Kanada ‘Pekin-2022’ Gyşky Olimpiýa oýunlarynyň diplomatik boýkotyna goşulýar

Şanhaýyň Sport muzeýinde 'Pekin-2022" Gyşky Olimpiýa oýunlarynyň nyşany.

Kanada 2022-nji ýylyň fewralynda Pekinde geçiriljek Gyşky Olimpiýa oýunlarynyň diplomatik taýdan boýkot edilmegine goşulan soňky ýurt boldy.

Premýer-ministr Jastin Trudo 8-nji dekabrda žurnalistleriň öňünde eden çykyşynda öz ýurdunyň boýkotynyň “Hytaý üçin garaşylmadyk waka bolmajakdygyny” aýtdy.

“Biz ençeme ýyllardan bäri ynsan hukuklarynyň bozulmagy boýunça özümiziň çuňňur aladalarymyzy beýan edip gelýäris” diýip, ol aýtdy. Pekin hukuk bozulmalary berk inkär edýär.

Günüň dowamynda britan premýer-ministri Boris Jonson ynsan hukuklary babatdaky aladalara salgylanyp, oýunlara hiç bir ministriň gatnaşmajakdygyny aýtdy.

Birleşen Ştatlary we Awstraliýa hem birmeňzeş beýanat berdi. Bu beýannamalar Pekini gahar-gazap bilen jogap gaýtarmaga iterdi.

Soňky ýyllarda Hytaý bilen birnäçe Günbatar ýurdunyň arasynda, bir topar meselede, şol sanda Sinjiang sebitinde ynsan hukuklarynyň kemsidilmegi, Hytaýyň Honk Kongdaky syýasy repressiýasy bilen baglylykda dartgynlylyk ýokarlanýar.

Hytaý özüne ýöňkelýän ähli aýyplamalaryň toslamadygyny aýdýar.