Birleşen Ştatlaryň dört kanun çykaryjysy Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa ýörite hat iberip, türkmen türmelerindäki syýasy tussaglaryň boşadylmagyna çagyryş etdi.
ABŞ-nyň Illinoýs ştatynyň senatory Dick Durbiniň websaýtynda çap edilen habara görä, bu hat Durbin we onuň başga-da üç kärdeşi - senatorlar Patrick Leahy, Sherrod Brown, Tom Malinowski - tarapyndan 16-njy noýabrda ýollandy.
“Biz, Türkmenistan halkara guramalaryna, şol sanda BSG (Bütindünýä Söwda guramasy) goşulmak we öz ykdysadyýetini dünýä tanatmak üçin siziň administrasiýaňyzyň bilen uly meýilnama yzarlaýarka, gyzyklanma bilen ýazýarys. Dünýä ykdysadyýetine mundan beýläk-de gatnaşmak üçin şular ýaly hoşniýetli tagallalar, şübhesiz, ýurduň adam hukuklary ýazgylaryna has köp üns bermek bilen güýçlener" diýlip, hatda bellenilýär.
Degişli maglumat ABŞ senatory: Türkmenistan G.Annanyýazowy tussaglykdan azat etmeliKanun çykaryjylar öz hatynda Berdimuhamedowy tussaglykda saklanýan syýasy bendileri boşatmaga çagyryp, žurnalist Nurgeldi Halykowyň, lukman Hursanaý Ismatullaýewanyň we aktiwist Gulgeldi Annaniýazowyň ykballaryna aýratyn üns çekýärler.
Annanyýazow 2008-nji ýylda Norwegiýadan Türkmenistana gaýdyp gelende tussag edilip, 11 ýyl azatlykdan mahrum edildi we onuň tussaglyk möhleti 2019-njy ýylda uzaldyldy.
"Biz jenap Annaniýazowyň türmeden boşadylandygyny eşidip begensek-de, ol üzňelikde we ýaramaz şertlerde saklanyp galýar..." diýip, kanun çykaryjylar belleýär.
1995-nji ýylyň 12-nji iýulynda Aşgabatda hökümete garşy geçirilen parahat protestiň guramaçylarynyň biri, 1996-njy ýylda uzak möhletli türme tussaglygyna höküm edilen we halkara basyşlary esasynda azatlyga çykan Annanyýazow ýurtda häkimiýet çalşandan soň yzyna dolanypdy we serhetden bikanun geçmekde günäli tapylypdy.
ABŞ-nyň kanun çykaryjylary "COVID-19 pandemiýasy bilen bagly garaşsyz neşirlere goşan möhüm goşantlaryny göz öňünde tutup", Halykowyň derrew boşadylmagyna hem çagyrdylar.
“Turkmen.news” neşiriniň habaryna görä, ştatdan daşary habarçy Halykowyň BSG-niň missiýasynyň agzalarynyň Aşgabatdaky suratlaryny habar serişdelerine iberenden soň, galp aýyplamalar esasynda 2020-nji ýylda dört ýyl azatlykdan mahrum edildi.
Degişli maglumat ÝB Türkmenistany adam hukuklarynyň goragyny gowulandyrmaga çagyrýarTürkmenistanda tussag edilen Ismatullaýewa barada aýdylanda bolsa, ABŞ senatorlarynyň sözlerine görä, lukmanyň işi Ýewropa Parlamentinde ara alnyp maslahatlaşylandan bir gün soň onuň tussag edilmegi we iş kesilmegi, öňe sürülýän korrupsiýa aýyplamalary "dünýäde Türkmenistanyň negatiw keşbini döretdi".
“Bu ýyl Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy, indiki ýyl bolsa Aşgabadyň ABŞ bilen diplomatik gatnaşyklarynyň dikeldilmeginiň 30 ýyllygy bellenilýär. Biziň ýurtlarymyz söwda we Merkezi Aziýanyň howpsuzlygy ýaly umumy bähbitler boýunça hyzmatdaşlygy dowam etdirýärkä, bu meseleleriň çözülmeginiň biziň giň gatnaşyklarymyzy hasam güýçlendirjekdigine ynanýarys" diýlip, hatda bellenilýär.
Mundan ozal ABŞ-nyň senatorlary Türkmenistanyň türmelerinde saklanýan syýasy tussaglaryň ykbaly barada ençeme gezek alada bildiripdiler.
2020-nji ýylyň iýulynda ABŞ-nyň prezidentligine öňki kandidat Mitt Romney bilen birlikde Birleşen Ştatlaryň 12 senatory Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň liderlerine ýüzlenip, syýasy tussaglary, şol sanda Ömruzak Omarkulyýew bilen Gulgeldi Annanyýazowy azatlyga goýbermek barada çagyryş etdiler.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.