Ýewropaly deputatlar 'gulçulykda' öndürilen türkmen harytlarynyň gadagan edilmegine çagyrýar

Ýewropa Parlamentiniň 300-den gowrak wekili "türkmenleriň we uýgurlarlaryň gulçulygynda öndürilen" önümleriň Ýewropa Bileleşiginiň çägine import edilmegini gadagan etmäge çagyrdy diýip, “Turkmen.news” Ýewropa Komissiýasynyň prezidenti Ursula fon der Leýene iberilen hata salgylanyp ýazýar.

Hatyň awtorlarynyň nygtamagyna görä, Ursula fon der Leýen 2021-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda Ýewropa Parlamentinde eden çykyşynda mejbury zähmet arkaly öndürilýän önümlere gadaganlyk girizjekdigini wada berdi. Deputatlaryň pikiriçe, Ýewropa Komissiýasynyň bu wadany ýerine ýetirmeginiň wagty geldi.

“Gulçulyk ýagdaýyna salnan uýgurlar, türkmenler ýa-da islendik başga ýurduň erksiz işçileri tarapyndan öndürilen köýnekler, aýakgaplar ýa-da awtoulaglar indiden beýläk biziň dükanlarymyzda satylmaly däl” diýip, deputatlar ýazýar.

Olaryň pikiriçe, bu talaby ýerine ýetirmek mümkinçiligi bar. “Bu mümkin, Birleşen Ştatlar bu işi başardy, indi Ýewropa Bileleşigi hem bu işi etmeli. Bu karary gijikdirmek ýa ýumşatmak üçin edilen hiç bir synanyşyga ýol bermek bolmaz.”

“Turkmen.news” neşiriniň redaktory Ruslan Mätiýewiň pikiriçe, “bu örän wagtynda edilen ýüzlenme” bolup, “Türkmenistandaky ykdysady krizisiň, şol sanda pagta meýdanlaryndaky ýagdaýlaryň ýitileşýän, pagta çekilýän çagalaryň sanynyň köpelýän wagtyna gabat geldi”.