Türkmen häkimiýetleriniň 'dil tagallalary' nähili miwe berýär?

Illýustrasiýa suraty

Dünýä Türkmenleriniň bu sany türkmen häkimiýetleriniň “dil tagallalarynyň” çäginde girizen käbir gadaganlyklarynyň töweregindäki meseleleri öwrenýär.

24-nji noýabrda Azatlyk Radiosynyň habarçylary Lebap welaýatynyň käbir çagalar baglarynda rus dilindäki multfilmleriň gadagan edilýändigini, körpelere rus dilinde multfilm görkezen terbiýeçileriň bolsa işlerinden boşadylýandyklaryny habar berdi.

Bu aralykda, 24-nji noýabrda döwlet eýeçiligindäki “Türkmenistan: Altyn asyr” saýty Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýanyndaky Halkara gatnaşyklar institutynyň GDA agza döwletleriň we türkmen talyplarynyň arasynda rus dili boýunça bäsleşik yglan edýändigini habar berdi.

Mundan ozal, martyň başynda “Türkmenistanyň hronikasy” neşiri Lebap welaýatynyň käbir çagalar baglarynda türk multfilmleriniň hem gadagan edilýändigini habar berdi.

Rus we türk multfilmlerine girizilýän gadaganlyk bilen, ýerli ýaşaýjylara görä, türkmen körpeleri diňe türkmen dilinde multfilm görmäge mejbur edilýärler. Muňa garamazdan, türk we rus dilli döredijilik eserleri, kinolar we multfilmler ilat arasynda iň köp sarp edilýän önümleriň hatarynda galýar.

Türkmen häkimiýetleriniň rus multfilmlerine girizýän gadagançylygy haýsy sebäplere ýa-da aladalara esaslanýar? Türkmen dilindäki döredijilik eserleri ýerli sarp edijileri kanagatlandyryp bilýärmi? Globallaşan dünýäde rus, türk, iňlis ýa-da beýleki dillerde köpçülige ýetirilýän täze kinofilmleriň ýa-da multfilmleriň türkmen diline terjimesi babatda nähili işler alnyp barylýar?

Dünýä Türkmenleriniň bu sany türkmen häkimiýetleriniň “dil tagallalarynyň” çäginde girizen käbir gadaganlyklarynyň töweregindäki meseleleri öwrenýär.

Bu aralykda, daşary ýurt multfilmlerine girizilýän gadaganlyk ýurduň aragatnaşyk pudagynda, hususan-da poçta ulgamynda döwlet dilini ulanmak hökmanylygynyň kanunçylyk bilen berkidilýän wagtyna gabat gelýär. Türkmenistanda noýabrda tassyklanan “Poçta aragatnaşygy hakyndaky” kanun Türkmenistanyň çäginiň içinde iberilýän hatlaryň poçta salgylarynyň döwlet dilinde ýazylmagyny talap edýär.

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Türkmen häkimiýetleriniň 'dil tagallalary' nähili miwe berýär?