Ykdysady kynçylyklaryň arasynda maryly býujet işgärlerinden nobatdaky gezek pul toplanýar

Illýustrasiýa suraty

Mary welaýatynyň Mary şäherindäki edara-kärhanalarda, şol sanda orta mekdeplerde işleýän býujet işgärlerinden nobatdaky gezek pul toplanýar. Býujet işgärleri ýurtda ýitileşýän ykdysady kynçylyklaryň arasynda özlerinden yzygiderli talap edilýän mejbury maddy goşantlaryň öz maşgala býujetlerine barha köp agram salýandygyny aýdýarlar.

Azatlyk Radiosynyň Marydaky habarçysynyň maglumatlaryna görä, bu sapar býujet işgärleri "tebigaty goramak" üçin 30 manat möçberinde maddy goşant goşmaga mejbur edilýär.

"Bizden yzygiderli ýygnalýan pullar sebäpli aýlygymyz maşgalamyza ýetmeýär. Ýöne pul bermejek bolsaň, ýa-da nägilelik görkezseň, onda ýolbaşçylar saňa duşman bolýarlar we işden çykarmak üçin bahana gözläp başlaýarlar. Käbir ýolbaşçylar "pul goşmajak bolsaň, bar, işden gidiber" diýýärler" diýip, maryly býujet işgärleriniň biri anonimlik şertinde 2-nji dekabrda habarçymyza gürrüň berdi.

Degişli maglumat Prezidentiň merhum kakasynyň “anna agşamsy” üçin mejbury pul toplanýar

Habarçymyzyň sözlerine görä, býujet işgärleriniň alýan zähmet hakynyň näçedigine garamazdan, ähli adamdan bir mukdarda serişdäniň talap edilmegi aýlygy az işgärleriň arasynda has-da nägilelik döredýär.

"30 manat aýlygy 2 müň manatdan geçýän mugallymlar üçin gaty uly pul bolup görünmese-de, biz üçin gaty uly pul. Sebäbi men garawulçylyk çekip 700 manat aýlyk alýan. Ony nagtlaşdyrmak üçin kireýine awtoulag tutup, dürli ýangyç beketlerine aýlanýaryn. Soňra ony nagtlaşdyryp berjek adam tapanymdan soň, puluň ujundan oňa-da prosentini berýärin. Ondan soň meniň hojalygyma, özüme näme galýar? Biz ýaly garawullardan 30 manada derek 3 manat ýygnasalar bolýar" diýip, orta mekdepleriň birinde garawul bolup işleýän maryly býujet işgäri habarçymyza gürrüň berdi.

Ol özüniň maşgala we maddy ýagdaýyny düşündirmek üçin mekdep müdiriniň ýanyna barandygyny we eglişik etmegi sorandygyny hem aýdyp, sözüni şeýle dowam etdirdi:

"Men müdirimize: "30 manada çagalaryma irdenlik iýmäne şeker we mesge alanym gowy. Men öňümizde Täze ýyl baýramy gelýär, saçagy bezemek üçin azyk almaly bolarys diýip, öýdäkilere dözmän gelýärin. Aýlyklar hiç zada ýetmeýär. Biz ýaly az aýlyk alýan işgärlerden pul almasalaram bolýar" diýdim. Müdir maňa: "Sen entek şükür et we prezident täze surata düşmesin diýip dileg et, ýogsa biz öňki ýyllarda bolşy ýaly sizden portret üçin ýene 50 manat ýygnamaly bolarys" diýip güldi we "Bolýar, sen gowy adam. Dogryny gepläniň üçin sen baglaryň aşagyna çalar ýaly 10 manatlyk ak hek getiräý" diýip, meniň bilen ylalaşdy" diýip, maryly garawul aýtdy.

Degişli maglumat Býujet işgärlerinden “tebigaty goramak üçin” pul ýygnalýar

Azatlygyň bu aýdylanlar barada şäheriň Bilim bölüminden goşmaça maglumat ýa kommentariýa almak synanyşyklary netije bermedi.

Türkmenistanda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň, şol sanda azyk gymmatçylygynyň we gytçylygynyň fonunda býujet işgärlerinden ol ýa-da beýleki sebäbe salgylanyp, yzygiderli pul ýygnalýar.

Mundan ozal, häkimiýetler “pagta ýygymy”, “welosiped”, "üzärlik", "bag nahallaryny" satyn almak, “prezidentiň portretlerini çalyşmak”, "gowaça çürtümi", ​"prezidentiň merhum kakasynyň ýas sadakasyny sowmak" we beýleki maksatlar üçin býujet işgärlerinden pul toplady.

Toplanýan bu maddy goşantlaryň möçberi köplenç onlarça manat bolsa, käte-de ýüzlerçe manada ýetýär.

Geçen aýyň başynda Marydaky habarçymyz býujet işgärleriniň özlerine derek ýatymlaýyn pagta gidýän işçiler üçin 500-600 manat tölemeli bolýandygyny habar berdi. Habarçylarymyz we türkmenistanlylaryň ençemesi munuň ýurtdaky köp adamyň aýlyk zähmet hakynyň ýarysyna barabardygyny aýdýarlar.

Türkmen häkimiýetleri we media serişdeleri býujet işgärlerinden talap edilýän mejbury maddy goşantlar barada hiç hili mesele gozgamaýarlar.

Degişli maglumat Ilatdan hökmany maddy goşantlaryň sanawy barha artýar, "Gyzyl Haç we ýarymaý" üçin nobat ýetdi

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.