Awstriýa 22-nji noýabrda doly lokdawn, ýagny petiklenme çärelerini girizdi. Bu aralykda, Ýewropa boýunça täze çäklendiriji düzgünlere garşy protestler geçirilýär.
8,9 million ilatly Awstriýada adamlaryň işe we zerur harytlar üçin dükana gitmegine rugsat berlip, ýurtda restoranlar, barlar, dellekhanalar, teatrlar we möhüm bolmadyk söwda nokatlary ýapyldy.
Çäklendiriji düzgünler 12-nji dekabra çenli dowam eder. Şol bir wagtda, resmiler bu çäreleriň 10 günden soň ýene-de gözden geçiriljekdigini duýdurdylar.
Geçen hepde Awstriýa fewraldan başlap COVID-19-a garşy sanjymlary kanuny taýdan hökmany eden ilkinji Ýewropa döwleti boldy. Mundan öň, Ýewropada bu talaby diňe Watikan girizipdi.
Geçen hepde soňy bu çäklendiriji düzgünlere garşy çykyp, 30 müň töweregi adam Wenanyň köçelerinde proteste çykdy. 21-nji noýabrda Linzde hem 6 müň töweregi adam demonstrasiýa geçirdi.
Geçen hepdäniň aýagynda Ýewropanyň beýleki ýurtlarynda hem gazaply protestler geçdi.
Niderlandlaryň ençeme şäherinde tapgyr üçünji gije gazaply protestler boldy. Goňşy Belgiýanyň paýtagty Brýusselde hem 35 müň adam koronawirus çärelerine garşy proteste çykanda gazaplylyk döredi.