Farapdaky mekdep ýangynyndan soň VPN ulanýanlara garşy reýd geçirilýär
Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar
Farap etrabynda Milli Howpsuzlyk Ministrliginiň işgärleri ýerli mekdepde bolan ýangyn barada maglumat ýaýradýan çeşmeleri gözleýärler. Garaşsyz habar beriş serişdelerinde Farap şäherindäki 1-nji mekdepde ýangynyň bolandygy barada habar berlenden soň, MHM-niň işgärleri telefonlara VPN programmalaryny gurnap berýän ussalara garşy we şeýle programmalary ulanýanlary anyklamak boýunça reýdleri geçirýärler. Habarçylarymyzyň maglumatyna görä, 14-nji dekabrda Farap etrabynda Internet baglanyşygy kesildi.