Wengriýada migrantlary alyp barýan awtoulag heläkçilige uçrady

Ulag heläkçiligi. Wengriýa

Wengriýanyň häkimiýetleri migrantlary alyp barýan awtoulagyň Serbiýa bilen serhet ýakasyndaky bir jaýa baryp urmagy zerarly ýedi adamyň ölendigini we dört adamyň ýaralanandygyny habar berdiler.

Polisiýanyň maglumatyna görä, bu waka 13-nji dekabrda günortadaky Morahalom obasynda bolupdyr, şonda awtoulagyň sürüjisi polisiýanyň barlagyndan gaçmaga synanyşyp, ýokary tizlikde ulagyny sürüpdir bir ýaşaýyş jaýa urupdyr we agdarylypdyr.

Serbiýanyň belgisi bolan awtoulag 10 sany migranty alyp barýardy.

Polisiýa ýaralanan sürüjiniň tussag edilendigini we oňa garşy adam söwdasy hem-de ölüm howply hadysa sebäpkär bolmak aýyplamasy esasynda sud işiniň açyljakdygyny aýtdy.

Ýewropa Bileleşiginiň baý ýurtlaryna barýan Balkan ýoly diýlip atlandyrylýan ýol konfliktlerden, kynçylyklardan we yzarlamalardan gaçýan migrantlar we bosgunlar tarapyndan ulanylýar.

Günbatar Balkan ýurtlaryndan geçip, ÝB bikanun girýän migrantlaryň sany şu ýyl tas iki esse artdy diýip, Bileleşigiň serhet gullugy Frontex awgust aýynda habar berdi we olaryň aglaba böleginiň Siriýadan we Owganystandan gelýändigini aýtdy.