Aşgabatda ilata arzan towuk, un we ýumurtga satyldy

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Türkmen häkimiýetleriniň dekabrda bellenilýän baýramçylyklar mynasybetli ilata "arzan azyk bolçulygyny" döretmek synanyşyklary dowam edýär. Munuň bilen bagly, paýtagtyň käbir etrapçalarynyň ýaşaýjylaryna subsidirlenen bahadan towuk, käbirine "ýakymsyz ysly" un, käbirine-de towuk ýumurtgasy satyldy. Şol bir wagtda, häkimiýetler käbir hususy dükan eýelerini süýji we köke önümlerini hakyky bahasynyň üçden bir bölegine satmaga mejbur edýärler. Paýtagtda döwletiň gözegçiligindäki bu söwdanyň jikme-jiklikleri barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy Aşgabatdan maglumat berýär.