaniýa başlatdy.

Hytaý Merkezi Aziýa aralaşansoň, post-sowet ýurtlarynyň gatnaw söwdasynda möhüm rol oýnap başlady. Şeýle hem Pekin howpsuzlyk meselelerini durnuklaşdyrmaga we köpden bäri dowam edip gelýän serhet dawalaryny çözmäge synanyşdy.

1996-njy ýylyň aprelinde Hytaýyň, Russiýanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň we Täjigistanyň liderleri Şanhaýda duşuşyp, öňki Hytaý-Sowet serhedinden harby güýçleri çykarmak we täze dörän garaşsyz goňşular bilen serhet meselelerini çözmegiň mehanizmini üpjün etmek barada, şertnama gol çekdiler. Owal başda "Şanhaý Bäşligi" adyny alan bu ylalaşyga 2001-nji ýylda Özbegistan goşulansoň, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna (ŞHG) öwrüldi (şondan bäri ŞHG Hindistany hem Pakistany öz agzalaryna goşdy).

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) döwlet baştutanlarynyň birinji giňişleýin sammitinde. Hytaý, Şanhaý, 2001-nji ýylyň 15-nji iýuny.

Hytaýyň XXI asyryň dowamynda ösmegi Waşingtonyň bu ýurda garaýşyny üýtgedip, oňa geljekki bäsdeş hökmünde garap başlady. Hytaý strategiýasynyň gerimini çäklendirmek üçin, ABŞ-nyň Gündogar Aziýadaky ýaranlarynda öz harby güýçlerini artdyrmagy sebäpli, Pekin aýratynam Ýewraziýadaky gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmaga has köp üns berdi.

— Hytaýyň ösmegi Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna we beýleki ýurtlara duýduryş boldy. Dartgynlygyň çalt ýokarlanyp biljek Ýuwaş okean sebitine garanda, gury ýer üstünden Günbatara giňelmek has ygtybarly ýol – diýip, Haýýun Ma aýdýar.

GÜNBATARA TARAP ÝÖRIŞ

2000-nji ýyllaryň dowamynda Hytaýyň strategleri Ýewraziýa ünsi jemlediler, bu sebit özüne bolan ynamy berkitmek üçin, Pekiniň täze syýasatynyň merkezine öwrüldi.

“Hytaýyň Günbatar gözýetimi” atly kitabyň awtory Daniel Markiniň belleýşi ýaly, Sowet Soýuzy dargan döwürde, Pekiniň häzirki statusyna ýetjekdigi entek aýdyň däldi.

— Hytaýyň Sowet Soýuzynyň dargamagyndan peýdalanjakdygy ýa-da öz täsirini Ýewraziýa ýaýratmagynyň mümkindigi asla belli däldi – diýip, Marki Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda aýtdy.

Hytaýyň syýasatçylary tarapyndan strategiki sebit hökmünde has köp ähmiýet berilýän Merkezi Aziýa Pekiniň üns merkezinde durdy. Ol sebit Owganystan hem Hytaýyň günbataryndaky Sinjiang welaýaty bilen serhetleşýändigi üçin, howpsuzlyk meselesinde örän wajyp bolup durýar. Şeýle hem ol sebit dünýädäki iň uly nebit we gaz sarp edijisi bolan Hytaýyň içerki ösüşini goldamakda, zerur tebigy baýlyklara eýe.

Russiýanyň, Hytaýyň hem Mongoliýanyň goşunlary 2018-nji ýylyň sentýabr aýynda, Sibirdäki hytaý-mongol serhediniň golaýynda ýerleşen harby türgenleşik meýdanynda, tehniki güýçleri görkezýärler.

2010-njy ýylda Hytaýyň Halk-azat ediş goşunynyň generaly Liu Ýaçžou Merkezi Aziýany jennet tarapyndan hytaýlylara berlen “tortuň iň tagamly bölegi” diýip häsiýetlendirdi. Ol öz sözünde munuň Pekin üçin strategiki taýdan baglanyşykly ýerdigini aýtdy. Günbataryň basyşynyň Ýuwaş okean sebitine garanyňda, “has uzakdadygyny” belledi.

Hytaý 2008-nji ýyldaky global maliýe krizisini ýurtlaryň köpüsinden has başarnykly geçip bildi, ýöne köp pudaklarda senagat mümkinçilikleriniň artykmaç önümleri hem-de täze bazarlara çykmak zerurlygy bilen ýüzbe-ýüz boldy. Mundan başga-da, Hytaý 2010-njy ýylda dünýäde ikinji uly ykdysadyýet hökmünde Ýaponiýadan öňe geçende, Ýewraziýa ýurtlarynyň köpüsi özlerine maýa goýumlaryny çekmek isläp başladylar, olaryň Günbatardan ýa-da Russiýadan çäklendirilen mümkinçilikleri bardy.

— Hytaý elmydama özüne çekiji maýa goýujy hökmünde görülmedi. Diňe maliýe krizisinden soň, köp ýurt umytsyzlyk we maýa goýumlarynyň zerurlygy sebäpli, Hytaýa [gapylaryny] has giň açyp başlady – diýip, Marki aýdýar.

