Hukuk goraýjylaryň ençemesi Türkmenistanyň häkimiýetlerini lukman Hursanaý Ismatullaýewanyň işine täzeden garamaga çagyrdy.
"Türkmen.news" neşirinde çap edilen maglumata görä, 23-nji noýabrda hukuk goraýjylaryň alty sanysy Türkmenistanyň Ýazdursun Gurbannazarowa, baş prokuror Batyr Atdaýewe, içeri işler ministri Öwezdurdy Hojanyýazowa, Ýokary kazyýetiň başlygy Guwançmyrat Ussanepesowa ýörite hat iberdi. Bu hatyň nusgalary Türkmenistanyň Awstriýadaky, Belgiýadaky we Niderlandlardaky ilçihanalaryna hem gowşuryldy.
"Bu hatda beýan edilişi ýaly, H.R. Ismatullaýewa perinatal klinikadan bikanun işden çykarylmagy we adalat guramalaryna kömek sorap ýüz tutmagy sebäpli esassyz tussag edildi, jogapkärçilige çekildi we uzak möhletleýin azatlykdan mahrum edildi" diýip, neşiriň maglumatynda bellenilýär.
Degişli maglumat ABŞ-nyň kanun çykaryjylary Berdimuhamedowy syýasy tussaglary boşatmaga çagyrýarBu hata aşakdaky hukuk goraýjylar gol goýdy:
- Täjigül Begmedowa, Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki fondy
- Wýaçeslaw Mämedow, Türkmenistanyň graždan demokratik bileleşigi
- Timur Misrihanow, Türkmenistanyň garaşsyz ýuristler assosasiýasy
- Ruslan Mätiýew, “Turkmen.News” neşiri
- Farid Tuhbatullin, Adam hukuklary boýunça Türkmen inisatiwasy
- Brijit Dýufo, Adam hukuklary boýunça halkara hyzmatdaşlygy
Gökdepe şäherindäki “Ene mähri” merkeziniň ozalky lukmany Ismatullaýewa 16-njy iýulda öz öýünden näbelli tarapa alnyp gidilipdi. Ol 2017-nji ýylyň tomsunda näsaglardan para almakdan ýüz öwrendigi we olary gerekmejek tölegli saglyk barlaglaryna, operasiýa bejergilerine ibermekden boýun gaçyrandygy üçin işden boşadyldy. Şeýle-de, merkeziň ýolbaşçylary lukmanyň köpçülikleýin çärelere gatnaşmakdan ýüz öwürmeginden hem nägile boldular diýip, garaşsyz turkmen.news neşiri belledi.
Azatlygyň ozal-da habar berşi ýaly, 15-nji iýulda Ýewropa parlamentiniň agzalarynyň “Merkezi Aziýa ýurtlarynda susdurmak praktikalary: Hukuk goraýjylaryň sesleri” ady bilen gurnan wideoşekilli maslahatynda turkmen.news neşiriniň baş redaktory, derňewçi žurnalist Ruslan Mätiýew Ismatullaýewanyň ýanalyşy hakynda hem gysgaça durup geçipdi.
Degişli maglumat H.Ismatullaýewa wideoýüzlenme ýazyp, özüniň jenaýat etmändigini aýdypdyr"Bu wakanyň ertesi güni, ýagny 2021-nji ýylyň 16-njy iýulynda R.R. Ismatullaýewa tussag edildi: polisiýa işgärleri we raýat eşikli adamlar ony öýünden näbelli bir ýere alyp gitdiler. Ol 14 günläp daşky dünýäden üzňelikde saklandy, onuň nirededigi barada garyndaşlaryna hiç hili maglumat berilmedi. Netijede, garyndaşlary onuň Büzmeýin etrabynyň polisiýa tussaghanasynda saklanýandygyny we şol ýerden Içeri işler ministrliginiň Asudalyk köçesindäki deslapky tussaghanasyna geçirilendigini bildiler" diýlip, maglumatda aýdylýar.
Maglumata görä, şondan soňra Ismatullaýewa garşy Jenaýat kodeksiniň 228, 218 we 114-nji maddalary, ýagny "galplyk", "resminamalary galplaşdyrmak" we "garaşly ýa-da ejiz bir adama rehimsiz çemeleşmek" boýunça jenaýat işleriniň gozgalandygy belli bolýar.
"2021-nji ýylyň 7-nji sentýabrynda geçirilen kazyýet işinde hanym Ismatullaýewa özüne bildirilen aýyplamalar boýunça günäli tapyldy we dokuz ýyl azatlykdan mahrum edildi" diýip, turkmen.news neşiri belleýär.
Hukuk goraýjylar "hatda berlen maglumatlara esaslanyp, Türkmenistanyň degişli edaralaryndan Ismatullaýewanyň işi bilen baglanyşykly birnäçe çäreleri görmegi" haýyş edýärler:
Degişli maglumat Hursanaý Ismatullaýewanyň kazyýet diňlenişiginiň 30-njy awgustda başlanjagy aýdylýar
Ombudsmeniň edarasy: birinjiden, Ismatullaýewany tussaglygyň, iýmitlenmegiň we lukmançylyk kömegine elýeterliligiň degişli normalary bilen üpjün etmek maksady bilen, onuň saklanýan ýerine gözegçiligi guramalaşdyrmaly. Ikinjiden, Ismatullaýewanyň halkara we milli kanunçylykda göz öňünde tutulan hukuklarynyň berjaý edilmegini üpjün etmek, şeýle hem tussag edilmezinden ozal we soň hukuklarynyň bozulandygy üçin jogapkär resmileri jogapkärçilige çekmek üçin degişli döwlet edaralaryndan täsirli çäreleri görmegi talap etmeli.
Ýokary Kazyýet: Milli we halkara adalatly kazyýet ülňülerine doly laýyk gelýän işiň çäginde Ismatullaýewa garşy gozgalan jenaýat işiniň derrew gözden geçirilmegini; Ismatullaýewa garşy ýöňkelen esassyz aýyplamalaryň aýrylmagyny we onuň gyssagly boşadylmagyny üpjün etmeli.
16-njy noýabrda Birleşen Ştatlaryň dört kanun çykaryjysy Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa ýörite hat iberip, türkmen türmelerindäki syýasy tussaglaryň, şol sanda Hursanaý Ismatullaýewanyň boşadylmagyna çagyryş etdi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.