Hökümetçi “Türkmenportal” neşiri, 3-nji dekabrda geçirilen hökümet mejlisine salgylanyp, prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň 2022-nji ýyl üçin çökgünlige garşy maksatnamasyny tassyklandygyny habar berýär. Bu karar ýurduň paýtagtynda we döwlet baştutanynyň öz obasynda hem, baýramçylyk saçagyny bezemäge öňünden taýýarlanýan ýaşaýjylaryň towuk eti, ýumurtga ýaly azyk önümlerini alyp ýetişmek üçin, uzyn nobatlara durýan wagtynda kabul edildi.
TDH, 'krizis ýa çşkgünlik' sözlerini agzaman, Türkmenistanyň prezidentiniň gol çeken kararyna laýyklykda, “dünýä ykdysadyýetindäki çylşyrymly ýagdaýlaryň ýurduň ykdysadyýetine ýetirýän täsirlerini peseltmek hem-de milli ykdysadyýeti durnukly ösdürmek boýunça 2022-nji ýyl üçin” degişli maksatnamanyň, ony amala aşyrmak üçin ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasynyň tassyklanylandygyny habar berdi.
Ýöne gürrüňi edilýän maksatnamanyň ne teksti çap edildi, ne-de beýleki detallary açyldy. Prezident, adatça bolşy ýaly, hasabatlarda getirilen ösüş sanlaryndan kanagatlanyp, wise-premýer Serdar Berdimuhamedowa maksatnamanyň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmegi tabşyrdy.
S.Berdimuhamedow on bir aýda jemi içerki önümiň durnukly ösüş depgininiň üpjün edilendigini, hasabat döwründe öndürilen önümleriň mukdarynyň, 2020-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 6,1 göterim ýokarlanandygyny öňe sürdi.
Resmi habarda nygtalmagyna görä, bu maksatnamada milli ykdysadyýetimiziň köpugurly hem-de durnukly ösüşini saklamak, önümçilik kuwwatlyklaryny doly peýdalanmak, ulag-logistika ulgamyny ösdürmek we sanly tehnologiýalary, öňdebaryjy tejribäni giňden ornaşdyrmak boýunça möhüm wezipeler kesgitlenildi; kiçi we orta telekeçilige döwlet goldawyny bermek, daşary ýurt maýa serişdelerini çekmek, ilatyň durmuş üpjünçiligini pugtalandyrmak hem-de ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak boýunça zerur çäreler göz öňünde tutuldy.
Degişli maglumat Berdimuhamedow krizis döwri ýene bir kaşaň myhmanhanany açdyTürkmen hökümetiniň mejlislerinde çökgünlik we krizis sözleri agzalmaýar we oňa derek, köplenç gapma-garşylykly ösüş sanlary getirilýär. Bu soňky mejlisde hem şeýle boldy. Pandemiýa aladalarynyň arasynda ozal planlaşdyrylan gurluşyklaryň sanawyna täzeden seretmegi tabşyran Berdimuhamedow mejlisde “şu ýyl 30 sany iri desga ulanmaga berilmeli bolsa, olaryň sany 73-e ýetdi” diýdi.
Şol bir wagtda-da ol, ýerli gurluşyk materiallarynyň önümçiliginiň ýokarlanandygy barada aýdylýanlary inkär edip, wise-premýer Ç.Purçekowa berk käýinç berende, sement önümçiliginiň peselmeginiň desgalary wagtynda tabşyrmaga ýaramaz täsir edýändigini aýtdy.
Mundan başga, ýurtda azyk howpsuzlygynyň üpjün edilendigini tekrarlaýan prezident, 3-nji dekabrda hem edişi ýaly, her baýramçylygyň öňünden ilaty elýeterli bahadan goýberilýän azyk önümleri bilen üpjün etmek baradaky talabyny gaýtalaýar we nyrhlaryň ýokarlanmagyna ýol bermeli däldigini ýatladýar.
Degişli maglumat Aşgabatda azyk paýynyň möçberi ýene azaldyldyŞu aralykda, Azatlygyň Ahaldaky habarçysynyň şu gün beren maglumatyna görä, 6-njy bazarda towuk etiniň kilogramy 21 manatdan satyldy we adamlar ondan alyp ýetişjek bolup, uzyn nobata durdylar.
“Üns beriň, Yzgant daýhan birleşigiň prezidentiň kakasynyň jaýlanan ýeri” diýip, habarçy belleýär. Onuň sözlerine görä, bu güni irden towuk ýumurtgasy satylmady.
Aýdylmagyna görä, dükanda ýumurtga ýaşaýjylara 10 manatdan, diňe 10 sany ýumurtga almak şerti bilen satylýar.
Şol bir wagtda, Söwda ministrliginiň ýumurtgany täjirçilik dükanlaryna kesgitli bahadan, bir ýumurtgany 1 manatdan satmak şerti bilen paýlandygy habar berilýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.