Mary: oba hojalyk tehnikalaryna ätiýaçlyk şaýlary ýetmezçilik edýär

Illýustrasiýa suraty. Türkmenistan.

Mary welaýatynyň “Obahyzmat” edaralarynda tehnikalara ätiýaçlyk şaýlary ýetmezçilik edýär. Mehanizatorlar bozulýan tehnikalar üçin şahsy çykdajy etmäge mejbur edilýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy sebitden maglumat berýär.

Habarçymyz Türkmengala etrabynyň tehnikalara hyzmat ediş edaralarynyň işgärleri bilen gürrüňdeş bolup, oba hojalyk tehnikalarynyň ýagdaýyny öwrendi.

Maglumat üçin aýdylsa, Türkmenistanyň oba hojalyk işlerinde öňden galan köne traktorlardan we beýleki tehnikalardan peýdalanylýar. Döwlet mediasy ýurduň Belarus, ABŞ we Germaniýa ýaly daşary döwletlerden täze oba hojalyk tehnikalaryny satyn alýandygyny habar berýär.

Degişli maglumat Ýangyç ýetmezçiligi kombaýnlaryň işini bökdeýär

Ýurduň sebitlerinde oba hojalyk tehnikalaryna hyzmat ediş edaralary ýerleşýär. Mehanizatorlar öz gözegçiligindäki traktorlaryň we beýleki tehnikalaryň gurat saklanmagy üçin “Obahyzmat” edaralaryndan ýardam alýar. Ýöne ýurtda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň arasynda tehnikalar we mehanizatorlar ätiýaçlyk şaýlarynyň ýetmezçiliginden ejir çekýär.

“Edara döwülen traktorlarymyzyň ätiýaçlyk şaýlaryny biziň özümize aldyrmakçy bolýar” diýip, bir traktor sürüjisi Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

“Olar bize ‘ätiýaçlyk şaýlaryňyzy özüňiz satyn alyň’ diýýärler” diýip, traktor sürüjisi sözüniň üstüni ýetirdi.

Mehanizatoryň sözlerine görä, edara ýolbaşçylary traktor sürüjileriniň özlerine berkidilen tehnikalaryndan peýdalanyp, goşmaça girdeji gazanýandyklaryny we gazanmalydyklaryny aýdýarlar.

Türkmenistanyň oba hojalyk pudagynda noýabryň başynda güýzlük bugdaý ekişiniň tamamlaýjy tapgyryna girişildi, şu günler gowaça meýdanlaryny çöplerden arassalamak we aralyk ekinleriniň hasylyny ýygnamak möwsümi dowam edýär.

Mehanizatorlar özleriniň erk edýän tehnikalary bilen döwlet borçnamasy esasynda ekin ekýän kärendeçileriň ýerlerini ýeňillikli bahadan sürmäge, tekizlemäge we şuňa meňzeş beýleki oba hojalyk işlerine ýardam bermäge borçlanýarlar. Olar eden işleri üçin döwletden hak alýarlar. Şol bir wagtda döwlet mehanizatoryň erk edýän tehnikasynyň üpjünçiligine ýardam bermegi öz üstüne alýar.

Ýöne Maryda tehnikalara hyzmat ediş edaralarynyň ýolbaşçylary traktor sürüjilerinden özleriniň erk edýän traktorlary üçin şahsy çykdajy etmegi talap edýär.

“Traktorlar üçin ätiýaçlyk şaýlaryny özüňiz satyn alyň! Siz onuň-munuň işini edip pul gazanýansyňyz. Biz bilýäris. Eger-de işiň daşyndan özbaşdak işlemeýän bolsaňyz, işläň! Bize azaryňyzy ýetirmäň!” diýip, bir traktor sürüjisi tehnikalara hyzmat ediş edarasynyň başlygynyň sözlerini getirdi.

Ýöne mehanizatorlar özlerine berkidilen tehnikalaryň könelendigini we köne tehnikany bejermek üçin onsuz hem özleriniň çykdajy etmeli bolýandyklaryny aýdýarlar.

Degişli maglumat Gowaçalaryň idegi tehnika we dökün ýetmezçiligi sebäpli bökdelýär

“Dogry. Edarada täze traktorlar hem bar. Olar hiç kime azar bermän gezip bilýärler. Kim daşyndan şahsy iş bar diýse, ýaýdanman gidýärler. Biziň traktorlarymyz köne. Sähel agram düşse döwülmek bilen bolýar. Biziň gazanýan pullarymyz bejermäge ýetenok” diýip, traktorçy gürrüň berýär.

Mehanizatoryň sözlerine görä, edara ýolbaşçylary tehnikalardan şikaýat edýän sürüjilere tehnikalaryny elinden almak bilen haýbat atýarlar.

“Men işe girenim bäri, bir gezek hem edaradan traktoryma guýmak üçin ýag alyp görmedim. Emma her aý diňe bir ýag üçin däl, eýsem, başga zatlary hem aldym diýip, bir kagyza gol goýup geldim” diýip, traktorçy aýdýar.

“Biz oba hyzmat edip, iň bolmanda mallarymyza ýatak gurup bilmedik. Gazananymyzyň barysy ýa dermana, ýa bokurdaga, galany hem traktorlarymyza gidip dur. Bize ýene biraz “Obahyzmat” kömek etmese, biz bu işi taşlamakçy” diýip, mehanizator aýdýar.

Galyberse-de, birnäçe “Obahyzmat” işgäriniň sözlerine görä, edaralaryň hasabyndaky tehnikalaryň şaýlarynyň daşyndan höwes bildirýän adamlara sökülip bikanun satylýandygy barada maglumatlar bar.

Sebitlerde tehnikalara hyzmat ediş edaralary 2016-njy ýyla çenli “Türkmenobahyzmat” döwlet birleşigi atlandyryldy. Ýöne 2016-njy ýylda bu edara ýatyrylyp, tehnikalara hyzmat ediş edaralary Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligine berkidildi.

Galyberse-de, Türkmenistan 2009-2017-nji ýyllar aralygynda Belarusyň Minsk Traktor Zawodyndan 6000 sany MTZ traktoryny satyn aldy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.