2012-nji ýylda Pekin uniwersitetiniň Halkara barlaglary mekdebiniň öňki dekany, täsirli alym Wan Szi Hytaýyň Ýewraziýadaky täsirini artdyrmak arkaly Günbatarda giň gerimli ykdysady we diplomatik ösüş üçin strategiýany beýan etdi. Ol beýanat “Günbatara tarap ýöriş” diýen at aldy hem-de ABŞ-nyň Gündogar Aziýa strategiýasyna garyşyk deňagramlylykda jogap boldy. Syýasatçy alymyň öňe süren ideýalarynyň köpüsi 2013-nji ýylda Si Jimpingiň Gazagystanda öňe süren we esasy daşarky syýasat proýekti bolan «Bir guşaklyk – bir ýol» maksatnamasynyň esasyny düzdi.

Hytaý Halk Respublikasynyň ýolbaşçysy Si Jimping 2019-njy ýylyň aprelinde, «Bir guşaklyk – bir ýol» forumyna gatnaşyjy liderleriň dabaraly oturylyşygynda eden çykyşyndan soň, tost göterýär.

Şondan bäri-de «Bir guşaklyk – bir ýol» maksatnamasynyň baýdagy astynda, Pekine öz täsirini giňeltmäge we kompaniýalary üçin täze mümkinçilikleri döretmäge ýol açýan Latyn Amerikasynda, Afrikada we Ýewraziýada, Pakistanyň Gwadar portunda, Merkezi Aziýanyň giňişligindäki tutuş demir ýollary ulgamynda hem-de Eýranyň kynçylyk çekýän nebit pudagynda, ýüzlerçe milliard dollarlyk taslamalar başlandy hem strategiki ýerlere maýa goýuldy.

— Hytaýly syýasatçylaryň köpüsiniň aňynda Hytaý Merkezi Aziýada we Ýewraziýanyň beýleki ýerlerinde taryhy we adaty roly janlandy. Ol 30 ýyl bäri üýtgedi hem-de esasan ruslaryň täsir edýän sebiti bolmagyny bes etdi – diýip, Frostburg döwlet uniwersitetiniň dotsenti Haýýun Ma aýdýar.

TÄZE ÝEWRAZIÝA

Gorbaçýowyň 1989-njy ýylda Hytaýa eden sapary hiç bir meseläni düýpli üýtgetmedik bolsa-da, bu käbir sowet syýasatçylarynda umyt döredipdi. Ol umyt Si we Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin tarapyndan amala aşyrylyp, Pekin bilen Moskwanyň arasyndaky gatnaşyklaryň pugtalanmagyna getirdi.

Russiýa Hytaýyň ösmegine aljyraňňylyk bilen syn etdi, sebäbi Moskwanyň hem Ýewraziýa Bileleşiginiň çäginde öz meýilnamalary bardy. Muňa garamazdan, iki ýurt hem soňky ýyllarda has ýakyn gatnaşyk gurmagy başardylar. Putin iýul aýynda gatnaşyklaryň taryhda iň ýokary derejededigini aýtdy.

Täjigistanyň paýtagty Duşenbede Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) nobatdaky maslahatyna gatnaşyjylar wideo baglanyşyk arkaly prezident Si Jinpingi diňleýärler. 2021-nji ýylyň 17-nji sentýabry.

— Sowet Soýuzynyň dargamagy Russiýa bilen has dostlukly gatnaşyklara şert döretdi. Ol işleriň çalt üýtgeýändigini görmek haýran galdyryjy bir zat – diýip, Aziýa barlaglarynyň Milli býurosyndan, Nadez Rolland aýdýar.

Pekin bilen Moskwa köp meselelerde ylalaşmasa-da, olar dartgynlylygyň ýokarlanmagyndan gaça durýarlar, şeýle hem belli derejede ABŞ-a garşy umumy duşmançylykda raýdaşlyk bildirýärler. Hem Hytaý, hem Russiýa halkara meselelerini bilelikde çözmäge isleginiň artýandygyny görkezýärler, olar bilelikde harby türgenleşik geçirip başladylar.

Şeýle-de bolsa, analitikleriň köpüsi bu dinamikanyň näderejede çydamly boljakdygyna, aýratyn-da, Merkezi Aziýanyň howpsuzlyk pudagynda Pekiniň öz täsirini giňeltmegini dowam etdirýän mahalynda, ähtibarly garaýarlar. Kremliň öz "täsir meýdany" hasaplaýan dünýäniň ol böleginde, Pekin ykdysady täsirini ýokarlandyrýar.

— Pekin örän uzak oýun oýnaýar, ol şu wagta çenli Moskwanyň howsalalaryny gaty paýhaslylyk bilen ýumşadyp gelýär. Ýöne olar şemalyň haýsy tarapa öwüsýändigine düşünýärler, ahyrky netijede Russiýanyň kuwwatly güýjüniň gowşaýandygyny görýärler – diýip, Rollan aýdýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.